Bägül we Patyşa
Bägül we patyşa
Kime ýetdi ähli şalyk,
Kime ýetmedi olar?
Bolmalylar bolmady,
Bolmajaklar boldular.
Şeýle tersin döreýärkä,
Bu dünýäniň ters ykbaly,
Oýlanýardym söýgim hakda
Niçik bolar onuň haly?
Ol bir pukarady, garypdy örän
Dünýäniň goýnunda gül bolup dörän
Men bolsa patyşa, men bolsa häkim
Ýeriň ähli ýerne edýärin höküm
Onsoň nädip güli ýatlap ýöreýin
Patşanyň ýanynda garyp bägül kim?
Ýöne men gül hakda bilmän ekenim
Ol mekir ekeni meniň çakymdan
Solan bolup, göwnüm awlap bir pasyl
Soňra ýene döräp, çykdy hakymdan
Ol şo bolşy bilen ýaralaýardy
Ol şo bolşy bilen güldi üstümden
Patyşanyň aýagynyň astynda
Ýöne patyşadan şeýle üstün sen
Çünki ähli şalyk , hökmürowanlyk
Gutarýardy näçe güýçli bolsa-da,
Garyp bägül dünýä ýaly ebedi,
Baky bägül birje pasyl solsa-da.
Biziň haýsymyz garyp?
Biziň haýsymyz patyşa?
Bägül ATAÝEWA
Kime ýetdi ähli şalyk,
Kime ýetmedi olar?
Bolmalylar bolmady,
Bolmajaklar boldular.
Şeýle tersin döreýärkä,
Bu dünýäniň ters ykbaly,
Oýlanýardym söýgim hakda
Niçik bolar onuň haly?
Ol bir pukarady, garypdy örän
Dünýäniň goýnunda gül bolup dörän
Men bolsa patyşa, men bolsa häkim
Ýeriň ähli ýerne edýärin höküm
Onsoň nädip güli ýatlap ýöreýin
Patşanyň ýanynda garyp bägül kim?
Ýöne men gül hakda bilmän ekenim
Ol mekir ekeni meniň çakymdan
Solan bolup, göwnüm awlap bir pasyl
Soňra ýene döräp, çykdy hakymdan
Ol şo bolşy bilen ýaralaýardy
Ol şo bolşy bilen güldi üstümden
Patyşanyň aýagynyň astynda
Ýöne patyşadan şeýle üstün sen
Çünki ähli şalyk , hökmürowanlyk
Gutarýardy näçe güýçli bolsa-da,
Garyp bägül dünýä ýaly ebedi,
Baky bägül birje pasyl solsa-da.
Biziň haýsymyz garyp?
Biziň haýsymyz patyşa?
Bägül ATAÝEWA
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.