Titanik gamisinin yolagcysynyn haty 12 mun dollara satyldy.
Urugwaýly “Titanik” gämisiniň ýolagçysy Ramon Artagaweýtia Gomesiň öz maşgalasyna ýazan iň soňky haty “Montewideo” auksionynda satyldy. Bu barada “Zorrilla” auksion öýüniň wekili habar berdi.
Gäminiň ýolagçysy ýazan hatyny gämi heläkçilige uçramazdan birnäçe gün öň maşgalasyna ugradypdyr. Hatyň teksti üç sahypadan ybarat. Gomes bu haty 12-nji aprelde, Irlandiýada “Titanik” gämisiniň soňky duralgasynda, Atlantik ummanyna girmezden öň poçta gutusyna oklapdyr. Bu hat urugwaýlynyň 1909-njy ýylda düşürilen suraty bilen birlikde auksiona goýuldy. Satyn alyjy hat üçin 12 müň dollar töledi.
Şol döwürde iň uly ýolagçy gämisi hasaplanýan “Titanik” 1912-nji ýylyň 14-nji aprelinde ilkinji syýahatynda aýsberg bilen çakyşyp, 2 sagat 40 minutdan soň gark boldy. Gäminiň 1,5 müň töweregi ýolagçysy gark bolup, diňe 712-sine halas bolmak başartdy.
Mundan öň “Titanik” heläkçiliginde halas bolan adamyň haty Beýik Britaniýadaky “Henri Aldridge & Son Ltd.” auksionda 15 müň funta (19 müň dollar) satyldy.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.