Hywa hanlygy we türkmenler

Taryhy edebiýatlary neşire taýýarlamak we çap etmek boýunça ekspert topary netijesine görä Respublikan tälim merkeziniň taryh ylymlary okuw-metodik geňeşi tarapyndan neşire hödürlenen. Awtorlar: Usmon Jo rayev, Qamar Usmonov, Gulira no Jo rayeva, Naim Norqulov Syn ýazanlar: up Ý. Baltabaýew Namangan döwlet uniwersitetiniň Taryh kafedrasynyň uly mugallymy; N. Hakimow Respublikan tälim merkeziniň metodisti; Z. Mirzaýewa Daşkent şäheriniň Üçdepe tümenindäki 295-nji mekdebiň taryh mugallymy; M. Majidowa Daşkent şäheriniň Şaýhantahur tümenindäki 254-nji mekdebiň taryh mugallymy. Temanyň üstünde özbaşdak işlemek. Soraglar we ýumuşlar. Ýatda saklaň. Taryhy seneler :// G ed ŞERTLI BELGILER Adalgalaryň mazmuny. ht tp Æ! Ünsli okaň. Respublikanyň ýörite kitap gaznasynyň serişdeleriniň hasabyndan çap edildi. ISBN 978-9943-22-394-3 U. Joraýew we b. O qituvchi NÇDÖ, 2019

or ta l.u z GIRIŞ Beýik taryhda hiç zat yzsyz gitmeýär. Ol halklaryň ganynda, taryhy hatyrasynda saklanýar. Şawkat Mirziýoýew ht tp :// ed up Eziz okuwçylar! VIII synp Özbegistanyň taryhy dersligi Size Watanymyzyň XVI asyrdan XIX asyryň ortalaryna çenli bolan taryhy barada bilim berýär. Taryhçy alymlar Watanymyzyň taryhynyň bu döwrüne Soňky orta asyrlar ýa-da Üç hanlyklar döwri diýip at beripdirler. Bu döwür taryhymyzyň iň çylşyrymly, gapma-garşylyklara doly döwrüdir. Çünki bir wagtlar dünýäde meşhur bolan, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran Temuriler döwleti XVI asyryň başlarynda doly ýykylypdy. Siz munuň sebäplerini VII synp Özbegistanyň taryhy dersliginden bilýärsiňiz. VIII synpda olary ýene bir ýatladyp geçýäris. Temuriler dinastiýasy hökümdarlygy ýatyrylandan soň, ýurdumyzda şeýbanylar dinastiýasynyň hökümdarlygy ornaşdyryldy. Bu dinastiýa önümçiligiň, ylym-bilimiň we medeniýetiň ösüşinde temuriler döwrün de gazanylan uly üstünlikleri saklap galyp bilmediler. Şeýbanylar hökümdarlygy döwründe ýokary hökümdar han döwletiň çäklerini dinastiýanyň maşgala agzalaryna ýurt (udel) edip bölüp berdi. Bu bolsa ahyrky netijede merkezi häkimiýetiň gowşamagyna, ýurt häkim l eriniň häkimiýetiniň güýçlenmegine, syýasy dagynyklygyň höküm sürmegine getirdi. Netijede, XVIII asyryň başlarynda Buhara hanlygy ikä bölünip gidýär. Hanlyklarda bolup geçen güýçli syýasy dagynyklyk we merkezi häkimiýetiň örän gowşamagy ahyrky netijede ilki şeýbanylar, soň aştarhanylar, Hywa hanlygynda bolsa arapşahylar dinastiýasynyň hökümdarlygynyň ýatyrylmagyna getirdi. Olaryň ýerine urug-taýpa (Buhara hanlygynda özbek l eriň mangytlar taýpasy, Hywa hanlygynda goňratlar taýpasy we Kokant hanlygynda müňler urugy) dinastiýalarynyň hökümdarlygy emele geldi. 3

Bu hadysa bir tarapdan urug-taýpa dinastiýalaryna merkezden gaçýan ýerli hökümdarlaryň garşylygyny syndyryp merkezi häkimiýeti güýçlendirmäge mümkinçilik berdi. Ikinji tarapdan bolsa bir halkyň üç döwlete bölünip ýaşamagyna getirdi. Ýagny bu üç öz bek döwletiniň ilatynyň uly bölegini düzýän özbekler öz leriniň ýeke-täk özbek halkyna degişlidigini doly duýup bilmedi. Ýöne ýokarda aýdylan pikirlerden XVI XIX asyryň birinji ýarymyna çenli bolan döwri öz içine alýan 350 ýyllyk taryhymyz diňe tümlükden ybarat bolan eken, diýen netije çykarmaly däldiris. Sebäbi, özbek döwletleriniň ösüşde yzda galmagynyň sebäplerini diňe hökümdarlar ýöreden syýasatdan gözlemek adalatsyzlyk bolar. Çünki bu döwürde diňe bir Orta Aziýa däl, eýsem bütin yslam älemi gowşama döwrüni başdan geçirýärdi. Siz derslikden bularyň sebäplerini bilersiňiz. Şeýle kynçylyklara seretmezden, ata-babalarymyz Ýewraziýa kerwen söwdasyny ösdüripdirler. Şol bir wagtda, dünýä köpçüligini haýran galdyrýan derejede binagärlik ýadygärliklerini gurupdyrlar. Eliňizdäki derslik Sizi ýokarda aýdylan pikirleriň sebäpleri bilen tanyşdyrýar we Size XVI XIX asyryň birinji ýarymynda geçen taryhymyzy pugta öwrenmäge kömek eder. Derslikden peýdalanan mahalyňyzda her bir temany öwrenende size kömek edýän belgilere üns beriň. Olar size taryhy bi limleri pugta öwrenmäge kömekçi bolar. 4

I BAP. XV ASYRYŇ AHYRY XVI ASYRYŇ BAŞLARYNDA MAWERANNAHRDAKY WE HORASANDAKY SYÝASY ÝAGDAÝ or ta l.u z 1-. Deşti Gypjakdaky syýasy ýagdaý XI asyrdan başlap arap we pars çeşmelerinde Deşti Gypjak diýlip atlandyrylýan geo gra f ik çäk agzalýar. Bu adalga Syrderýanyň ýokary akymy we Týanşanyň günbatar eteginden Dnepr derýasynyň aşaky akymyna çenli uzap gidýän sähralara görä ulanylypdyr. Ural (Ýaýyk) derýasy Deşti Gypjagy gündogar we günbatar böleklere bölüp durupdyr. Deşti Gypjak barada up G Bu çäkler rus çeşmelerinde Polowesler ýeri ady bilen agzalýar. Çünki ruslar Deşti Gypjagyň ilatyna polowesler diýipdirler. Wizantiýa çeşmelerinde olar kumanlar, gündogar çeşmelerinde bolsa gypjaklar atlary bilen aýdylan. ht tp :// ed Deşti Gypjagyň gündogar böleginiň ilatyna özbekler diýipdirler. ( Özbek adalgasynyň manysyny siz VII synp Özbegistanyň taryhy dersliginden bilýärsiňiz.) 1240-njy ýylda Çingiz hanyň agtygy, Juçy hanyň (Çingiz hanyň uly ogly) ogly Batu han Altyn Orda hanlygyny esaslandyrypdyr. Bu döwlet Juçy ulusy diýip hem atlandyrylypdyr. Ol Horezm, Demirgazyk Kawkaz, Wolga bolgarlarynyň ýurdy, Deşti Gypjak, Krym we Günbatar Sibir çäklerini öz içine alypdyr. Rus bolsa oňa olpan töläp durupdyr. Altyn Orda Juçy hanyň ogullarynyň arasynda uluslara bölünmegi netijesinde, Deşti Gypjagyň gündogar bölegi Juçy hanyň bäşinji ogly Şeýbana ýetdi. Wagtlar geçmegi bilen özara içki dawalar Gündogar Deşti Gypjakda netijesinde Şeýban ulusynda merkezi özbek döwletiniň häkimiýet barha gowşapdyr. Ahyrky döremegi netijede ulus maý d a-maýda böleklere bölünip gidipdir. Şol bir wagtda, tagt üçin özara göreş güýçlenýär. Bu göreş, aýratynam, ulusyň Şeýban neslinden bolan hökümdary Döwletşaýh 1425-nji ýylda aradan çykansoň ýene-de öwjüne galýar. Ynha şeýle agyr ýagdaýda Döwletşaýhyň ogly Abulhaýr han syýasat 5

meýdanyna çykýar. Abulhaýrhan ýaş bolmagyna seretmezden güýçli serkerdelik ukybyna eýedi. Tagt üçin göreşde ony ulusdaky hemişelik dawalardan ezýet çekýän başga özbek taýpalary hem-de ruhanylar goldaýarlar. Netijede, Abulhaýrhan 1428-nji ýylda Özbek ulusy diýlip atlandyrylan göçme döwleti esaslandyrýar. Günorta-Günbatar Sibirdäki Tura şäheri bu döwletiň paýtagty diýlip yglan edildi. 1431- nji ýylda bolsa öz döwletini Altyn Ordadan özbaşdak diýip yglan etdi. 1446-njy ýylda bolsa Syrderýanyň orta akymynda ýerleşýän Sygnak, Akkorgan, Arkuk, Öz gen we Suzak şäherlerini basyp aldy. Döwlet paýtagtyny bolsa Sygnaga göçürdi. Bu indi Abulhaýrhanyň temurilere garşy göreşe girişendigini aňladýardy. Temurileriň arasynda Samarkandyň tagty üçin göreş güýjän bir wagtda Abulhaýrhan ýagdaýdan peýdalanmaga çalyşýar. Ol 1451-nji ýylda özünden medet soran temurizada Abu Said Mürzä Samarkandyň tagtyny eýelemekde kömek etmek bahanasynda ýörişe başlaýar. Abulhaýrhan eden kömegi üçin uly-uly sowgatlar bilen öz ýurduna gaýdýar. Minnetdarçylyk hökmünde Abu Said Mürze Ulugbegiň gyzy Robiýa Sultanbegimi Abulhaýrhana nikalap berýär. 1468-nji ýylda Abulhaýrhan aradan çykansoň, ol düzen döwlet dargap gidýär. Onuň duşmanlary tarapyndan Abulhaýrhanyň garyndaşlary we tarapdarlary gyryp taşlanýar. Diňe agtyklary againi Muhammet Şeýbany we Mahmyt Soltan, ogullary Köçkunçihan we Suýunç hojahan ýaly gaty az adam aman galýar. Muhammet Şeýbany we onuň inisi Mahmyt Muhammet Şeýbany Soltanlar Abulhaýrhanyň ogly Şahbudag syýasy göreş Soltanyň ogullarydy. Muhammet Şeýbany meýdanynda 1451-nji ýylda doglan. Atasy ýaş aradan çykýar. Şonuň üçin hem babasy Abulhaýrhan olaryň terbiýesine aýratyn üns bilen garaýar. Uýgur kowmundan bolan, Şahbudag Soltana atalyk eden emir Baýşaýhy bu iki şazadalara hem atalyk edip belleýär. Şazadalar öz döwrüniň ýetik şahslary bolup ýetişýärler. Şeýbany we inisi gaçaklyk döwründe Türküstandan başpena tapýarlar. Soňluk bilen olar Buhara gelýärler. Şeýbany Buhara medreselerinde bilim alýar. Zehinli şahyr hökmünde tanalýar. Şeýbany Buharada bilim almakdan daşary abraýly döwlet we dini işgärler bilen ýakynlaşýar. Onuň göwnünde babasy Abulhaýrhanyň döwletini dikeltmek arzuwy joş urup başlaýar we Deşti Gypjaga ugraýar. Bu döwürde Deşti Gypjakda tagt üçin aýawsyz göreş 6

Şeýbany babasy Abulhaýrhan aradan çykandan soň dargap giden taýpalary birleşdirýär we aýawsyz göreşleri netijesinde XV asyryň 80-nji ýyllarynda babasy guran Özbek ulusy döwletini gaýtadan dikeltmegi başarýar hem-de hanlygyň tagtyna oturýar. up G or ta l.u z dowam edýärdi. Ilatyň dürli gatlaklary ulusda parahatçylyk ornaşdyrylmagyny isleýärdi. Bu faktor gowy harby tälim alan, pugta düzgünnyzamly hakyna tutma goşun düzmegi başarýan Şeýbana gaty makul bolýar. Ýöne goşuny saklamak uly harajat talap edýärdi. Şonuň üçin tölegiň hasabyna Mawerannahr we Horasan temurizadalaryna hem-de Mongol hökümdarlaryna içki bäsdeşlere garşy göreşde harby kömek edip başlaýar. Bu harby ýörişlerde Şeýbany özüniň ökde leşgerbaşylyk ukybyny görkezýär. Dürli temuri hökümdarlara Şeýbany han gulluk etmek Şeýbana Temuriler döwletindäki ýagdaýy ýene-de gowy bilip almaga mümkinçilik berdi. 1428-nji ýyl Gündogar Deşti Gypjakda Özbek ulusy döwleti döredi. 1451-nji ýyl Muhammet Şeýbany han doguldy. 1468-nji ýyl Özbek ulusy döwleti dargady. 1480-nji ýyl Muhammet Şeýbany han babasy buný ad eden Özbek ulusy döwletini qayta dikledi. :// ed Wagt geçip, Şeýbany han Syrderýanyň boýlaryndaky galalaryny hem eýeleýär. Bu galalar geljekde oňa Mawerannahry basyp almak üçin daýanç wezipesini ýerine ýetirýär. ht tp 1. Deşti Gypjak diýlende haýsy geografik çäk düşünilýär? 2. Abulhaýrhan haçan, nirede we nähili döwlete esaslandyrdy? 3. Abulhaýrhanyň temuri hökümdarlar bilen syýasy aragatnaşygy barada nämeleri bildiňiz? 4. Nähili faktorlar Muhammet Şeýbana Temuriler döwletindäki içki ýagdaýy gowy bilmäge mümkinçilik berdi? Pikir ýörediň! Näme üçin Çingiz hanyň nesilleri bara-bara türkileşipdir? 7

8 2-. Mawerannahrdaky we Horasandaky syýasy ýagdaý Size VII synp Özbegistanyň taryhy Mawerannahrda temuriler ders liginden mälim bolşy ýaly, Emir arasyndaky özara göreş Temur aradan çykandan soň tagt üçin alnyp barylan göreşlerde ahyrky netijede onuň körpe ogly Şahruh Mürze ýenip çykdi. Şahruh Mürze döwründe Temuriler soltanlygy amalda iki özbaşdak döwlete bölüp dolandyrylýar. Olaryň biri Horasan (paýtagty Hyrat), ikinjisi bolsa Mawerannahr (paýtagty Samarkant) döwletleridi. Horasanda Şahruh Mürze, Mawerannahrda bolsa ogly Mürze Ulugbek hökümdarlyk edýär. Mürze Ulugbek aradan çykandan soň Mawerannahrda tagt üçin özara göreş güýçlenýär. Bu göreşde ahyrky netijede 1451-nji ýylda Miranşahning agtygy Soltan Abu Said Mürze Abulhaýrhan kömeginde ýeňiş gazanýar. 1458-nji ýylda Horasan hökümdary Abulkasym Babur aradan çykansoň Horasany hem eýeleýär. 1469-njy ýylda Abu Said Mürze öň temuriler garamagynda bolan Eýranyň günbatar bölegini eýeläp alan ak goýunlylara garşy göreşde heläk bolýar. Bu heläkçilikden soň Mawerannahr onuň ogullary hökümdar bolan amalda üç özbaşdak döwlete bölünip gidýär. Meselem, Samarkantda Soltan Ahmet, Ferganada Omarşeýh Mürze, Gissarda, Huttalonda we Badahşanda Soltan Mahmyt Mürze hökümdarlyk edýärler. Şeýle bolsa-da, Soltan Ahmet resmi taýdan Mawerannahryň hökümdary hasaplanýardy. Onuň döwründe ilat parahat we asuda ýaşaýar. Ol aradan çykandan soň Mawerannahryň tagtyny inisi Soltan Mahmyt Mürze, 1495-nji ýylda bolsa ogly Baýsungur Mürze eýeleýär. Tiz arada Mawerannahryň tagty üçin göreşe Fergananyň häkimi Babur Mürze hem goşulýar. Ol 1497-nji ýylda Baýsungury gala gizlenmäge mej bur edýär. Bu wagtda şäheriň içinde azyk ýetmezçiligi emele gelenligi sebäpli Baýsunguryň esgerleriniň arasynda dagynyklyk bolýar. Gabawdan çykmaga gözi ýetmedik Baýsungur Türküstanda (Ýasside) duran Şeýbany handan kömek soraýar. Şeýbany han amatly pursatdan peýdalanyp, tiz arada Samarkanda gelip, Babury howsala salýar. Munuň üstesine Baburyň esgerleri sowuk sebäpli daş töwerekdäki obalara dargap gidipdi. Az sanly esger bilen Şeýbany hana ýüzbe-ýüz gelek howplydy. Ýöne mundan başga ýol hem ýokdy.

Babur bar esgeri bilen duşmana garşy çykmaga mejbur bolýar. Ýöne garaşylmanda Şeýbany han şäheriň içersine tarap ýöreýär, ýöne Baýsungur ony şähere girizmeýär. Çünki Baýsungur ony şäheriň daşarsynda bolýan söweşde ýaran bolmagy teklip edipdi. Mundan öýkelän Şeýbany han Türküstana gaýdyp gidýär. Samarkant gabawy 7 aýdan gowrak dowam edýär. Şeýbany handan kömek alyp bilmän Baýsungur gaçyp gitmäge mejbur bolýar. Babur bolsa Samarkandyň tagtyny eýeleýär. Ol babasy Emir Temuryň tagtynyň eýesi diýlip yglan edilýär. Ýöne eýelik uzaga çekmeýär. Muňa Baburyň duşmanlary Fergananyň tagtyna inisi Ja hangiri oturtmak üçin turzan pitne sebäp bolýar. Emele gelen harby-syýasy kyn ýagdaýa düşünen Babur nähili bolsa-da Ferganada häkimiýetini saklap galmagy karar edýär we Samarkanda öz beklerinden birini goýup Andijana gaýtmaga mejbur bolýar. Baburyň ýoklugyndan Baýsunguryň inisi Soltanaly Mürze peýdalanýar we 1498-nji ýylda Mawerannahryň tagtyny eýeleýär. 1500-nji ýylda aga-ini Babur we Jahangir Mürzeleriň arasynda ýaraşyk baglaşylýar. Oňa görä, Syrderýanyň demirgazyk tarapy Ahsi şäheri bilen Jahangirde we derýanyň günorta tarapy Andijan şäheri bilen Baburda galýar. Horasandaky Emir Temuryň dördünji ogly, Horasanyň hökümdary syýasy ýagdaý Şahruh Mürze 1447-nji ýyli aradan çykansoň, tagt üçin göreş öwjüne galýar. Netijede, Horasan döwleti on bir bölege bölünip gidýär. Olaryň her biri amalda özbaşdak döwletlerdi. We ahyrynda, 1458-nji ýylda Emir Temuryň üçünji ogly Miranşahyň agtygy Soltan Abu Said Mürze temuriler döwletini birneme birledirmegi başarýar. 1469-njy ýylda Abu Said Mürze heläk bolansoň, Emir Temuryň ikinji ogly Omarşeýhiň agtygy Soltan Hüseýin Baýkara Horasanyň tagtyny eýeleýär. 40 ýyla golaý hökümdarlyk eden Soltan Hüseýin Baýkara döwründe hem ýurtda doly asudalyk bolmady. Şeýle bolsa-da, Horasan döwletiniň hojalyk we medeni durmuşy ep-esli ýokarlanýar. Ýurduň abadançylygy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Mawerannahra garanda syýasy durnuklylyk üpjün edilýär. Munda Hüseýin Baýkaranyň hökümdarlyk ukyby möhüm orun tutýar. Wezir Alyşir Nowaýynyň hyzmatlary-da biçak uly bolýar. Ýöne Hüseýin Baýkara bilen ogly Badiuzzamanyň arasyndaky gatnaşyklarda ýitilik emele gelýär. Bu ýagdaý ata we ogulyň arasyna dawa döredýän gara güýçleriň Badiuzzamanyň 11 ýaşly günäsiz ogly, kämil agtyk, Alyşir Nowaýy çuňňur ynanan 9

Mömin Mürzäniň öldürilenden soň has-da güýçlenýär. Gara güýçleriň maksady tagta Baýsungury däl, onuň öweý inisi Muzaffar Huseýini oturtmakdy. Badiuzzaman akylly we işewür, harby ukyby ýokary, ada latly şazadady. Ol öz köşgünde alymlary, şahyrlary, ulamalary, sung at işgärlerini ýygyp maslahatlar geçirýärdi. Özi hem gözel gazallary ýazýardy. Beýik Alyşir Nowaýy onuň bu sypatlaryna örän ýokary baha beripdir. Atasy Soltan Hüseýin Baýkaranyň Muzaffar Hüseýin Mürzä nä hak tarapyny çalmagy, ogly Mömin Mürzäniň öldürilmegi ahyrky netijede Badiuzzaman bilen atasynyň arasynda uruş getirip çykarýar. Uruşda Ba diuzzaman ýeňilýär. Özara gyrgynçylykly uruşlar ahyrky netijede ýaraşyk baglaşmak bilen tamamlanýar. 1506-njy ýylda Soltan Hüseýin Baýkara aradan çykýar. Şondan soň ýurtda ikihäkimiýetlilik emele gelýär. Badiuzzaman we Muzaffar Hüseýinler bir wagtda hökümdar diýlip yglan edilýär. Bu bolsa şonsuz hem agyr günleri geçirýän Horasan döwletini dagynyklyga getirýär. Temuriler soltanlygynda başlanan tagt üçin aýawsyz göreş netijesinde soltanlyk krizise duçar bolýar. Netijede, köpden bäri Temuriler soltanlygynyň çäklerini eýelemegi özüne maksat edinen Muhammet Şeýbany hanyň Mawerannahry we Horasany eýelemegi üçin amatly şert emele gelýär. 1447-nji ýyl Şahruh Mürze aradan çykdy. 1458-nji ýyl Soltan Abu Said Mürze wagtlaýyn bolsa-da Temuriler soltanlygyny birleşdirdi. 1506-njy ýyl Hüseýin Baýkara aradan çykdy. Horasanda ikihäkimiýetlilik emele gelýär. 1. Mawerannahrda temuriler hökümdarlygynyň krizise duçar bolmagyna nämeler sebäp boldy? 2. Babur Mürzäniň syýasy göreş meýdanyna çykmagy barada nämeleri bildiňiz? 3. Horasanda temuriler hökümdarlygynyň gowşamagyna nämeler sebäp boldy? Mawerannahrdaky we Horasandaky syýasy ýagdaýy deňeşdiriň. Özara meňzeş we özboluşly taraplary anyklaň hem-de olary ýazuw üsti bilen bellik ediň. 10

3-. Zahiriddin Muhammet Babur bilen Muhammet Şeýbany hanyň gatnaşyklary Öňki temada nygtalyşy ýaly, XVI asyryň Baburyň syýasat bosagasynda Temuriler döwletiniň tagty üçin meýdanyna çykmagy göreş meýdanyna Zahiriddin Muhammet Babur Mürze hem çykýar. Babur Mürze Soltan Abu Said Mürzäniň agtygydy. Ol 1483-nji ýylyň 14-nji fewralynda Andijan şäherinde dogulýar. Çagalyk we ýaş lyk ýyllary Andijan we Ahsi şäherlerinde geçýär. Atasy Omarşeýh Mürzäniň (1455 1494) köşgünde öz döwrüne laýyk ähli ze rur bilimleri eýeleýär. Abu Said Mürze ogly Omarşeýh Mürzäni öz hökümdarlygy döwründe, ilki Kabul welaýatyna, soň Fergana we laýatyna häkim edip belleýär. Soňluk bilen agasy Soltan Ahmet hökümdarlygy döwründe Daşkent we Saýram hem Omarşeýh Mürzä berilýär. Ýöne özara içki göreşler netijesinde Omarşeýh Mürze gol astynda diňe Fergana, Hojant we Oradepe galýar. Omarşeýh Mürze 1494-nji ýylda bagtsyz hadysa sebäpli heläk bolansoň, häkimiýet 12 ýaşly ogly Babur Mürzäniň eline geçýär. G Babur ýaş bolanlygy üçin döwlet işlerini ynamly beklerden Hajykazy we sowatly, akylly enesi Kutlug Nigarhanymyň kömeginde dolandyrýardy. Babur Mürzäniň syýasy göreş meýdanyna çykmagy Temuriler soltanlygynda harby-syýasy ýagdaýyň gaty agyrlaşan şertine gabat gelýär. Ol hem ähli tagt dawagärlerine mahsus aýratynlyklardan azat däldi. Onuň arzuwy beýik babasy Emir Temur soltanlygynyň paýtagty bolan Samarkant tagtyny eýelemekdi. Şeýbany hanyň esasy maksady Temuriler Muhammet Şeýbany soltanlygyna bütinleý ýok etmekdi. Babur hanyň Mawerannahr Mürze bilen onuň arasyndaky gatnaşyk üçin göreşe goşulmagy Şeýbany hanyň ine şu niýetini aç-açan görkezýär. Enesiniň gepi bilen çemeleşen Mawerannahryň hökümdary Soltan Ali Mürzäniň ätiýaçsyzlygy sebäpli Şeýbany han 1500-nji ýylda Samarkandy söweşsiz eýeleýär. Mundan habar tapan Babur Mürze gaýga batýar. Bu gezek hem arada hyýanat bardygy ony gynandyrýardy. Şeýbany han Samarkandy eýelänsoň, Soltan Ali Mürzäni öldürdýär. 11

Mawerannahryň abraýly döwlet işgärleri şeýhulyslam Abulma korimiň baştutanlygynda Babur Mürzäni Samarkant tagtyny eýelemäge çagyrýarlar. Dinastiýasynyň bähbidine wepaly bolan Babur Mürze 1500-nji ýylyň güýzünde Samarkanda ýöriş başladi we tagty ikinji marta eýeleýär. Şol wagt Şeýbany han Samarkantdan daşarda Konigilde (şäherden daşardaky hökümdarlar dynç alýan ýer) ýaşaýardy. Şeýbany han bu wakany eşidensoň, bo ljak aýgytlaýjy söweşe taýýarlanýar. Zahiriddin Muhammet Babur Mürze bu gezekki urşuň aýgytlaýjy Babur uruşdygyny bilip Andijan, Daşkent, Gissar, Hyrat we başga ýerlere kömek etmeklerini sorap ilçileri iberýär. Ýöne agasy Horasanyň hökümdary Soltan Hüseýin Baýkara we Kaşgardaky daýysy Soltan Mahmyt handan kömek güýji gelmedi. 1501-nji ýylda alty aýlyk gabawdan soň Şeýbany han Babur Mürzä ýaraşyk baglaşmagy teklip edýär. Babur Mürze hiç ýerden kömek alyp bilmänsoň, bialaç, şaraşyga razy bolýar. Ýaraşygyň şertleri Babur Mürze üçin gaty kemsidiji bolsa-da, oňa razy bolmazlykdan başga çäresi ýokdy. Agyr we naçar ýagdaýa düşen Babur Mürze Samarkandy terk edip, köp maşakgatlary başdan geçirip, özge ýurtlara gitmäge mejbur bolýar. Babur Mürzäniň gyzy Gülbadanbegim (1523 1603-nji ýyllarda ýaşan) özüniň Humaýunnama eserinde bu hakda aşakdakylary ýazypdy: Hudaýa töwekgel edip Badahşanata we Kabula ýüzlendiler. 1504-nji ýylda Kabul welaýatynda (Kabul häzirki Owganystan döwletiniň paýtagty) öz häkimiýetini ornaşdyrýar. Bu ýerde özbaşdak döwlet gurmaga ymykly girişýär. Berk düzgüne boýun egýän goşun düzýär. Gurluşyk, abadançylyk işlerine uly üns berýär. Köp baglary döredýär. Olaryň içinde Bagy Babur aýratynam meşhurdyr. Kabuldaky Bolo Gissar galasyny özüniň karargähine öwürýär. Şeýbanylaryň barha güýjeýän ýörişine garşy bilelikde çäre görmek maksadynda Soltan Hüseýin Baýkara ähli temuri hökümdarlar ýaly Babur Mürzäni hem maslahat ýygnagyna çagyranlygy, onuň ýokary 12

abraýa eýe bolandygyny tassyklaýar. Babur Mürze şu teklibe görä Hyrada atlanýar. Ýöne Hüseýin Baýkaranyň 1506-njy ýylda tötänden aradan çykmagy ýagdaýy agyrlaşdyrýar. Özara dawa laryň güýçlüdigi sebäpli temurizadalar duşmana garşy ýaranlyk düzüp bilmeýärler. Bu bolsa ahyrky netijede Temuriler soltanlygynyň bütünleý ýok edilmegine getirdi. Babur Mürze taryhymyzda beýik şahyr, Mawerannahry şeýbanylar basybalyşyndan saklap galmak ugrunda durnuklylyk bilen göreşen hökümdar we serkerde hökmünde at galdyrdy. 1494-nji ýyl Babur Mürze Andijan tagtyna oturdyldy. 1500-nji ýyl Şeýbany han Samarkandy eýeleýär. 1501-nji ýyl Babur Mürze Şeýbany handan ýeňildi. 1504-nji ýyl Babur Mürze Kabulda öz häkimiýetini ornaşdyrdy. 1. Babur Mürze nähili şertde syýasat meýdanyna girip geldi? 2. Näme üçin Muhammet Şeýbany han ýeňiş gazandy? Pikir ýörediň! Temuriler döwletiniň ýykylmazlygy mümkinmidi? 4-. Mawerannahrda we Horasanda şeýbanylar hökümdarlygynyň ornaşdyrylmagy Deşti Gypjakdaky özbek taýpalarynyň ýolbaşçylary Şeýbany han Abulhaýrhan aradan çykandan soň başlanan häkimiýetiniň güýçlenmegi özara gyrgynlaryň ýene gaýtalanmagyny umuman islemeýärdiler. Olarda Muhammet Şeýbany hanyň gyrgyna ýol bermezligine ynam peýda bolýar. Mundan daşary, Deşti Gypjakdaky özbek taýpalary köpden bäri doly oturymly ýagdaýda ýaşamagy umyt edýärdiler. Bu umydyň hasyl bolmagy özgeleriň hasyldar ýerleriniň hasabyna amala aşmagy mümkindi. Özbek taýpalarynyň serdarlary Muhammet Şeýbany hany öz umytlaryny amala aşyrmagy başarýan ýeke-täk şahs diýip hasaplaýardylar. Şu sebäpli-de olar we ruhanylar Muhammet Şeýbany hany goldaýarlar. 13

Olar ýerleri hasyldar, hünärmentçiligi ösen ülkelerde, birinji nobatda, Mawerannahrda Muhammet Şeýbany han häkimiýetiniň ornaşdyrylmagy oturymly ýaşaýşa geçmäge mümkinçilik berýändigini hem gowy bilipdirler. Bu faktorlar Muhammet Şeýbany han häkimiýetiniň güýçlenmegine kömek edýär. Muhammet Şeýbany hanyň Mawerannahrdaky içki syýasy ýagdaýy gowy bilýänligi-de onuň abraýyny has-da artdyrýar. Şol bir wagtda, Mawerannahryň ilaty temurizadalaryň tagt üçin özara göreşlerinden ýadapdy hem. Mawerannahryň aristokratlary we hatda ýönekeý ilatyň mälim bölegi hem Muhammet Şeýbany hanyň tymsalynda Mawerannahrda parahatçylyk ornaşdyrmagy başarýan ýeke-täk şahsy görýärler. Şeýlelikde, Muhammet Şeýbany hanyň Temuriler soltanlygynyň çäkleride-de öz häkimiýetini ornaşdyrmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şol bir wagtda, Russiýanyň gündogara tarap barha giňelmegi-de Şeýbany hanyň Mawerannahra ýörişini çaltlandyrýar. Şeýbany han Temuriler soltanlygyny bütinleý Mawerannahrda Şeýbany hanyň ýok etmek maksadynda başlan harby ýörişi hökümdarlygynyň wagtynda bäsdeşlerini aljyradan söweş usuly ornaşdyrylmagy tolgamany ulanýar. Ol Samarkandy ilki 1500-nji ýylda gysga möhlete bolsa-da eýeledi we täze özbek döwleti şeýbanylar döwletini esaslandyrdy. 1501- nji ýylda bolsa Samarkandy üzül-kesil boýun egdirýär. Indi bütin Mawerannahry eýelemäge girişýär. 1503-nji ýylda Daşkent we Şahruhiya şäherleri eýelenýär. Şeýbany han Ulugbek Mürzäniň Abulhaýrhana durmuşa çykan gyzy Robiýa Soltanbegimiň ogullary bolan agalary Köçkunçi Soltany Türküstana we onuň inisi Suýunçhoja Soltany Daşkende, özüniň inisi Mahmyt Soltan Buhara welaýatlaryna häkim edip belleýär. 1504-nji ýylda bolsa Fergana eýelenýär. Şeýbany hanyň harby ýörişlerinde iň işeňňir gatnaşan agasynyň ogly Janibek Soltana Ahsini we Andijany sowgat edýär. Janibek Soltan Abulhaýrhanyň başga bir ogly Hoja Mahmyt Soltanyň ogludy. 14

Şeýdip, bütin Mawerannahrda şeýbanylar dinastiýasynyň hökümdarlygy ornaşdyrylýar. Samarkant şäheri bolsa paýtagt edip bellenýär. Horezmiň we Mawerannahrda pugta ornaşan Şeýbany han Horasanyň 1505-nji ýylda Horezme ýöriş edýär we eýelenmegi ony hem eýeleýär. 1505-nji ýylyň güýzünde bolsa Horasana ýörişe başlaýar. Soňky ýyl larda özara içki dawalar netijesinde krizise duçar bolan temurileriň Horasan döwletini eýelemek Şeýbany han üçin kyn bolmady. 1506- njy ýylda Balh, 1507-nji ýylda bolsa Hyrat eýelenýär. Şundan soň Hyrat özüniň ykdysady, syýasy we medeni merkez hökmündäki abraýyny ýitirýär. Horasanyň hem boýun egdirilmegi bilen amalda Şeýbany han bü tin sebiti ýeke-täk bir merkez Samarkandyň gol astynda birleşdirmegi başardy we temurizadalar amala aşyryp bilmedik işi ýerine ýetirýär. Bu onuň döwletliligimiziň öňündäki hyzmatydyr. Şeýdip, Mawerannahry, Horezmi we Horasany öz içine alýan çäkde Şeýbany hanyň hökümdarlygy ornaşdyryldy we şeýbanylar dinastiýasynyň hökümdarlygy döwri başlanýar. Siz VII synpdan bilşiňiz ýaly, Mawerannahrda Etnik proses we Horezmde özbek halky IX XII asyrlarda şekillenipdir. Dogry, bu çäklerde ýaşan ata-babalarymyz XVI asyra çenli özbekler diýip atlandyrylmandyrlar. Gadym-gadymdan taryhy türki etnik toparlar diňe bir biziň ene topragymyzda däl, eýsem başga ülkelerde, şol sanda, Deşti Gypjakda hem uzak ýyllaryň dowamynda ýaşap geldiler. Deşti Gypjagy XIII asyryň başlarynda zabt eden mongollar bara-bara bu ülkede ýaşaýan türki taýpalaryň düzümine siňip gidýärler we öz milliligini ýitiripdirler. Şeýbanylar ýurdumyzy eýelänsoň bolsa Deşti Gypjakda ýaşaýan dürli özbek taýpalary Mawerannahra we Horezme göçüp gidip başlaýarlar. Bu hadysa Watanymyzyň çägindäki etnik prosese täsir etmän galmady. Ilki bilen, XVI asyrdan başlap ýurdumyzda özbek halkynyň düzümi barha giňelýär. Ikinjiden, göçüp gelen dürli özbek taýpalary ykdysady we medeni ösüş taýdan özlerinden üstün bolan ýerli doganlary bilen ýakynlaşýarlar. Üçünjiden, olar ýerli ilatyň durmuş ýörelgelerine mahsus bolan hemme gowy taraplary kabul edýärler. Bara-bara bolsa Mawerannahrda we Horezmde öňden ýaşap gelýän doganlarynyň düzümine siňip gidipdirler. 15

Özbek ady Özbegistanyň taryhynyň XVI asyrdan soňky ösüş basgançaklarynda ýerli ilatyň ruhuna siňipdir. Özbek adalgasy tutuş bir halkyň etnik adyna we milli buýsanjyna öwrülýär. Eýran şasy Ysmaýyl Bu wagtda Eýranda şa Ysmaýyl Sefewi Sefewi bilen ganly hökümdarlyk edýärdi. Ol öz döwri üçin uly çaknyşyk we güýçli goşun düzmegi başarýar. Ysmaýyl Sefewi düzen soltanlyk taryhda Sefewiler döwleti ady bilen meşhur. Şa Ysmaýyl döwleti uly çäkleri öz içine alýardy. Bu döwletiň bir serhedi Horasan bilen, ikinji serhedi bolsa Osmanly döwleti bilen utgaşýardy. Şa Ysmaýyl baştutanlygyndaky Eýran Sefewileriniň Horasana täsiri barha güýçlenip, talaňçylyk hereketleri öwjüne galýar. Indi bu iki hökümdaryň arasynda uruş boljagy gutulgysyzdy. Ahyrynda, 1510-njy ýylda iki hökümdaryň goşuny çaknyşýar. Merwiň (häzirki Türkmenistanyň çägi) golaýynda bolan söweşde Eýran goşuny ýeňiş gazanýar. Şeýbany han we onuň yzdaşlary söweşde heläk bolýar. Bu ýeňiş netijesinde şa Ysmaýyl bütin Horasany eýeleýär. Æ Tolgama söweş çagynda duşmanyň goşunyny ganatlaryndan aýlanyp geçip, gurşap alyp zarba bermek usuly. 1500-nji ýyl Mawerannahrda täze özbek döwleti şeýbanylar döwleti esas solyndy. 1503-nji ýyl Daşkent eýelendi. 1504-nji ýyl Fergana eýelendi. 1505-nji ýyl Horezm eýelendi. 1507-nji ýyl Hyrat eýelendi. 1. Şeýbany hanyň häkimiýetiniň güýçlenmegine sebäp bolan faktorlar nämelerden ybaratdy? 2. Şeýbany hanyň Mawerannahry we Horasany beýlekilerden aňsat eýelemegine nämeler esasy sebäp boldy? 3. Şa Ysmaýylyň ýeňşiniň netijeleri barada nämeleri bildiňiz? 4. Ýurdumyza Deşti Gypjakdan dürli özbek taýpalary göçüp gelensoň, etnik proses nähili geçdi? 16

II BAP. BUHARA HANLYGY WE BUHARA EMIRLIGI or ta l.u z 5-. Buhara hanlygynyň döremegi Şeýbany han heläk bolansoň, onuň ornuna aga Köçkinçi hanyň sy Köçkinçi han tagta geçýär. Ýöne 1511-nji we Ubaýdulla hanyň ýylda Babur Mürze Samarkandy üçünji gezek hökümdarlygy ht tp :// ed up eýelände şeýbanylar wagtlaýyn häkimiýetden mahrum bolýarlar. 1512-nji ýylyň 28-nji aprelindäki söweşde şeýbanylar Babur Mürze bilen onuň ýarany Sefewiler goşunyny derbidagyn edip, Samarkandyň tagtyny gaýtadan eýeleýärler. Köçkinçi han 1530-njy ýyla çenli hökümdarlyk edýär. Köçkinçi handan soň tagta ogly Abu Said (1530 1533) geçýär. Ondan soň bolsa hökümdarlyk Şeýbany hanyň inisi Mah myt Soltanyň ogly Ubaýdulla han yň (1533 1540) eline geçýär. Ol 1533-nji ýylda hanlygyň paýtagtyny Samarkantdan Buhara göçürdýär. Şeýdip, şeýbanylar döwleti Buhara hanlygy diýlip atlandyrylyp başlanýar. Ubaýdulla han Buhara atamiras emläk diýip garaýardy. Çünki Şeýbany han dirikä Buhara häkimligini inisi Mahmyt Soltana beripdi. Şeýlelikde, şeýbanylar y ň Mawerannahrda döreden döwletleri indi Buhara hanlygy diýlip atlandyrylýan bolýar. Ubaýdulla hanyň taryhymyzdaky hyzmatlary uly. Ilki bilen, ol Ysmaýyl Sefewiniň goşunynyň hüjümlerini ýok edip, Mawerannahry olaryň harby-syýasy täsirlerinden saklap galýar. Ubaýdulla han Sefewilere garşy göreşde özüniň ruhy yl hamçysy Mir Arap lakamy bilen meşhur bolan dini işgär Ab d ulla Sabrany tarapyndan goldaw tapýar. Ol Ubaýdulla hanyň dosty hemdi. Ubaýdulla han Sefewileriň üstünden gazanan ýeňşi sebäpli Watanyň garaşsyzlygyny, halkyň erkini we din-u diýanatyny, ar-na m ysyny saklap galýar. Ubaýdulla han bu ýeňşi Mir Araba bagyşlaýar we 1530 1536-njy ýyllarda Buharada onuň ady bilen meşhur medrese gurdurýar. Mir Arap medresesi häli-şindi ylym-bilim ojagy bolup gelýär. Taryhçy Hafiz Taniş al-buhary ýöne ýere Onuň döwleti we ýolbaşçylygy zamanynda Mawerannahr, aýratynam, Buhara welaýaty gülläp ösdi, diýip ýazmandy. 17

Ubaýdulla hanyň hökümdarlygy döwründe Buharanyň paýtagt hökmündäki abraýy her taraplaýyn ösýär. Ubaýdulla han öz döwletiniň araçägini Şeýbany han döwründäki serhetlerde gaýtadan dikeltmäge çalyşýar. Ol Hyrady eýelän Eýran goşunyny birnäçe gezek ýeňlişe duçar edipdi. Şol bir wagtda, ol ýurduň içersindäki syýasy dagynyklygyň soňuna çykýar. Köçkinçi hanyň ogly Abdulla han Tagt üçin özara I-niň gysga hökümdarlygyndan soň göreşiň güýçlenmegi Mawerannahrda ikihäkimiýetlilik, ýagny bir wagtyň özünde iki hökümdaryň häkimiýeti ornaşdyrylýar. Olardan biri Ubaýdulla hanyň ogly Abduleziz han Buharada, ikinjisi Köçkinçi hanyň ýene bir ogly Abdulatif han Samarkantda hökümdarlyk edip başlaýarlar. Ýöne olaryň häkimiýeti pugta däldi. Ýurt amalda birnäçe özbaşdak böleklere bölünip gidýär. Mysal üçin, Balhda we Badahşanda Pirmuhammet han I, Daşkentde we Türküstanda Nowruz Ahmet han, Kermenede we Miýankalda Isgender han özbaşdakdylar. Ýurtda ýüze çykan syýasy krizisden Daşkendiň we Türküstanyň hökümdary, Suýunçhojanyň ogly Nowruz Ahmet han peýdalanyp galmagy karar edýär. Samarkandyň hökümdary, agasynyň ogly Abdulatif han bilen ýaranlyk düzüp 1540-njy ýylda Buharany eýeleýär we häkimiýeti öz tarapdarlaryna tabşyrýar. 1548-nji ýylda Abdulatif han aradan çykansoň, Samarkandyň tagtyny eýeleýär. Öz adyndan teňňe pul zikgeledýär. Mawerannahryň köp şäherlerinde onuň ady hutba goşup okalýar. Ýöne Kermenäniň we Miýankoluň hökümdary Isgender han we onuň ogly Abdullalar Nowruz Ahmet hana boýun egmek islemeýärler. Muňa garşy Nowruz Ahmet han Miýankola ýöriş başlaýar. Güýçler gatnaşygynda Nowruz Ahmet hanyň üstünligi bilen ata-ogul Balha gitmäge mejbur bolýarlar. Abdulla han Balhyň hökümdary diňe agasy Pirmuhammethanyň kömeginde Nowruz Ahmet hana garşy birnäçe gezek ýöriş edenden soň ýeňiş gazanýar. Ýeňlen Nowruz Ahmet han Buharany taşlap Samarkanda gaýdýar. Soňky söweşde iki tarap hem ýeňjegine gözi ýetmänsoň, ortada ýaraşyk baglaşylýar. Ýaraşykdan soň Abdulla han Amyderýadan geçip Maýmana, Nowruz Ahmet han bolsa Buharada naýybyny galdyryp Samarkanda gaýdýar we 1556-njy ýylda aradan çykýar. 18

1512-nji ýyl şeýbanylar Mawerannahr tagtyny gaýtadan eýeledi. 1533-nji ýyl şeýbanylar döwletine Buhara hanlygy diýlip başlandy. 1. Näme üçin şeýbanylaryň Mawerannahrda döreden döwleti Buhara hanlygy diýip atlandyryldy? 2. Şeýbany Ubaýdulla hanyň döwletliligimizdäki taryhy roly näme den ybarat? 3. Nowruz Ahmet hanyň Mawerannahryň hökümdary tagtyny eýelemegine nähili faktorlar sebäp boldy? Pikir ýörediň! Näme üçin şeýbanylar döwründe-de içki dawalar ýatyrylmady? 6-. Abdulla han II döwründe Buhara hanlygynyň ýokarlanmagy Nowruz Ahmet han aradan çykansoň, ýurtdaky syýasy dagynyklyk howpy has-da Abdulla han II -niň häkimiýet başyna güýçlenýär. Ýurtdaky dagynyklygyň soňuna gelmegi çykmak üçin merkezi häkimiýeti ýene dikeltmek we güýçlendirmek zerurdy. Bu zerurlygy uruşlarsyz amala aşyryp bolmazdy. Ynha şeýle şertde göreş meýdanyna Miýankoluň häkimi Isgender Soltanyň ogly Abdulla han II (1534 1598) çykýar. Ol şeýbanylar dinastiýasynyň görnükli wekillerinden biri, ady 4-nji temada agzalan Janibek Soltanyň agtygydy. Isgender hanyň maşgalasyna Buharanyň golaýyndaky Jaýbar obasynda ýaşaýan, örän uly abraýa eýe bolan şyh Muhammet Yslamyň yhlasly bolan lygy Abdulla han II-ä bu göreşde gaty uly medet bolupdyr. Muhammet Yslam we onuň nesilleri özleriniň gelip çykyşyny ata tarapyndan Muhammet pygamberiň nesillerine, ene tarapyndan bolsa Çingiz hana we Juça baglaýardylar. XVI asyryň ikinji Abdulla han II ýarymynda Muhammet Yslam, soňluk bilen (miniatýura, 1572) 19

onuň ogly Abubekir Saad Buharada şeýhulyslam wezipesinde iş alyp barypdyr. Döwletiň 1556-njy ýylda Nowruz Ahmet han aradan merkezleşdirilmegi çykansoň, Abdulla han II derrew Kermenede we Şährisebzde öz hökümdarlygyny dikeldýär. Muhammet Yslamyň kömegi bilen bolsa Buharanyň tagtyny eýeleýär we onuň paýtagt derejesini gaýtadan dikeldýär. Merkezi häkimiýete boýun egmek islemedik Samarkant, Daşkent, Saýram, Türküstan we Fergana gylyjyň güýji bilen boýun egdirilýär. Ýöne bäsdeşleriň tagta ýaşy uly şeýbany oturmady ahyryn, diýip etmegi mümkin bolan igençlerine ýol bermezlik üçin bir maşgala çäginde bolsa-da, ilki agasy Pir muhammet I -ni, ol aradan çykandan soň bolsa atasy Isgender hany tagta oturdýar. 1583-nji ýylda atasy aradan çykansoň, Abdulla han II resmi taýdan han diýlip yglan edilýär. Şeýdip, Abdulla han II Mawerannahrda öz häkimiýetini doly ornaşdyrýar. Şonuň ýaly-da, Horasanyň düzümindäki, ýöne şeýbanylaryň elinde galan Balhda, Maýmanada, Badahşanda merkezi häkimiýete garşy turan pitneleri basyp ýatyrýar. Horezm 1594-nji ýylda birinji gezek we 1596-njy ýylda bolsa ikinji gezek boýun egdirilýär. Sefewilere garşy alnyp barylan göreş netijesinde Horasanyň gündogar bölegi eýelenýär. Şeýlelikde, tutuş Mawerannahryň, Horezmiň we Horasanyň gündogar bölegine çenli bolan çäkler ýeke-täk hökümdaryň gol astyna birleşdirilýär. Şeýdyp, Abdulla han II-niň edermenlikli göreşi netijesinde XVI asyryň ahyrynda Buhara hanlygy merkezleşen uly döwlete öwrülýär. Şeýle uly netijä beýik Emir Temurdan soň diňe Abdulla han II gazanypdy. Russiýada bu döwlete görä ýöne ýere Великая Бухария (Beýik Buhara) jümlesi ulanylmandy. Abdulla han II ýurdy birleşdirmek prose sinde şeýbany soltanlaryň merkezi häkimiýeti Şeýbanylar dinastiýasynyň hökümdarlygynyň güýçsüzlendirmäge dyrjaşmalaryna garşy ýatyrylmagy dyngysyz we rehimsiz göreş alyp barýar. Bu maksat ugrunda garyndaşlaryna-da rehim etmeýär. Ýöne Abdulla han II näçe dyrjaşsa-da, içki dawalary doly ýatyryp bilmeýär. Tagt meselesinde hatda özüniň ogly Abdulmömin bilen ylalaşmaýar. Ol mirasdüşer hökmünde Balh welaýatyny dolandyrýardy. 20

Abdulla han II 1598-nji ýylda aradan çykansoň, tagty ogly Abdulmömin eýeleýär. Ýöne şol ýylyň özünde Abdulmömin pitneçiler tarapyndan öldürilýär. Ondan galan iki ýaşly oglunyň hanlyk hukugyny hiç kim ykrar etmeýär. Tagt üçin başlanan göreş netijesinde tagta Abdulla han II-niň agasynyň ogly Balhyň häkimi Pirmuhammet II oturdylýar. Içki dawalar sebäpli Buhara hanlygynda ýüze çykan agyr ýagdaýdan peýdalanan Eýranyň hökümdary şa Apbas çozup girip, Nişapury, Sebzewary, Maşady, Hyrady eýeleýär. Horezm bolsa hanlygyň garamagyndan çykyp, döwlet garaşsyzlygyny dikeldýär. Pirmuhammet II Buhara hanlygyny ýene iki ýyla golaý dolandyrýar. 1601-nji ýylda onuň bilen gelip çykyşy aştarhanylardan bolan, Samarkandyň häkimi Baky Muhammediň arasynda ganly çaknyşyk bolup geçýär. Ýeňlen Pirmuhammet han II öldürilýär. Şeýdip, Abdulla han II aradan çykandan bary-ýogy 3 ýyl geçensoň, bir asyr hökümdarlyk eden şeýbanylar dinastiýasy ýatyrylýar. 1556-njy ýyl Abdulla han II amalda, 1583-nji ýylda bolsa resmi taýdan hanlyk tagtyny eýeleýär. 1596-njy ýyl Horezm (Hywa hanlygy) ikinji gezek boýun egýär. 1598-nji ýyl Abdulla han II aradan çykýar. 1601-nji ýyl Buhara hanlygynda şeýbanylar hökümdarlygy ýatyrylýar. 1. Abdulla han II-niň özbek döwletliliginiň öňündäki hyzmaty nämeden ybarat? 2. Şeýbanylar dinastiýasynyň hökümdarlygynyň ýatyrylmagynyň sebäplerini tertip bilen ýazyň. 3. Näme üçin Abdulla han II hem döwleti dinastiýanyň wekilleri bilen agzybirlikde dolandyryp bilmändir? 7-. Buhara hanlygynda aştarhanylar dinastiýasynyň hökümdarlygynyň ornaşdyrylmagy Özara içki dawalar netijesinde Juçy Aştarhanylar barada han ulusy Altyn Orda amalda birnäçe garaşsyz hanlyklara bölünip başlaýar. Olardan biri XV asyryň 30- njy ýyllarynda Wolgaboýy ýerlerinde dörän Aştarhan (Hajy Tarhan) 21

hanlygydy. Häzirki Russiýa Federasiýasyna degişli Astrahan (Aştarhan) şäheri onuň paýtagty bolupdyr. Russiýa bu hanlygy 1556-njy ýylda basyp alýar. Aştarhan hanlygy ýatyrylansoň, han maşgalasyna degişli adamlar jan saklamak üçin dürli taraplardan başpena gözlemäge mejbur bolýarlar. Ine şolardan biri şeýbanylara agasynyň ogly Ýarmuhammet hanyň maşgalasydy. Ýarmuhammet han we onuň maşgalasy Buhara hanlygyndan başpena tapýar. Ol Buhara hany Isgender han (Abdulla han II-niň atasy) bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Ýarmuhammet han maşgala agzalary we Buharada häkimiýetiň aştarhanylara geçmegi garyndaş-urugy bilen Buhara gelensoň, Isgender han olary yzzat-hormat bilen garşy alýar we gyzy Zuhrabegimi Ýarmuhammet hanyň ogly Janibek Soltana durmuşa çykarýar. Janibek Soltan Zuhrabegimden üç ogul (Din Muhammet, Baky Muhammet, Weli Muhammet) görýär. Ataogullar Buhara hanlygynda ýokary derejeleri gazanýarlar. Şeýbanylar dinastiýasyndan tagt mirasdüşeri galmansoň, Janibek Soltan hanlyk tagtyna iň mynasyp dalaşgär bolýar. Hanlygyň abraýly adamlary oňa tagty hödürleýärler. Ýöne ol ogly Din Muhammediň peýdasyna tagtdan el çekýär. Ýöne bu arada Horasanda Eýran hökümdary Şa Apbasyň goşuny bilen bolup geçen söweşde Din Muhammet heläk bolýar. G 22 Netijede, 1601-nji ýylda Janibek Soltanyň ikinji ogly, Samarkant häkimi Baky Muhammet Buharanyň tagtyna geçirilýär. Şeýdip Buhara hanlygynyň taryhynda täze dinastiýa aştarhanylar dinastiýasynyň hökümdarlygy başlanýar. Baky Muhammet (1601 1605) ýurduň Merkezi dolandyryş çäkleriniň jebisligini berkitmek, dolandyryş häkimiýetini berkitmek üçin göreş ulgamyny ýola salmak üçin köp synanyşýar. 1602-nji ýylda Eýranyň sefewilerine zar ba berip, Balhy boýun egdirýär we inisi Weli Muhammedi häkim edip belleýär. 1603-nji ýylda Eýranyň sefewileriniň Balha hüjüm eden goşunlaryny şowsuzlyga duçar edýär. 1605-nji ýylda Baky Muhammet aradan çykansoň, inisi Weli Muhammet tagta geçýär. Ýöne taýpa emirleri han häkimiýetine boýun egmän, oppozisiýany güýçlendirýärler. Buharaly emirler hana

garşy pitne guraýanlygyndan habar tapan Weli Muhammet gaçyp gidýär. Emirler tagta Baky Muhammet hanyň ogly Imamguly hany (1611 1642) oturdýarlar. Imamguly han Daşkent we hanlygyň demirgazyk-gündogar araçäkleri üçin gazaklara, jungarlara garşy üstünlikli göreş alyp barýar. 1613-nji ýylda Daşkendi gazaklardan azat edýär. Imamguly han döwründe merkezi döwlet häkimiýeti öňküsine garanda pugtalanýar. Imamguly handan soň tagty eýelän inisi Syýasy dagynyklygyň Nadyr Muhammet (1642 1645) döwründe güýçlenmegi bolsa syýasy dagynyklyk güýçlenýär. Muňa hanyň ýurduň welaýatlaryny ogullaryna we ýakyn garyndaşlaryna mülk edip paýlap berenligi sebäp bolýar. Netijede, döwletlilik esaslary gowşaýar. 1645-nji ýylda gazaklar ýene Mawerannahra ýöriş edip, Hojanda çenli ýetip gelýärler. Nadyr Muhammet olara garşy ogly Abduleziziň baştutanlygyndaky uly goşuny iberýär. Handan närazy bolan bir topar emirler ýöriş döwründe Abdulezizi han diýip yglan edýärler we ony tagta oturdýarlar. Nadyr Muhammet bolsa Balha häkim edip bellenýär (1645 1651). Nadyr Muhammet tagty gaýtaryp almak maksadynda Hindistanyň patyşasy temurizada Şa Jahandan kömek soraýar. Şa Jahan Balh welaýatyny özüne boýun egdirmek maksadynda goşun iberýär. Onuň asyl niýetine düşünen Nadyr Muhammet hindi goşunyna garşy çykýar. Ýöne ol söweşde ýeňilýär we Eýrana gaçyp gidýär. Ab duleziz han Balhy diňe iki ýyldan soň gaýtaryp alýar. 1649-njy ýylda atasy Nadyr Muhammedi ýene Balhyň häkimi edip belleýär. Ýöne atasynyň Eýranyň kömeginde öz ýagdaýyny berkitmäge çalşanlygy Abduleziz hany aladalandyrýar. Indi ol atasyna garşy inisi Subhanguly hanyň ýolbaşçylygynda goşun iberýär. 1651-nji ýylda Subhanguly han Balhy eýeleýär. Şol bir wagtda, ol Balhyň hä kimi edip bellenýär. Atasy Nadyr Muhammet bolsa Mekkä haja barýarka ýolda aradan çykýar. Buhara hanlygyndaky özara göreşlerden peýdalanan Buhara Hywa gatnaşyklary Hywa hanlarynyň Buhara talaňçylykly ýörişleri güýçlenýär. 1655-nji ýylda Hywa hany Abulgazy han uly goşun bilen ýöriş edip, Buharanyň töwereklerini iki gezek talaýar. 23

1681-nji ýylda garrap galan Abduleziz han içki gapma-garşylyklar we daşky hüjümler Buhara hanlygynyň sosial-ykdysady ýagdaýyny çylşyrymlaşdyryp goýberenligi we syýasy ýagdaý hatardan çykanlygy sebäpli tagtdan el çekýär. Abduleziz handan soň tagta oturan Subhanguly hanyň (1681 1702) döwründe-de ýagdaý düzelmeýär. Subhanguly han bir tarapdan ogullaryna garşy, ikinji tarapdan welaýatlardaky emirleriň we bekleriň merkezi häkimiýetden garaşsyz bolmak ugrundaky hereketlerine garşy göreş alyp barmaga mejbur bolýar. Hanlykdaky özara içki göreşler Hywa hanlygyna amatly boldy. Buhara garşy ýöriş başlan Hywa hany Anuşa han mälim möhlet Samarkandy eýeleýär. Hatda öz adyna hutba hem okatdyrýar we teňňe pullary zikgeledýär. Ýöne Subhanguly han gadagan urugyndan bolan Badahşanyň häkimi Mahmytbiý atalygyň kömeginde Hywa goşunlaryny Samarkantdan kowup çykarmagy başarýar. Ol Hywa hüjümini çäklendirmek üçin Anuşa hana garşy pitne taýýarlaýar. Şonuň netijesinde Anuşa han tagtdan düşürilýär we 1688-nji ýylda hanlygy Buharanyň garamagyna girizýär. Subhanguly han Mahmytbiý atalyga Hywa hanlygyna garşy göreşinde beren kömegi üçin Balh häkimligini hem tabşyrýar. Hanyň bu karary köp adamlary närazy edýär. Içki dawalar ahyrky netijede ýurduň ykdysadyýetiniň pese gaçmagyna getirýär. 1601-nji ýyl Buhara hanlygynda aştarhanylar dinastiýasynyň hökümdarlygy ornaşdyryldy. 1688-nji ýyl Hywa hanlygy Buharanyň garamagyna girizildi. 1. Şeýbanylar dinastiýasynyň ýatyrylmagyna nämeler sebäp boldy? 2. Aştarhanylar kimlerdi we olar Buhara nähili gelipdirler? 3. Baky Muhammediň Buhara hanlygynyň tagtyny eýelemegi barada nämeleri bildiňiz? 4. Imamguly han ýurduň garaşsyzlygyny saklamak ugrunda nähili çäreleri gördi? 5. Subhanguly han döwründe Buhara Hywa gatnaşyklary nähili geçipdir? 24

8-. Buhara hanlygynda merkezi häkimiýetiň gowşamagy 1702-nji ýylda Subhanguly han aradan çykýar. Buhara hanlygy Tagty ogly Ubaýdulla han II (1702 1711) Ubaýdulla han II döwründe eýeleýär. Ubaýdulla hanyň esasy maksady syýasy dagynyklygy ýok etmekden ybaratdy. Ol ine şu maksat ugrunda kä pitneçi taýpalara garşy, kä boýun egmezek ýerli hökümdarlara, kä döwlet serhetlerine çozup giren göçme taýpalara garşy uruş alyp barmaga mejbur bolýar. Ilki ol Balhy boýun egdirmegiň ýoluny gözleýär. Mälim bolşy ýaly, Ubaýdulla han II-niň atasy Subhanguly han Balhy gadagan taýpasynyň baştutany, Badahşanyň häkimi Mahmytbiý atalyga aýratyn hyzmatlary üçin sowgat edipdi. Ubaýdulla hanyň döwründe Mahmytbiý Balhda häkimiýeti doly öz eline alýar we özüni 1706-njy ýylda han diýip yglan edýär. Bu Mahmytbiýe garşy birnäçe gezek guralan harby ýörişler netije bermänsoň, Ubaýdulla han onuň garaşsyzlygyny ykrar etmäge mejbur bolýar. Ubaýdulla han II geçiren özgertmeler hem şowsuzlyga duçar bolýar. Mälim bolşy ýaly, içki we daşary duşmanlara garşy dyngysyz uruşlar alyp barmak uly serişde talap edýärdi, elbetde. Ubaýdulla han ilatdan ýygnalýan salgytlary 4 esse köpeldýär. Netijede, halk tozýar. Ynha şeýle bir şertde pul özgertmesini hem geçirýär. Hanlykda düzüminiň 35 göterimini kümüş düzýän teňňe pul ulanylýardy. 1708-nji ýylda bolsa bu teňňeleriň bir sanysyndan 4 sany täze teňňe zikgelenip başlanýar. Netijede, täze puluň düzümindäki kümüşiň mukdary 4 esse, şeýle hem, amalda puluň hümmeti-de 4 esse kemelen bolsa-da, täze teňňe öňki köne teňňä baha taýdan deň diýlip bellendi. Teňňäniň düzüminde kümüş göteriminiň kemelmegi dükançylaryň we hünärmentleriň ýiti närazylygyna sebäp bolýar. Indi olar öz önümlerini satmakdan boýun towlaýarlar. Söwda işleri peselýär we netijede, ýurduň ykdysady durmuşy pese gaçýar. Agyr ýagdaýa çydap bilmedik halk gozgalaň turuzýar, ýöne gozgalaň rehimsiz basyp ýatyrylýar. Ubaýdulla han merkezi häkimiýeti güýçlendirmek maksadynda hatda şol döwrüň iň täsirli güýji iri ýer eýeleri hem-de Joýbar şyhlarynyň täsirini kemeltmäge-de çalyşýar. Ubaýdulla han 25

olary salgyt tölemezlik ýeňilliginden mahrum edýär. Netijede, olar Ubaýdulla hanyň iň howply duşmanyna öwrülýärler. Şol bir wagtda, Ubaýdulla han ýekebara işçileri öz emläginden gelýän girdejilerinden mahrum edýär, salgytlaryň we borçlaryň mukdaryny köpeldýär. Şeýle ýiti özgerişlere çydap bilmedik uly güýçler Ubaýdulla hana garşy pitne taýýarlap başlaýarlar. 1709-njy ýylda Fergana jülgesiniň Buhara hanlygyndan bölünip çykmagy bolsa syýasy ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar. We ahyrynda, pitneçiler 1711-nji ýylda Ubaýdulla hany öldürýärler. Tagta pitne gatnaşyjysy, Ubaýdulla hanyň inisi Abulfaýz han oturdylýar. Ubaýdulla han taryhymyzda ýerli häkimleriň özdiýenliliginiň soňuna çykmaga, merkezi häkimiýeti güýçlendirmäge hereket eden soňky Aştarhany hökümdar hökmünde at galdyrdy. Tagta geçen Abulfaýz han gün saýyn Hanlykda dagynyklygyň ýurduň durmuşynda abraýy güýçlenip barýan has-da güýçlenmegi emirleriň we aristokratlaryň elindäki bir gurjaga öwrülýär. Onuň permanlary köşgüň bosagasyndan aňry geçmeýän bolýar. Han häkimiýetiniň bu derejä düşüp galmagyna hanlygyň regulýar goşuna eýe bolmanlygy hem sebäp bolýar. Regulýar goşun düzmäge we ony saklamaga bolsa serişde ýetişmeýärdi. Muňa bolsa hanlygyň ykdysadyýetiniň naçarlygy sebäp bolýar. Abulfaýz hanyň döwründe özbekleriň mangyt taýpasyndan çykan Muhammet Hekimbiý uly abraýa eýe bolýar. Ol ähli şa zadalaryň atalyklarynyň baştutany diýlip ykrar edilýär. Bu başga taýpalaryň asylzadalarynyň berk närazylygyna sebäp bolýar. Netijede, Şährisebz häkimi, kenagas taýpasyndan çykan Ybrahymbiý Urgut we Miýankol häkimleri bilen dil düwşüp, Buhara hanlygyndan garaşsyz, paýtagty Samarkant bolan döwlet düzmegi karar edýär. 1723-nji ýylda Samarkandy eýeläp, giýewsi Rejep Soltany tagta oturdýar. Ybrahymbiý özüne emir ul-umara ( beýik emir ) derejesini alýar. Ybrahymbiýiň nobatdaky maksady Buhara tagtyny eýelemek, Rejep Soltany Buharanyň tagtyna geçirmek hem-de şu ýol bilen hanlygyň iň abraýly adamy bolmakdy. Abulfaýz hanyň syýasatyndan närazy bolan emirler Ybrahymbiýe goşulýarlar. Ybrahymbiý Buhara ýörişe başlaýar. Ol we Rejep Soltanlar olara goşulanlara ýeňişden soň örän 26

uly baýlyk we amal wada edýärler. Söweşde Muhammet Hekimbiý atalyk baştutanlygynda Buharanyň goşunlary şowsuzlyga duçar bolan bolsa-da, Rejep Soltan Buhara şäherini eýeläp bilmeýär. Ybrahymbiý we Rejep Soltan netijesini çuňňur oýlanmazdan, öz maksatlaryna ýetmek maksadynda, göçme gazaklardan kömek soraýarlar. Olara uly oljalary wada edýärler. Jungar göçme taýpalarynyň basybalyjylygyndan uly zyýan çeken, talanan hem-de açlyga duçar edilen gazaklar bu teklibe razy bolýarlar. Ýöne ýurda girip gelen gazaklar talaňçylygy güýçlendirýärler. Ne Buharada, ne Samarkantda olary togtadar ýaly güýç tapylmaýar. Şeýle şertde içki dawalar has-da möwç urýar. Ilatyň Abulfaýz handan närazylygy güýçlenýär. Ahyrynda, Abulfaýz han ýakynlarynyň talaby bilen Muhammet Hekimbiýi Buharadan çykaryp goýbermegi karar edýär. Hekimbiý Karşa häkim edip bellenýär. Ýöne ol amatly pursat boldugy, Buharada häkimiýeti ýene öz eline almak niýtinden gaýtmaýar. Abulfaýz han bolsa wagtyny keýp-sapa işlerine sarplap, döwlet işlerini gözegçilik etmeýär diýen ýalydy. Samarkant, Karşy, Balh, Fergana we Badahşan amalda garaşsyz bolýarlar. Æ Dagynyklyk ýurduň welaýatlarynyň merkezi häkimiýete boýun egmezligi, syýasy dagynyklyk. 1708-nji ýyl Ubaýdulla han II pul özgertmesini geçirýär. 1709-njy ýyl Fergana jülgesi Buhara düzüminden bölünip çykdy. 1711-nji ýyl Ubaýdulla han II pitne gurbany boldy. 1. Merkezi häkimiýetiň gowşamagynyň esasynda hemişe näme ýatypdyr? 2. Näme üçin Ubaýdulla han II geçiren pul özgertmesi netije bermedi? 3. Näme üçin Ubaýdulla han II pitne gurbany boldy? 4. Mangyt taýpasynyň serdary Muhammet Hekimbiý häkimiýetiniň güýçlenmegine nähili faktorlar sebäp boldy? Şeýbanylar we aştarhanylar döwründe Buhara hanlygyndaky içki syýasy ýagdaýy deňeşdiriň. Netijeleriňizi depderiňizde bellik ediň. 27

9-. Buhara hanlygynda döwlet dolandyryşy Hanlygyň çägi, geografik ýerleşişi we ilaty ht tp :// ed up or ta l.u z Muhammet Şeýbany han döreden döwlet çäginiň araçägi elmydama hemişelik bol mandyr. Hususan-da, Şeýbany han höküm darlygy döwründe onuň döwleti düzümine Mawerannahrdan daşary Horezmiň we Horasanyň çäkleri-de giripdir. Ol aradan çykandan soň Horezm bütinleý elden giderilýär. Horasanyň uly bölegi bolsa Eýran sefewileri tarapyndan eýelenýär. Abdulla han II döwründe gysga möhletleýin bolsa-da, hanlygyň çägi ýene giňelýär. Meselem, Horezm we Horasan ýene Buhara han ly gyna boýun egdirilýär. Ol aradan çykandan soň bolsa Eýran Horasa nyň çägini boýun egdiren bolsa, Horezm ýene özbaşdak döwlete öwrülýär. XVI asyryň başlarynda Şeýbany hanyň harby ýörişleri dowamynda Mawerannahra we Horezme 500 600 müň Deşti Gypjak özbekleri girip gelipdir. XVI asyryň başlarynda hanlygyň ilaty göçüp gelen özbeklerden daşary türk çagataý we täjiklerden ybarat bolupdyr. Çeşmelerde XVII asyryň ahyrlarynda bolsa özbeklerden we täjiklerden ybaratdygy aýdylýar. Buhara hanlygy administratiw taýdan wela Merkezi dolandyryş ýatlara we tümenlere bölünipdir. Hanlyk da ýokary döwlet edarasy temuriler döwründäki ýaly dergah, ýerine ýetiriji häkimiýet bolsa öňküsi ýaly dewan (wezirlik) diýlip atlandyrylypdyr. Oňa dewanbegi (baş wezir) ýolbaşçylyk edipdir. Dewanbegi, şol bir wagtda, döwletiň maliýe we hojalyk işlerini hem dolandyrýardy. Ýöne şeýbanylar döwründe dewanyň işi temuriler döwründäki ýaly abraýa eýe däldi. Muňa dergahdaky wezipeleriň ýagdaýynyň güýçli bolmanlygy sebäp bolupdyr. Ýene bir uly döwlet wezipesi atalykdy. Hanyň syýasatynyň welaýatlardaky täsiri atalyk wezipesine bellenenleriň abraýy bilen kesgitlenipdir. Han welaýatlary şazadalara paýlap berýän eken, olara halypa, ýolbaşçy edip öz gözegçisini, ynamly adamyny belläpdir. Şeýle gözegçi, ynamly şahsa atalyk diýlipdir. Bu at atalyk ediji, atasynyň ornuny tutýan manylaryny aňladypdyr. 28

Ýene bir döwlet wezipesi perwanaçy diýlip atlandyrylypdyr. Onuň wezipesi hanyň permanlaryny, resmi namalary jogapkär şahslara, ýerine ýetirijilere ýetirmekden ybarat bolupdyr. Dadhah wezipesinde işlän emeldar bolsa dergaha düşen ar zalary kabul edipdir we olara jogap gaýtarypdyr. Şonuň ýaly-da, dadhah ýurtda adalat normalaryna amal edilişine-de gözegçilik edipdir. Iň möhüm döwlet wezipelerinden ýene biri gögeldaş wezipesidi. Bu wezipä diňe han dinastiýasyna iň ýakyn şahslardan bellenipdir. Gögeldaş hanyň syýasatyna raýatlaryň gatnaşygyny öwrenipdir we bu syýasatyň eldegrilmesizligini üpjün edipdir. Bu günki günüň reallygy bilen aýdanda, gögeldaş döwlet howpsuzlyk gullugynyň edarasynyň ýolbaşçysy bolupdyr. Ol diňe bir ýönekeý adamlaryň däl, eýsem döwlet emeldarlarynyň we hatda mirasdüşerleriň hem hökümdara görä gatnaşygyna jogapkär bolupdyr. Han bilen şazadalaryň arasyndaky gatnaşyklar meselesi bilen han ýasawuly wezipesinde işleýän emeldar meşgullanypdyr. Hanlykda işikagabaşy wezipesi hem möhüm hasaplanypdyr. Çünki bu wezipä bellenen şahs dergahyň howpsuzlygy we onda ýola goýlan tertibe amal edilmegi üçin jogapkärdi. Uly ýagdaýa eýe bolan şeýhulyslam wezipesini eýelän şahs şerigat kanunlarynyň ýerine ýetirilişiniň üstünden gözegçiligi amala aşyrypdyr. Kazykelan (baş kazy) bolsa ähli basgançaklardaky sud işlerine baştutanlyk edipdir. Muhtasib (rais) wezipäni eýelän şahs bolsa ýurtda jemgyýetçilik tertibiniň saklanyşyna, dini dessurlara we amallara amal edilişine, ba zarlarda nyrhlaryň we terezileriň dogrulygy üçin jogapkär bolupdyr. Mehtar wezipesine bellenen işgär bolsa zekät we başga düşümleriň zerurlyga görä ulanylyşyna gözegçilik edipdir. Hanlykda döwlet wezipesiniň eýesi hasaplanmasa-da, nakib derejesine sezewar bolan şahsyň han köşgünde abraýy belentdi. Meselem, ol hanyň ýakyn we ynamly adamy hasaplanypdyr. Şol bir wagtda, ol döwletiň içki we daşary syýasaty meselelerinde hanyň mas lahatçysy hem hasaplanypdyr. Zerur bolanda ilçilik wezipesini hem ýerine ýetiripdir. Öňki temalarda aýdylyşy ýaly, şeýbanylaryň döwlet dolandyryşynda ilki adatylyk saklanypdyr.
0 лайков 167 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.