"Titanik" gämisi

"Titanik" gämisi geçen asyryň iň äpet gämisidi. Ony "White Star "kompaniýasynyň dolandyryjylary Brýus Ismeý we Jeýms Pirri gurmagy maksat edinýärler.
Şeýlelikde, 1909-njy ýylyň mart aýynda bu kaşaň we ýokary tizlikli gäminiň gurluşygyna girişilýär hem-de gysga wagtyň içinde gurulýar.
1911-nji ýylda "Titanigiň "suwa goýberiliş dabarasy bolup geçýär.
"Titanik "gämisiniň uzynlygy 265 metre, ini 27 metre, agramy bolsa 46,328 tonna ýetipdir. 31 metr beýiklikdäki bu ady rowaýata öwrülen gämi, hatda, şol döwürler gurulýan iň belent binalardan hem beýik bolupdyr. Ol şol bir wagtyň özünde howpsuzlygy bilen hem tapawutlanypdyr. Onuň 2,54 santimetr galyňlygyndaky demir gatlagy, 16 sany suw geçirmeýän germew ulgamy bolupdyr. Gämi ýekeje düwmäni basan badyna ýapylýan kuwwatly gapylar bilen üpjün edilipdir.
"Titanigiň "otaglary kaşaňlygy bilen tapawutlanypdyr. Onuň içinde elektrik lift, suwa düşülýän howuz, tennis oýnalýan ýer, gimnastika meýdançasy bolupdyr.
Gäminiň içinde ýokary derejedäki restorandyr kitaphana-da ýerleşipdir. Äpet gämi 3500 adam üçin niýetlenipdir.
"Titanik "gämisinde ilkinji syýahat 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde Saustemptonda daňdan başlanýar .Gämi daň atmazdan öňünçä goşmaça ýolagçy almak üçin Fransiýada saklanýar .Ol şol gije Irlandiýa baryp ýetýär. Bu äpet gämi 11-nji aprelde Atlantik ummanyna sary ýola düşýär. Ol şol wagt sagatda 40 kilometr tizlikde hereket edýär. 14-nji aprelde "Titanige" buz bilen çaknyşmak howpy abanýar hem-de aýsberg bilen çaknyşyp heläkçilige uçraýar. Bu "Titanigiň " ilkinji we iň soňky ýüzüşi bolýar.
0 лайков 8 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.