ÝER TEKIZ DÄL

Üstünde ýaşaýan dünýämiziň şekiliniň tekiz dälde şar şekilindedigi asyrlar boýy bilinýän bir hakykat bolmagna garamazdan häzirki döwürde özlerini "tekiz ýerçiler" diýip atlandyrýan käbir adamlar Ýer şarynyň togalak dälde tekizdigini aýdýarlar.
Internetden az kem idän ýagdaýñyzda dünýäniñ tekizdigini tassyklaýan birnäçe mowzukdyr wideolary görüp bilersiñiz. Pikir edip görsek antibilim bolup bilmegi hem mümkin bolup biljek bu teoriýa ynanyjylaryñ sany gün günden artyp barýandygy gorky döredýär. Bize belli maglumatlaryñ NASAnyñ ýalany boldugy düşünjesinde bolan bu adamlaryñ käbiri öz çaklamalaryny dini maglumatlara daýanyp ynandyrjak bolýandyklaryny hem görmek mümkin.
"Gözýetim çyzygyna seredenmizde tep tekiz görûnýär. Ýeriñ daš töweregi 2000 metr belentlikli buz daglary bilen bürelýär. Ýer aýlanmaýar. Gün has kiçi we bize has ýakyn. Gün biziñ depämizde we Ýeriñ ortaarasyny ýyladýar, şol sebäpli hem daş töweregimiz buzluk. Ýer togalak bolsa baş aşak öwrülenmizde kosmosa düşmeli bolardyk. Hawaidäki Kauai we Oauhu adalary arasyndaky uzaklyk 149km bolmagyna garamazdan Kauai aeroportyndan Oahu adasy anyk görünýär şonuñ üçin Ýer tekiz. Ýer togalak bolsady samalýotlar atmosferadan çykmajak bolup aşaklygyna hereket etmeli emma olar göni uçýarlar we ş.m"

TekizÝer teoriýasyny goldaýan adamlaryñ öñe süren jedelleri Ýeriñ dürli künjeginde ýaşaýan adamlaryñ añynda bulaşyklyk döretdi. Şeýlede käbir adamlar öziniñ bilime bolan ynamyny ýitip garyşyk pikirlere bürenen ýagdaýa galdy. Şu ýerde bir zada üns bereliñ. Şeýle ynançlary döredýän adamlaryñ esasy maksatlarynyñ biri adamlaryñ hiç bir ylma ynanman ähli zada şübheli göz bilen garamasyny we öwrenýän bilimleriniñ geçmişden gelýän bir ýalandygyna ynandyrmagy amala aşyrmak hem bolup biler. Adamzat taryhynda şeýle wakalaryñ birnaçesi bolsada soñky döwürde tehnikanyñ ösmegi bilen bilkastlaýyn döredilýän ýalan maglumatlaryñ sany barha artýar.

Ýeriñ tekiz däldigi şar şeklinde we özüne mahsus görnüşiniñ bardygy şugünlere çenli ylymyñ hödürlän köp sanly subutnamalary bilen subut edilip NASA, ESA ýaly guramalaryñ kosmosda düšüren birnäçe suratlary bilen üsti ýetirilendir. Muña garamazdan tekizýerçileriñ bütindünýä ylymyna gabat gelmeýän maglumatlary bilen Ýeriñ tekizdigini subut edip başarmasalarda soñuna çenli göreşýändikleri bize mälim bolsa gerek.
Eger Ýer aýdylşy ýaly tekiz bolsady Gün doganda ähli materikleriñ bir wagtda ýagtylmasy gerekdi. Ýöne Amerikada gije wagty Ýewropada gündiz bolýar. Porta ýakynlaşýan gämiñ ilkibaşda ýelkenleri soñ bolsa aşagy görüñyär. Ýer tekiz bolsa gämini tutuş görmezmidik. Bu mysallar hemme kişiñ bilýän ýönekeý mysallarydyr. Ýer tekiz bolsady Aýy yeriñ islendik künjeginde şol bir nokatda görüp bilerdik. Emma Awstalyada Aý Yewropadaka garanda depede ýerleşýar. Ýer tekiz bolsady diñe Ýeriñ günorta böleginde görünýän Put ýyldyz toplumyny demirgazyk tarap görmeli bolardy. Diñe ol däl beýleki ýyldyz toparlary hem Ýeriñ ähli künjeginden görünmelidi. Onsoñam Ýewropada has anyk görünýän Ýedigen ýyldyzlary Awstralyada görûnmeýär. Tekiz Ýerde ýaşasak islendik asman jisimini islendik ýerde görüp bilerdik şeýle dälmi. Şujagaz ýönekeý mysallar hem tekizÝer teoriyasyny çökermãge ýetip dur.

Dowamy bar...
2 лайков 280 просмотров
29комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
16 июн 2021, 22:13
Diñe ol däl beýleki ýyldyz toparlary hem Ýeriñ ähli künjeginden görünmelidi. Onsoñam Ýewropada has anyk görünýän Ýedigen ýyldyzlary Awstralyada görûnmeýär. Tekiz Ýerde ýaşasak islendik asman jisimini islendik ýerde görüp bilerdik şeýle dälmi. Şujagaz ýönekeý mysallar hem tekizÝer teoriyasyny çökermãge ýetip dur.
wahahahahhahah
Yzyny yazyp oturma azara galyp bulary bireyyam dusundirdik
Şamuhammet
16 июн 2021, 22:13
Aý şu ýerde-de bir-iki sanysy bar @kantur, adalat-19/bula talyplar.comda/ diýip. Bize öwredilýän hemme bilim ulgamlary ýalan diýýär. Taryham ýalan boldy oň pikiriçe. Abu Bekr Tährany, Atamälik Juweýni, Ýakut al Hamawy, Ýazyjy ogly Aly, ýaly alymlaryň ýazan eserlerem ýalan maglumatlarmyş...
Bir pyrkadan gopan wähhäbiler ýaly bolup ylym-bilime gaty erbet howp salýar şo tetelliler...
#B.S
16 июн 2021, 22:15
Gün biziñ depämizde we Ýeriñ ortaarasyny ýyladýar,
tekiz yer hakyndaky beyle yalan maglumaty niden aldyn. Yenede tekiz yeri cokertjek diyip yalan maglumat beryaniz!!!
#B.S
16 июн 2021, 22:16
Eger Ýer aýdylşy ýaly tekiz bolsady Gün doganda ähli materikleriñ bir wagtda ýagtylmasy gerekdi.
gun yerin meydanynda hereket edyan yolundan kici diyip zibilyon gezega aydandyrys
#B.S
16 июн 2021, 22:17
Abu Bekr Tährany, Atamälik Juweýni, Ýakut al Hamawy, Ýazyjy ogly Aly, ýaly alymlaryň ýazan eserlerem ýalan maglumatlarmyş...
Men anyk shol alymlanky yazyjylanky yalan diydimmi, hacan diydim?
#B.S
16 июн 2021, 22:19
Porta ýakynlaşýan gämiñ ilkibaşda ýelkenleri soñ bolsa aşagy görüñyär. Ýer tekiz bolsa gämini tutuş görmezmidik.
Eline teleskop alyp gaytadan gor
Şamuhammet
16 июн 2021, 22:20
@khanture, taryha ýalan diýdiň, olar Taryh ýazypdyrlar-da gynansak-da!
#B.S
16 июн 2021, 22:22
@khanture, taryha ýalan diýdiň, olar Taryh ýazypdyrlar-da gynansak-da!
BAHHHH okap gormela etdinay. Juweynina okapdym, Yalnysmasam Alemi eyeleyjunin taryhy diyen kitaby bardy. Dogrymy? Men pahyrda yadam pesrak ayyplasmaweri.
#B.S
16 июн 2021, 22:23
Taryh butinley yalana diyen daldirin yone, dogry faktlaram, shubheli faktlaram kop....
Şamuhammet
16 июн 2021, 22:24
@Khanture, sen teleskop alyp seredip gördüňmi!? Sen özüň synanyşyp görmän: ''biri gördi diýdi, biri aýtdy diýdi, Ýer tekiz diýdi'' diýip ýören oýnawaç sen-ä, ýene ýer tekiz diýen bolýan!? ???
#B.S
16 июн 2021, 22:25
@Khanture, sen teleskop alyp seredip gördüňmi!? Sen özüň synanyşyp görmän: ''biri gördi diýdi, biri aýtdy diýdi, Ýer tekiz diýdi'' diýip ýören oýnawaç sen-ä, ýene ýer tekiz diýen bolýan!? ???
hihahi :-)))) wahahahaha
Senem kitapda yazylgy diyip ynanyp otyrshynmy????
Şamuhammet
16 июн 2021, 22:28
Khanture,

Onsoň Şolaryň içinde Atamälik Juweýniniň ''Älemi eýeleýjiniň Taryhy'' kitabyndan Dünýäniň Taryhy ylmyny düzüjilere gollanma hem ygtybarly taryh bolandygyny bileňokmy!? Diňe ol däl, beýleki alymlaryň taryhlarynyň maglumatlary deň gelendigi üçin ylym-bilime goşulan. Oturan ýeriňde ol ýalan bu dogry diýip aýtmakaň takyklamaly, seljermeli...
#B.S
16 июн 2021, 22:30
OKKKKK Jek sen bilen jedele gitmayin.
Yashfizik
Автор 16 июн 2021, 22:30
Khanture,
Ey sen aydyan zatlarny gazede cykaryp gorsene
Şamuhammet
16 июн 2021, 22:30
Khanture,
Zato Bilim Ministrligimiz tarapyndan berilen maglumatlar ygtybarly. Sen ýaly aýdýanlary ygtybarsyz biriniň ýazanlaryny öwrenmel-ä bolmaryslaý...?
#B.S
16 июн 2021, 22:31
Khanture,
Ey sen aydyan zatlarny gazede cykaryp gorsene
Gazedi kim okaya? Men pahyra okashdyran bolyan elime dushse, basga yerlerde yonekey bumaga hokmunde ulanyalar.
#B.S
16 июн 2021, 22:32
Khanture,
Zato Bilim Ministrligimiz tarapyndan berilen maglumatlar ygtybarly. Sen ýaly aýdýanlary ygtybarsyz biriniň ýazanlaryny öwrenmel-ä bolmaryslaý...?
OKKKK
Yashfizik
Автор 16 июн 2021, 22:32
Khanture,
Bu yerde kim okayandyr oydyan sol bir aydyan zatlandan hemme bizar boldy
#B.S
16 июн 2021, 22:33
Khanture,
Bu yerde kim okayandyr oydyan sol bir aydyan zatlandan hemme bizar boldy
Biri bizar bolsa bolya :))
sonun ucin goyduma ,,Yer tekiz" diyip blog acmany. Ya acybereyinmi?
Yashfizik
Автор 16 июн 2021, 22:35
Khanture,
Goy sayta gosant bolar
#B.S
16 июн 2021, 22:36
Hazirki gunler kan elim degenok, bosashsam yene goyup baslajak.
#B.S
16 июн 2021, 22:37
Psevdonauka gadagan dal, gyzyklanyp owrenibermeli.
Yashfizik
Автор 16 июн 2021, 22:37
Khanture,
Ok
Şamuhammet
16 июн 2021, 22:37
Her näme etseňem Ýer togalak
#B.S
16 июн 2021, 22:40
Her näme etseňem Ýer togalak

hawwa hawwa Universal pictures, Nasa, Roskosmos... yalylan montajlarynda
Yashfizik
Автор 16 июн 2021, 23:00
Khanture,
Montazzsyz surat gorkezsene bize bolya bizina montazly bolsada suratymyz bar hany sizin suratynyz gorkezda
#B.S
16 июн 2021, 23:02
Khanture,
Montazzsyz surat gorkezsene bize bolya bizina montazly bolsada suratymyz bar hany sizin suratynyz gorkezda
Ucuran raketalarymyz asman gummezine degip partlady, sol sebapli surat alyp bilmedik :-(((
Ogulşirin Bayramowa
17 июн 2021, 09:36
Dogry ýer togolok ???
aymyrat
18 июн 2021, 10:06
Khantura iyahahahaha