Iýip-içmän ýaşaýan adamlar

Efiopiýaly zenan 10 ýaşyndaka suwdan we iýmitden ýüz öwrendigini gürrüň berdi, öz aýtmagyna görä, bu onuň saglygyna birjigem howp salmaýar. Bu barada «Daily Star» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar.

26 ýaşly Muluwork Ambaw bir gün mekdebe gitmekçi bolanda, işdäsiniň bolmandygyny gürrüň berdi. Ol ene-atasyna ertirlik edinendigi barada ýalan sözledi, şondan bäri hem ol ýeke gezegem iýip-içmändir.

Emma ol özüniň düýbünden sagatdygyny aýdýar. Ol hatda Addis-Abebedäki lukmanlara hem görnüpdir. Lukmanlar onuň saglygy bilen üç ýyllap gyzyklanyp durupdyrlar hem-de Ambaw düýbünden sagdyn diýen netijä gelipdirler.

Şeýle-de olar zenanyň aşgazanynda suwuňam, iýmitiňem ýokdugyny aýdypdyrlar. Ol şeýle-de Katardan we BAE-den bolan lukmanlara hem görnüpdir, olar hem hiç hili saglyk bozulmasyny hasaba almandyrlar.

Zenan howlusynda gök önümleri ýetişdirýär, ol nahar taýýarlamagy halaýar, emma onuň tagamyny diňe gyzy, uýalary we myhmanlar iýýärler. Ol özüni ýalançylykda aýyplaýanlara öýüne gelip birnäçe gün ýaşap, hiç zat iýip-içmeýändigini gözleri bilen görmegi teklip edýär.

2023-nji ýylyň maýynda Eýranda ýaşaýan bir erkek kişiniň eýýäm 17 ýyl bäri iýmeýändigini habar berdiler. Ol şunça ýyllap, diňe gazly suw içip oňňut edipdir.

Geň gerek. Men bu habary şu gün turkmenportaldan okadym we paýlaşmak isledim. Men bu barada öň hem okapdyp. Ýöne meň okanymdaky adam hindistanly yogidy we 1940-dan bäri hiç hili zady iýip içmeýändigini aýdypdyr.Sizdede bolşy ýaly adamlar oňa ynanmandyrlar we oňa iki hepdeläp kameralar arkaly hassahanada gözegçilik edipdirler we çyndan hem ol hiç zat iýip içmeýän ekeni.Geň ýeri onuň saglygyny barlanlarynda hem hemme ýeri sagdyn çykypdyr. Soňra ondan sorapdyrlar “NÄDIP ???” diýip. Ol hem 8 ýaşyndaka bir melek tarapyndan takdis edileli bäri hiç hili iýip içmeýändigini aýdypdyr. Adam barada maglumat edinmek isleseňiz ady “Prahlad Jani”.
0 лайков 55 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
23 май 2024, 17:50
Ana şoňňaly gyza öýlenmeli