Peýdaly maslahatlar (1)
Emeli gaýyşdan bolan önümleriň ýüzündäki tegmilleri diňe sabynly ýyly suw bilen aýyrmaly.
* * *
Egin-eşikdäki köne tegmilleri gyzdyrlan limon şiresi bilen aýyrmak bolar.
* * *
Kofeden,kakaodan,çaýdan galan tegmilleri gliserin garylan sowuk suw bilen aýyrmak mümkindir (bir litr suwa bir çaý çemçesi gliserin garmaly).
* * *
Soganyň bir bölejigi sowadyjynyň içindäki dörän ysy aýryp biler.Munň üçin gara çöregi-de ulanyp bolar.
* * *
Mesgäni we margarini garaňky gapda saklamaly. Içine ýagty düşýän gapda olardan ýakymsyz ys döreýär.
* * *
Ýüň matalar ýuwlanda girmez ýaly,olary durlanyňda soňky suwuna azajyk duz garmaly.
* * *
Döwlen ownuk aýna bölejiklerini eliň aýasy ýaly plastilin bilen ýygnap alsa bolar. Ýasy plastilin göze görünmeýän owuntyklary-da özüne ýelmeşdirýär.
* * *
Tomatly bankany açanyňyzdan soň,ýüzi heňlemez ýaly,ilki ownuk duz sepmeli. Soňra ýanan çigit ýagyndan bir nahar çemçesini guýmaly.
* * *
Eger farfor çäýnegiňiz yslanan bolsa,onda çäýnegiňizi oňatja ýuwup,süpüreniňizden soň onuň içine bir bölejik gant atmaly we demläýmeli.
* * *
Çaýy agzy ýapyk gapda salkyn ýerde saklasaň,uzak wagtlap zaýalanmaz. Ony ýiti ysly zatlardan daşda saklamaly.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.