Adamlaryň ýaradylşy 1

ADAMLARYŇ ÝARADYLŞY






''Ýadyňdamy Rebbiň meleklere: ''Men ýer ýüzünde bir halyf ýaratjakdyryn'' diýdi. Olar: Biz hamdyň bilen seni senalap, seni tassyk edýärkäk, ýer ýüzünde pisat işler çykarjak, ol ýerde gan dökjek birini ýaratjakmy? diýdiler. Allah olara: Siziň bilmeýänleriňizden men habarlydyryn diýdi'' (Bankara, 30)
Adamlaryň we aýallarynyň ýaradylmagy hemişe çözülmesi kyn mesele bolupdyr. Häzirki döwrümize çenli bu hakda bir penjireden seredeniňde Adamyň we aýalynyň ýönekeý jübütdeşdigi pikir edilýärdi. Bu ýalňyş düşünjäniň iň uly wawwaly sebäbi bolsa häzirki döwürlerde arapçasyndan terjime edilen Kerimi Gurhanyň manylarydyr.

“We iz kale rabbuke lil melaiketi inny jaylun fil arzy halifeh Kalu e tej'alu fihä meý ýufsidu fiha we ýesfikud dima we nahnu nusebbihu bi hamdike we nukaddisu lek kale inny a’lemu ma la ta’ylemun” Bakara s.30.
 
“we iz kale rabbuke”, bu jümläniň aýatdaky manysyny aňlamak üçin Araf süresiniň 172-nji aýatyny ýatladýaryn:

 
“We iz ehaze rabbuke mim beni ademe miň zuhurihim zürriýetehum we eşhedehum ala enfusihim elestu bir rabbikum kalu bela şehidna eň tekulu ýewmel kiýameti innä kunna an haza gafilin” Araf-172
 
Kyýamat gününde biz mundan habarly däldik diýmek ýaly Rebbiň Adam ogullaryndan, olaryň billerinden zürýatlaryny çykardy, olary özlerine şaýat tutdy we diýdi: ''Men siziň Rebbiňiz dälmidirin?'' (Olaram), ''Hawa (muňa) şaýat bolduk''. diýdiler'' Araf -172

''(şaýatlyk gününde) Adamlaryň zürýatlaryna, men siziň rebbiňizdirin diýdim, olar hem hawa (biziň rebbimizsiň) diýdiler, olaryň zürýatlaryny we ruhlaryny kyýamata çenli boljak bütin wakalara şaýat tutdyk'' Araf - 172
 
Allahu tagalanyň Kuranda ''ýatla'' sözüniň syry bu aýatda geçen kyýamata çenli bolmaly wakalara şaýat tutulmagymyzdyr. Şular ýaly şekilde Allatagala bütin adamzada dürli ylymlarda şol bellenen şaýatlyk gününem öwredip geçýär. Adamzat döwür içinde bu şaýatlygy unudanlygy üçin Allatagala pygamberler we kitaplar ugradyp adamlara şol günki şaýatlyklaryny we beren sözlerini ýatladýar.
 Ýaradylyşymyzyň hatyralary genlerimizde bellige alynypdyr. Indi bu ylymyň yşygy bilen Bankara Süresiniň 30-njy aýadyny okalyň:
''We oz kale rabbuke''=Rebbiňiz ýatladýar kiý, ýatla kiý.
''melaiketi'' = melekler
''inny ja(y)lun = şübhesiz ýaratmak
''fil arzy halifeh'' = ýer ýüzünde halyflar.
''fiýhä meý ýefsidu'' = suwuklygyň içinde garyşdyrylan
''fihä we ýesfikud dimä'' = içinde iki garyndy bolana berilen nepes (belkäm - dem) jan.
''Ýesfikud'' sözi, ''fikä'' sözden gelýär, ''fikä'', iki aýry birikdirilen zadyň garyşdyrylmagy manyda gelýär. Bu sözüň aýatdaky syry bolsa adamyň 46 sany hromosomasynyň iki esasy hromosomyny X we Y hromosomalarynyň adamda birleşdirilendigini aýdýar. ''Dimä'' sözi nepes, dem, manydadyr. ''nahnu nusebbihu bi hamdike'' = biz hamdymyz bilen (Adamyň) bedenini giňeltdik. ''nusebbihu'', ''seb'' sözünden gelýär, seb; deri, ham manyda gelýändir.
''we nukaddisu'' = we dürli nesillerde ''lek'' = ýüz müň...
Aýatdaky ýüz müň, köplük symbolydyr, ''Örän köp'' manyda aýdylmalydygy tekrarlanýar.
''kale inny a'lemu mä lä ta-alemun=diýdi kiý, MEN SIZIŇ BILMEÝÄNLERIŇIZI BILÝÄRIN.
Ýokardaky açyk düşündirişlere görä Bankaranyň 30-njy aýatynyň manysy şeýle:
''Ýatla kiý, Rebbiň Meleklere, men dünýälere halyfym hökmünde her bir dürli nesillerde ýüz müň adam ýaradaryn. Siziň bilmeýäniňizi bilýärin''. (Bakara - 30)
Tesfirde, onuň gönümel terjimesine däl-de manysyna göz ýetirmelidir. Manysyny düşündirenimizde Allah bilen Melekler arasynda gürrüňdeşlik, çekişme, bolup geçýär. Aýatlaryň terjime manylalarynyň ýüzde altmyşy düşünşilmez ýaly görünse-de Allatagala ýüz müň adamy, ýagny sanyny özüniň bilýän görnüşinde ýaradandygyny açyk beýan edýär.
Älemde bizden başga milýardlarça planetalarda adam nesilleri ýaşaýar. Hatda Adamlara, Allatagala köpelgiçlik üçin ''hemmäňiz (jemyyan) jennetden iniň (düşüň, gidiň)'' emrini berýär. Bu emr Taha süresiniň 123-nji aýratynda açyk aýdylýar. Bu aýatdaky ''jemi am'' sözi köpel diýmegi aňladýar.
Adamlara we aýallaryna ýüzlenmedir. Bu emr bilen her bir Adam öz aýaly, zürýatlary bilen planetalara ugradylypdyr.

''Kelehbitä minhä jemiam ba'dukum li ba'adin aduww fe umma ýe'tiýennekum minni giden fe menitebea hudaýe fe lä ýezillu we lä ýeşka'' Taha - 123.
''Aýt kiý: Biribiriňize duşman bolan hemmäňiz ol ýerden (jennetden) iniň! Artyk menden size hydaýat geleninde, kim meniň hydaýatyma uýsa ol egri ýola düşmez we betbagt bolmaz''. (Taha -123)
Bu aýatdaky ''biribiriňize duşman hökmünde iniň'' emrindäki ''biribirine duşman'' bolanlar, adamlar we şeýtanlardyr.
 Şeýtan nesli her adamyň inen planetalaryna düşüp ýaýraýarlar. Bu duşmanlyk kyýamata çenli gitmeli diýilýär. Bu hakda:
Iblis: ''Maňa, (ynsanlaryň) täzeden direljek gününe çenli möhlet ber'' diýdi. Alla: ''Saňa möhlet berýärin'' diýdi. Iblis ''Olar ýaly bolsa meni azdyrmaga garşylyk, And içýärin kiý, menem olary (dogry ýoldan) azaşdyrmak üçin seniň dogry ýoluň üstünde oturaryn'' Taha 14.15.16.
 Adamlar hakynda Pygamberimiziň (s.a.w) hadysy şerifi bardyr: ''Allah ýüz müň Adam ýaratdy''
Muhiddin Araby hezretleri ''Käbäni togap edip ýörkä Käbäniň örtügine ýapyşyp aglaýan bir piri görýär we ondan: ''Ýa ýaşuly, sen kimsiň, näme üçin aglaýarsyň'' diýip soranda ol kişi: ''Men Adam'' diýip jogap berýär.
Araby ''Sen öleniňe näçe ýyllar boldy?'' Adam oňa ''40 müň ýyl boldy'' diýýär.
Araby oňa: ''Meň bilýän Adam atamyň ölenine onça wagt geçmedi'' diýýär. Bu ýaşuly bolsa ''Sen haýsy Adam hakda aýdýaň! diýip jogap berýär.
Adam ata we How ene hakdaky kyssalar, nesilleriniň dowamaty üçin biri-birleri bilen nikalaşyp jübütleşendikleri hakyndaky ýapa degmeýän rowaýatlardyr. Howo enäniň aýry-aýry batynlardan dogan perzentleriniň nika gyýylmagy jogap däldir. Ahlak hakda Allatagala bu insest nikalara asla rugsat bermez. Iň sony Allatagal ýüz müňlerçe adam we olara hem taý ýaradypdyr. Adamlar başga planetalardaky adamlaryň çagalary bilen öz çagalaryny nikalapdyrlar. Başga planetalardan nädip gelip-gidendikleri hakdaky jogap bolsa; jennetden nädip mekanlaryna gelen bolsalar şolar ýaly gatnaşyk açypdyrlar.

(dowamy bar)


 
Çeşme:
http://caferiskenderoglu.com.tr/makaleler/15-ademlerin-yaratilisi

Terjime: @Jeksparrodan
1 лайков 44 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
21 фев 2024, 15:26

 

Bir yerde däl birnäçe ýerde Bakara süresiniň adyny Bankara diýipsiň.

Jacksparro
Автор 21 фев 2024, 19:34

  hawa, t9 harplary Bankara diýip ýazga geçmegine sebäp bolupdyr...