Uzakdan dolandyryjy enjamyň ösüşi

Häzirki wagt­da dündelik durmuşy te­le­wi­zor­syz göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Bel­ki-de, iň köp ula­nyl­ýan öý ho­ja­lyk en­ja­my te­le­wi­zor bol­sa ge­rek. Dür­li te­ma­lar­da mag­lu­mat ber­ýän te­le­ýaý­lym­la­ryň köp bol­ma­gy to­ma­şa­çy­la­ra ýy­gy-ýy­gy­dan baş­ga te­le­ýaý­ly­ma ge­çir­megine mümkinçilik dö­red­ýär. Mun­dan bir­nä­çe ýyl ozal adat­ça, öý­dä­ki iň ki­çi ça­ga buý­rul­ýan beý­le­ki te­le­ýaý­ly­ma ge­çir­mek işi­ni, in­di uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan ýö­ne­keý­je en­jam ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Köp adam bu en­ja­myň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy­nyň dö­red­ýän ra­hat­ly­gy­ny na­zar­da tu­tup, onuň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy­nyň te­le­wi­zo­ryň oý­la­nyp ta­py­ly­şy ýa­ly äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aýd­ýar. As­lyn­da, uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan il­kin­ji te­le­wi­zor­la­ryň ta­ry­hy ga­ty bir uzak hem däl. Mu­ňa ga­ra­maz­dan bu en­jam­lar, tak­my­nan, 60 ýy­lyň do­wa­myn­da en­çe­me öz­ge­riş­le­ri baş­dan ge­çir­di. Şeý­le-de bol­sa, haý­sy­dyr bir elekt­ron en­ja­my uzak­dan do­lan­dyr­ma­ga de­giş­li açyş­lar has ir edil­di.
En­ja­my ka­bel­siz uzak­dan iş­let­me­giň il­kin­ji my­sa­ly­ny 1894-nji ýyl­da iň­lis fi­zi­gi Oli­wer Loj oý­lap tap­ýar. Ol elekt­ro­mag­nit tol­kun­la­ry­ny ula­nyp, elekt­rik to­gu­ny öl­çe­ýän gal­wa­no­met­ri dö­red­ýär. So­ňa­ba­ka adam­lar­da beý­le­ki en­jam­la­ry hem uzak­dan do­lan­dyr­mak is­le­gi dö­re­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan te­le­wi­zor­lar, ser­gin­le­di­ji­ler we beý­le­ki en­jam­lar peý­da bol­ýar. Şu ma­ka­la­myz­da te­le­wi­zor­la­ryň şeý­le gör­nü­şi­niň ta­ry­hy ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty si­ze ýe­tir­ýä­ris:
«Lazy Bones»: telewizorlaryň uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan il­kin­ji gör­nü­şi bo­lup, ol «Ze­nith Ra­dio Cor­po­ra­ti­on» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. 1950-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­len bu te­le­wi­zor­la­ra uzyn­ly­gy 6 metr bo­lan ka­bel bi­rik­di­ri­len.
«Flash-Matic»: «Zenit elekt­ro­nics» kom­pa­ni­ýa­sy 1955-nji ýyl­da uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan il­kin­ji ka­bel­siz te­le­wi­zo­ry dö­red­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň in­že­ne­ri Ýu­jin Pol­li ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len «Flash-Ma­tic» diý­seň ýö­ne­keý gör­nüş­de iş­le­ýär­di. En­ja­myň özi as­lyn­da yşyk be­ri­ji çy­ra­dan yba­rat bo­lup­dyr. Do­lan­dy­ry­jy­dan çyk­ýan çy­ra te­le­wi­zor­da ýer­leş­di­ri­len düw­me­le­re «tu­tu­lyp», bel­li bir no­ka­da ug­ruk­dy­ryl­ýar­dy. Şeý­le­lik­de, çy­ra ar­ka­ly bel­le­nen amal ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär­di.
«Infrared Controls»: 1970-nji ýyl­la­ryň ahy­ry­na çen­li te­le­wi­zor­la­ry uzak­dan do­lan­dyr­ma­gyň amal­la­ry hiç hi­li üýt­ge­me­di. Em­ma teh­no­lo­gi­ýa­nyň kä­mil­leş­me­gi we ula­ny­jy­la­ryň is­le­gi­niň art­ma­gy tä­ze­çe amal­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bol­dy. 1980-nji ýyl­da il­kin­ji «Inf­ra­red Cont­rols» do­lan­dy­ry­jy­la­ry peý­da bol­dy. Ka­na­da­nyň «Views­tar» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len bu teh­no­lo­gi­ýa her­si dür­li amal­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bir­nä­çe düw­me­ler ar­ka­ly uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýar.
CORE: 1980-nji ýyl­la­ryň ahy­ryn­da adam­la­ryň öý­le­rin­de uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan en­jam­la­ryň sa­ny kö­pe­lip baş­lap­dy. «App­le»-iň esas­lan­dy­ry­jy­la­ryn­dan Stiw Woz­nýak hem şol ýyl­lar­da «CL 9» at­ly bir kom­pa­ni­ýa dö­ret­di. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň mak­sa­dy bir­nä­çe elekt­ron en­jam­la­ry do­lan­dy­ryp bil­ýän uni­wer­sal uzak­dan do­lan­dy­ry­jy­ny dö­ret­mek­di. 1987-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa öň­de go­ýan mak­sa­dy­na ýet­di we CORE (Uzak­da­ky en­jam­la­ryň do­lan­dy­ry­jy­sy) at­ly önü­mi­ni sa­tu­wa çy­kar­dy. Bu en­jam dür­li elekt­ron en­jam­la­ryň sig­nal­la­ry­ny öw­re­nip, ola­ry do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly­dy. Em­ma bu önüm hem ka­na­gat­la­nar­ly däl­di.
Hä­zir­ki­le­re meň­zeş uzak­dan do­lan­dy­ry­jy en­jam­lar 90-njy ýyl­lar­da kä­mil de­re­jä ýe­tip, hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li bol­dy. Hä­zir­ki wag­ta çen­li uzak­dan do­lan­dyr­ma en­jam­la­ry ga­ty çalt üýt­ge­şik­li­gi baş­dan ge­çir­di. Te­le­wi­zor­la­ryň, eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­ýän te­le­ýaý­lym­la­ryň we ola­ryň ka­bul edi­ji­le­ri­niň sa­ny­nyň art­ma­gy bi­len uzak­dan do­lan­dy­ry­jy­la­ryň amal­la­ry hem art­dy. Mun­dan baş­ga-da, akyl­ly te­le­fon­la­ryň ýö­ri­te prog­ram­ma­la­ry ar­ka­ly te­le­wi­zo­ra gö­zeg­çi­lik et­mek we ony do­lan­dyr­mak müm­kin­çi­li­gi dö­re­di.
0 лайков 104 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.