Telewizor
Telewizor (telewizor priýomnigi) (lat. Televsorium – daşdan görüji, grek dil. τῆλε – daş we lat. Video – görmek) – simsiz kanallardan ýa-da kabelden berilýän (şol sanda wideosignal döredýän enjamlaryň signallary ýa-da telewizion programmalary – mysal üçin, wideomagnitafonlar we beýlekiler) şekilleri we suratlary kabul edýän we şöhlelendirýän elektron enjam.Şekilleri aralyklara ibermegiň taglymy gadym zamanlarda hem bolup, miflerde we rowaýatlarda duş gelýär. (mifologiýa görä, göýä Jemşidiň bir ajaýyp jamy bolupdyr, şol jamyň içinde göýä dünýäniň hemme ýeri görnüp duranmyş). Emma şunuň ýaly enjamy döretmek üçin tehniki we nazary esaslar diňe XIX asyryň ahyrlarynda, radio oýlanyp tapylandan soňra ýüze çykypdyr.
1884-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Paul Nipkow mehaniki telewideniýäniň esasyndaky ýeňilräk enjamy – Nipkowyň diskini oýlap tapypdyr.
1906-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda alymlar Maks Dikman, Karl Ferdinanda we G. Glage, şekilleri ibermek üçin Braunyň trubkasyny ulanmaga ygtyýarnama alypdyrlar. Braun bu taglymy ylmy däl hasaplap, bu ugurda barlag geçirilmegine garşy bolupdyr.
1907-nji ýylda Dikman ölçegi 3х3 sm, ýigrimi setir ekranly we ýygylygy towlap ulaldylýan 10 kadr/s telepriýomnigi görkezipdir.
1907-nji ýylyň 25-nji iýulynda Peterburgyň tehnologiýa institutynyň professory Boris Lwowiç Rozing “Şekilleri aralyklara elektrik usuly bilen geçirmek” üçin ygtyýarnama alypdyr. Ol elektrik signallary görünýän şekilleriň nokatlaryna öwürmek üçin katod şöhlelerini ýaýradýan trubkany ulanmagyň mümkinçiliklerini subut edipdir. Trubkada şöhläniň ýaýylyşy magnit meýdanlary bilen döredilipdir, signalyň modulýasiýasy, (aýdyňlygynyň üýtgemesi) – diafragma arkaly ekrana geçýän elektronlaryň sanyny özgerdip, şöhleleri dikligine serpikdirýän kondensatoryň kömegi bilen berjaý edilipdir.
1911-nji ýylyň maý aýynda Rus tehniki jemgyýetiniň maslahatynda Rozing ýönekeý geometrik şekilleriň telewizion şekillerine geçişini we olaryň elektron şöhle trubkaly ekranda alnyp görkezilişininiň usullaryny görkezipdir. Geçirilen şekiller gymyldysyz, ýagny hereketsiz bolupdyr.
1908-nji ýylda ermeni oýlap tapyjysy Owanes Adamýan signallary geçirmek maksady bilen oýlap tapan enjamy üçin ygtyýarnama alypdyr. Ol “Geýsleriň trubkasynyň ýagtylyk yrgyldysynda ossilograf aýnasynda şöhlenenen ýagtylyk toplumjygynyň çäkli yrgyldylaryny üýtgetmek üçin ulanyşa taýýarlanmagy” barada bolup, ygtyýarnama almak üçin arza 1907-nji ýylda berlipdir. Soňra ol şonuň ýaly ygtyýarnamalary Beýik Britaniýada, Fransiýada we Russiýada alypdyr.(“Aralykdan elektrik arkaly geçirilen şekiller üçin priýomnik” 1910). 1918-nji ýylda Adamýan Russiýada ilkinji bolup, telewideniýäniň ösüşinde uly ädim bolan gymyldamaýan gara-ak şekilleri görkezmäge ukyply enjamy ýygnapdyr.
Ol 1925-nji ýylda telewideniýäniň üç reňkli elektromehaniki ulgamyna, ýagny aralyga üç tapgyr yşly diskiň ýardamy bilen şekilleri ugratmaga niýetlenen enjam üçin ygtyýarnama alypdyr. Disk aýlanan mahaly üç reňk ýeke-täk şekile goşulypdyr. Şol ýyl bu tejribe Ýerewanda geçirilipdir. Şeýle hem Taşkendiň alymlary B.P. Grabowskiy we I.F.Belýanskiý dagynyň 1928-nji ýylda elektron telewideniýe ulgamyny döretmek barada birgiden işleri bar. Olaryň tejribelerinde geçirilen telewizor priýomnigi “telefota” atlandyrylypdyr.
1925-nji ýylda şotland oýlap tapyjysy Jon Loji Berd ilkinji gezek Nipkowyň diskini ulanyp, hereket edýän şekilli telewizion geçirilişi görkezipdir. 1920-nji ýylyň ahyrynda onuň esaslandyran “Baird Corporation” şereketi dünýäde ýeke-täk telewizor öndüriji bolupdyr.
B. Rozingiň şägirdi W.K. Zworykin elektron telewideniýesiniň tehnikasynda hakyky öňe gidişlik gazanypdyr. Ol rewolýusiýadan soňra Amerika göçýär we bu ugurda işleýär. Ol 1923-nji ýylda bütinleý elektron esaslardan ugur alýan telewideniýäniň üstünde işläp başlapdyr. Ol 1931-nji ýylda dünýäde ilkinji gezek “Ikonoskop” atlandyrylýan mozaiko fotokatodly geçiriji elektron turbany döredip, elektron telewideniýäniň ösüşiniň esasyny goýupdyr.
Ikonoskop – ilkinji elektron geçiriji telewizion trubkasy, telewizion priýomnikleriň köpçülikleýin önümçiligine başlamaga mümkinçilik berdi. Soňra Zworykin bütinleý elektron telewizion ulgamyny döretmek bilen meşgul bolupdyr. Doly üstünlik gazanmak üçin ikonoskopy we kineskopy (kabul ediji trubka) kämilleşdirmek, elektrik signallaryny üýtgetmek we geçirmek, talap edilýän fotoduýujylyk gurluşy almak bilen bagly tehniki meseleleriň çözgütleri boýunça uly işleriň geçirilmegini talap edipdir. Metbugatda täze enjamyň ady peýda bolupdyr – radioglýaditel.
Şekilleri optiki – mehaniki ulgamda ýaýlyma bermek bilen yzygiderli telegepleşik bermek ABŞ-da 1927-nji ýylda, Germaniýada 1929-njy ýylda başlapdyr. Elektron esaslarda ilkinji yzygiderli gepleşik UKW – diapazonynda 1935-nji ýylda Germaniýada, 1936-njy ýylda Angliýada, Italiýada we Fransiýada başlapdyr. Gepleşikleri bildiriş edip, ýaýlyma çykmak 1936-njy ýylda Beýik Britaniýada başlapdyr.
Eger-de 1947-nji ýylda ABŞ-da 180 müň töweregi telewizor bolan bolsa, 1953-nji ýyla çenli onuň sany 28 milliona çenli artdy. (ýagny her ikinji maşgalada telewizor bardy). Bazar 6 ýylyň içinde gara-ak telewizorlardan dolupdy we amerikanyň radiosenagaty halk köpçüligi üçin niýetlenen täze haryt döretmek maksady bilen reňkli telewizorlaryň üstünde çynlakaý işläp başlady.
NTSC ulgamy işläp bejerilenden we döredilenden soňra, 1953-nji ýylda ABŞ-da yzygiderli reňkli telewizion gepleşikler berlip ugrady. Şonda hem reňkli telewizorlar peýda boldy. Şol döwürde onuň ortaça müň dollar töweregi bahasy bardy, (awtoulagyň bahasynyň ýary), oňa hyzmat etmek bolsa, bir ýylda çen bilen ýene-de şonça baha baryp ýetýärdi. Mysal üçin, hepdede diýen ýaly hünärmenleriň gelip, sazlap gitmegini talap edýärdi .
Şonuň üçin, ABŞ-da reňkli telewizorlar diňe 12–15 ýyldan soň, giň halk köpçüligi üçin öndürilip başlanypdyr. (diňe 1966-njy ýyla çenli ilkinji 10 million reňkli telewizor satyldy). Şonuň ýaly hem ýapon radiosenagaty ABŞ-yň bazary üçin arzan reňkli telewizorlaryň önümçiligini tiz ýola goýdy.
Öňki SSSR-de yzygiderli telegepleşikler 1939-njy ýylyň 10-njy martynda başlapdyr. Bu ýurtda telewizor önümçiligi 1932-nji ýylda ýola goýlan hem bolsa, ilkinji sowet telewizory 1940-njy ýylda öndürilip, “KWN–49” atlandyrylypdyr. Eýýäm 1957-nji ýylda öňki Soýuzda telewizorlaryň sany bir milliondan geçýärdi. Reňkli telewizorlar 1958-nji ýylda öndürilmäge girişilse-de açyk satuwda bolmandyr. Netijede, 1958-nji ýylda ozalky SSSR bilen Fransiýanyň arasynda reňkli telewideniýe babatda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekilýär we giň halk köpçüligi üçin niýetlenen ilkinji reňkli gepleşik 1967-nji ýylyň 7-nji noýabrynda ýaýlyma berlip başlanýar. Ilkinji reňkli telewizorlar hem Fransiýadan satyn alnypdyr.
“Rubin – 401” SSSR-de ilkinji reňkli telewizordyr. (1967). Onuň has köpçülikleýin öndürilen görnüşi “Rubin – 714” 1976-njy ýylda çykarylypdyr. 70 – 80-nji ýyllardan soň gara-ak reňkli telewizorlaryň ornuny ýuwaş-ýuwaşdan reňkli telewizorlar eýeläp başlaýar. 1980-nji ýylyň ahyrynda öňki SSSR-iň ilatynda eýýäm 50 milliondan gowrak reňkli telewizor bardy. Çen bilen 1990-njy ýyllara çenli telewizorlar başdan-aýak kinoskopyň esasynda (elektron şöhle trubkasy) ulanyldy. Ýöne şu döwürde kinoskoplar hem bütinleý kämilleşip, tekiz ekranly telewizorlar öndürilip başlanypdy.
XXI asyryň başynda bolsa, eýýäm suwuk kristallik we plazma ekranly telewizorlar köpçülikleýin öndürilip ugrady. Häzirki zaman telewizorlarynyň ölçegi birnäçe esse uly bolup, örän takyk görkezýär. 2008-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda ilkinji lazer telewizory satuwa çykdy. 2010-njy ýyldan soň, telewizion priýomnikleriň mundan buýanky ösüşinde ýokary takyklykdaky 3D telewizorlar has ileri tutulyp başlandy.
Çeşme: “Zaman Türkmenistan” gazeti

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.