Niýet

Soragym

Söýgim meniň, bu dünýäde
Her kime-de ýeter bir paý,
Belkem, hiç zatsyz çykan
Garyp bolmagam ahmal.

Kime ýeter, kime ýetmez,
Bolan zatlaň barlygy,
Söýgimi köp paýladym,
Saňa bir zat galdymy?!

Tapyşýarka gözlän adam,
Tapyşýarka ýok zatlaram,
Gowuşmadyk gowky söýgim,
Küýki söýgim, gaýky söýgim,
Seni örän köp ýatladym.

Emma welin düşünmedim,
Atsyz-sorsuz, körsowat men,
Bagtlylaryň bar ýerinde,
Gowşanlaryň bar ýerinde,
Haýsy sebäplere görä,
Şolaň biri bolmadym men?

Niýet

Golaýymda goňşy bolup ýaşadyň,
Güneş dogsa, begendim men,
Senem Güneşden ganarsyň.

Golaýymda goňşy bolup ýaşadyň,
Güller çyksa, begendim men,
Senem güllerden ýolarsyň.

Guşlar uçsa, aýdym bolsa,
Hemmesine begendim men,
Gaýgy-hasrat basdy diňe,
Oýlanamda, ynha, birden,
Meňem nobatym ýetip,
Ruhum uçup gitse ýerden,
Şatlykda görmek islän
Goňşym,
Kime galarsyň sen?

Bägül ATAÝEWA
2 лайков 62 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.