Gyzyl bägül

Bir amerikan deňizçi esgeri gulluk döwri bir nätanyş zenandan hat alypdyr. Ol zenanyň ady Rozady. Olar üç ýyllap hat alyşypdyrlar. Deňizçi onuň hatyny okap,oňa hat ýazyp oňa örän öwrenişipdir we onuň haty bolmasa özüne kyn düşjegini düşünipdir. Olar özleri aňşyrmazdan birek-biregi söýüpdirler.
Haçanda esgeriň gulluk möhleti gutaryp öýüne gaýtmaly bolanda olar zenanyň ýaşaýan şäheriniň merkezi wogzalynda öýlän sagat 5 de duşuşmagy wadalaşypdyrlar. Ol zenan özüni tanar ýaly eşiginiň ilik ildirilýän deşigine gyzyl bägül dakynjakdygyny aýdypdyr.
Deňizçi esger pikre çümüpdir: Ol Rozany öň hiç görmändi, hatda suratynam görmändi. Ol näçe ýaşynda görmegeými,görmeksiz, semizmi ýa hor olary hem bilenokdy.
Esger wogzala bardy, haçanda sagat 5 bolanda ol ony gördi. Eşiginiň ýakasyna gyzyl bägül ildirlen aýal takmynan 60 ýaşlaryndady. Deňizçi öwürlip oňa görünmän gidip hem bilýärdi,ýöne ol gitmedi. Bu aýal oňa deňizde wagty hat ýazyp,sowgatlar ýoldap ony goldapdy. Ol şonuň üçin oňa minnetdardy we ol oňa haksyzlyk edip gidip biljek däldi. Deňizçi onuň ýanyna baryp salamlaşyp öžüni tanadypdyr. Ol aýal oňa :
—Siz ýalňyşýaňyz oglum,men Roza däl,ol meniň arkamda dur—diýipdir. Deňizçi esger seretse onuň aňyrsynda özi bilen ýaşytdaş görmegeý bir gyz durdy. Aýal esgere garap :
—Bu gyz meniň bägüli dakynyp öňden ýöremegimi isledi,meniň ýanyma gelseň men saňa hakyky Rozany görkezmelidim,eger sen gelmän giden bolsadyň onda araňyzdaky bar zat gutarýardy—diýip,ol aýal oňa ýagdaýy düşündiripdir.
18 лайков 160 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
09 авг 2021, 22:23
Titanigi ýatlatdy.
Menden like
S❤
09 авг 2021, 22:35
Oran uytgesik manyly
Menden like
S❤
09 авг 2021, 22:35
geçip barýaka sowlan,
Siz men sozumi ullanyanyzmy.......?
Mähri
Автор 09 авг 2021, 22:45
Biriňiz like basmadyňyz
Ýury
09 авг 2021, 22:57
Mahris,
Mena goýdum
S❤
10 авг 2021, 00:28
Wii men goymandyryna bagyslawer
Amalia
11 авг 2021, 10:51
Like