Aýa kosmos gämisi uçuryldymy? Kurany Kerim bu hakda näme diýýär!?

Kurany Kerimde Aýyň üstüne geljekde gonuljakdygy hakynda şifrler üsti bilen habar berilendir. Aýyň üstüne adamzadyň gonjakdygy hakynda Kurany Kerimiň ''Kamar''/Aý/ süresinde mugjyza görnüşinde beýan edilýär. Kamar sözüniň terjimesi ''Aý'' /asmandaky Aý/ diýmekdir. Kurany Kerimde Kamar ''Aý'' süresinden soň 1389 aýat bar bolup, hijri ýyl hasabynda 1389-njy ýyl milady hasabynda 1969-njy ýyla gabat gelýär. Ýagny hijri 1389=milady 1969. Bu bolsa Kurandaky Aý süresi bilen Aýyň üstüne gonuljak ýyl senesiniň gabat gelmegi tötänleýin bolup bilmez. Ýüzýyllardyr mundan ozal Aýyň üstüne gonuljakdygyny Mukaddes Kurany Kerimde şifrlenendigi henize çenli bilinmändir. Bulardan başga-da Aý süresinde ulanylan ''Şakka'' /ýaryldy/ sözi hem Aýdan Appolonyň toprak böleklerini ýere alynyp gelinendigini syrly görnüşde habar berilendir.
Ilkinji kosmosa uçurylan ilkinji emeli hemra barada hem aýdylypdyr. Kurany Kerimiň 19: 57-nji aýatynda şeýle ýazgylar bar: ''Biz olary göklere galdyrdyk''. Bu aýatda hem täsin görnüşde 19:57-nji aýatlarda aýdylýar. Sanlara üns berseňiz 19:57-iň aralygyndaky dik iki nokady aýyryp görseň 1957 sany birleşýär. Muny hem ýyl sany diýip hasaba alsak Miladynyň 1957-nji ýylda ilkinji emeli hemranyň kosmosa uçurylan ýylydyr. Aslynda bu aýatlaryň öňündäki aýatlarda pygamberler barada aýdylýandygy sebäpli 19:57-i sanlary syrly görnüşde esewan edilmeýän ýaly...
Aslynda Kuranda diňe bular barada däl eýsem hemme zat hakda syrly şekilde aýdylyp geçilýär.
Mysal üçin Kuranda Gün sözi jemi 365 gezek gaýtalanyp gelýär. Takmynan ýadyma düşenok bu bolsa bir ýylda 365 güniň bardygy gizlenilipdir. Alymlardan diňe musulman alymlary däl, eýsem ýewreýler we başga dinli alymlar diňe Kuranyň syrlaryny çözmäge çalyşýarlar. Käbirleri çözülse, käbiri integem syrly şifrler bilen goralyp saklanýan bolmaga çemeli. Diýjek bolýanym adamyň öz başyna eden hiç hili eden işi ýok, diňe Allanyň tebigatda goýan kanunlary hem takdyry, täleýi Kurany Kerimde möhür edilip belgilenendir.
''Sen daglary görüp olary hemişe ýerinde durýandyr öýdersiň, aslynda olar bulut ýaly geçip giderler. Bu her bir zady gözel ýaradan Allanyň sungatydyr. Hökmany suratda Alla eden işleriňizden habardardyr'' /Neml 88/ diýen aýatyna näme diýjeksiňiz? Bu aýaty şeýle ýüzleý okanyňda kän bir bildirmeýär, ýöne örän tisgindiriji görnüşde, iniňi tikenekledýän ýazgylar Ýer şarynyň aýlanýandygyndan habar berýär.
Bulardan başga-da alymlar Kurany Kerimde Ýeriň togalakdygyna yşarat edýän aýaty şeýle görnüşde teswirleýärler: ''O mülkiň adamlary
günäden saklanan bolsalardy, elbetde olaryň üstüne gökden we Ýerden niçeme bereket gapylaryny açardyk. Ýöne ýalanladylar'' /Araf 96/.
1 лайков 213 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
05 июн 2021, 21:11
elleriñe saglyk