Gülüm geläý ýanyma daraýyn señ saçyñy aýdymynyñ sözleri

Seni janym ýatlaýan
Men hiç ýatmaýan
Owadan sen maña
Näme üçin bakmaýañ

Sensiz dünýä dar
Maña ynanaý...
Sen diñe bolarsyñ meñki
Özgelere bakmaý

Ýüregimde söýgim saña
Meñzeýäñ sen aýa
Senem söýäý meni
Haýpsyñ gelsin bu jana

Kyn durmuşyñ ýoly
Ýeke bolsak jahanda
Ynan ýüregim ereýä
Her gezek bakanyñda

Şemal saçyny oýnar
Çagalar gülüp ýaýnar
Hiç zada zar bolmadym
Gözlem bu gün saña zar

Ýeke bakyşda söýgi
Döredi çep gursakda
Ýanyma geläý janym
Gülüp durma uzakda

Gülüm geläý ýanyma
Daraýyn señ saçyñy
Hiç kime bermen seni
Süpür göz ýaşyny
Meniñ gözlerime seret
Onda uly söýgi bar
Ynan şu gözlerim
Seniñ mähriñe zar } 2 gezek gaýtalama

Saña bolan bu söýgim
Şahyr etdi meni
Armanym bolmaz dünýäde
Gujaklasam seni

Hiç haçan terk etmen
Saña biwepa bolman
Ýok diýme sen maña
Söýgim bolmasyn arman

Sagada göz aýlap
Sensiz hiç hereket ýok
Sensiz hiç hereket ýok
Dünýäniñ gyzygy ýok

Sensiz ajy ýaşlar
Gözümde peýda bolýar
Bu gün ýeke goýma
Gelsene ýanymda gal

Gözel keşbiñ suratda
Görüp doýamok
Sen ynan gülüm maña
Özge gyza bakamok

Sen düşünäý maña
Geläý ýanyma
Seni görende gülüm
Gyşym dönýär bahara

Gülüm geläý ýanyma
Daraýyn señ saçyñy
Hiç kime bermen seni
Süpür göz ýaşyny
Meniñ gözlerime seret
Onda uly söýgi bar
Ynan şu gözlerim
Seniñ mähriñe zar } 2 gezek gaýtalama

Ençe wagt huşsyz
Alada goýduñ meni
Seni jandan söýýän
Alaýda bu söýgimi

Guş ýaly men uçaryn
Eger diýseñ janym
Doýdum bu durmuşdan
Çekip söýginiñ zaryn

Dünýä göz ýetirdim
Duşup men saña
Senem söygi beräý
Gülüm diñe maña
Agyr bela bolup geldi
Bu duýgy...
Eger söýýän diýäýseñ
Ýat bolar maña gaýgy }2gezek gaýtalama
4 лайков 2 962 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
09 дек 2021, 22:03
Su aydymy onler gayta gayta esdyadim.aydymy ady namedi. Skacat etjek
- Dani
09 дек 2021, 22:08
Bl* dislike goyynam bar tupoy birtopar
aika
09 дек 2021, 22:11
- Dani,
mena tupoi da atuw
aika
09 дек 2021, 22:12
yone beile diysem dislike y mn goyandrn oytme
- Dani
09 дек 2021, 22:14
Цитата: aik
- Dani,
mena tupoi da atuw

Dislike goyyanlara yazdym
aika
09 дек 2021, 22:15
- Dani,
boliala
Hanguly
09 дек 2021, 22:16
- Dani,
Men goýdym we men islän kişime islän bahamy berip bilerin, birazdan beter çenden çykyp ugradyň, hiçle
XYIVENIA
Автор 09 дек 2021, 22:18
Цитата: - Dani
Su aydymy onler gayta gayta esdyadim.aydymy ady namedi. Skacat etjek

Gulum gelay yanyma darayyn sen sacyny diyip yazsan cykya aydymyn ozi
Serdar
09 дек 2021, 22:19
Allamyratdymy ady bagsyn allanurmy yadyma dusenok. 95 n oglany men kl agasy. Beyleki aydymlaram gowy cykan onun.
- Dani
10 дек 2021, 08:48
Цитата: Wlad
- Dani,
Men goýdym we men islän kişime islän bahamy berip bilerin, birazdan beter çenden çykyp ugradyň, hiçle

Поздравляю.менем оз пикирим боюнча тесвир яздым ?
Şamuhammet
31 дек 2021, 23:49
Daraýyn men seniň uzyn saçlaryň,
Maňlaýyňdan ogşap darap gaşlaryň... ?