Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy -Köneürgenç meteoriti
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy-Köneürgenç meteoriti 1998-nji ýylyň Iýun aýynyň 20-sine, ýerli wagt bilen 17 sagat 30 minutda, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň merkezi Köneürgenç şäherinden 5 kilometr günortada ýerleşýän "Derýalyk" daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Nurly Gandymowyň gowaça meýdanyna gaçdy. Ol Ýere 3,7 metr çümüp, emele getiren çukurynyň agzynyň giňligi 4,5 metre barabar. Meteoritiň Ýeriň üstüne gaçan iň uly böleginiň agramy 820 kilograma golaý. Bu daş meteoritiniň Ýere gaçan senesiniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ählihalk tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagynyň 6 ýyllygyna gabat gelendigi sebäpli bu asman jisimine ilkinji Prezidentimiziň ady dakyldy.
Häzirki wagtda bu meteorit daşynyň bir bölegi Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň Daşmetjit halk hünärmenler mirashanasynyň iň görnükli ýerinde ýerleşdirilen. Meteoritiň uly bölegi bolsa Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli muzeýinde saklanylýar.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.