Tä­sin te­bi­gy ýer­ler

Tür­ki­ýä­niň De­ňiz­li we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­dä­ki «Pa­muk­ka­le» (Pa­myk ga­la) dün­ýä­niň iň tä­sin te­bi­gy ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Gü­nüň dog­ýan we ýaş­ýan pur­sat­la­ry­nyň has owa­dan gö­rün­ýän­di­gi, aň­sat­lyk bi­len ba­ryp bol­ýan­dy­gy üçin bu ýe­re ja­han­keş­de­ler has köp bar­ýar­lar. De­pä­niň ge­riş­le­rin­de ýer­le­şen tä­sin bas­gan­çak­lar ýe­riň aşa­gyn­dan sy­zy­lyp çyk­ýan kar­bo­nat­ly mi­ne­ral su­wuň kis­lo­rod bi­len gal­taş­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Ýag­ny, ýer­den çy­kan suw aşak­ly­gy­na akyp gi­den­de dü­zü­min­dä­ki mi­ne­ral mad­da­lar çö­kün­di bo­lup ga­lyp­dyr. Ýyl­la­ryň do­wa­myn­da akan suw de­pä­niň ger­şi­ni ak gat­lak bi­len ör­tüp­dir. Yzy­gi­der­li ak­ýan suw bö­lek-bö­lek ho­wuz­la­ry hem eme­le ge­ti­rip­dir. Şeý­le­lik­de, ak reňk­li tra­wer­tin­le­riň do­ňan şag­la­wuk ýa­ly bo­lup gö­rün­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Tra­wer­tin mi­ne­ral çeş­me­le­riň, esa­san hem, gyz­gyn çeş­me­le­riň top­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýan ýe­rüs­ti hek da­şy­nyň bir gör­nü­şi­dir. Ol köp­lenç sü­ýüm­li ýa-da ga­ry­şyk gör­nüş­li, ak, süýt reňk­li bo­lup, Ita­li­ýa­da we baş­ga ýer­ler­de gur­lu­şyk ma­te­ria­ly hök­mün­de hem ula­nyl­ýar.

Pa­myk ga­la­nyň go­la­ýyn­da Ga­dy­my Iýe­ra­po­lis şä­he­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry hem ýer­leş­ýär. Bu şä­her iki müň ýyl ozal Per­ga­mon pa­ty­şa­ly­gy döw­rün­de esas­lan­dy­ry­lyp­dyr. Şol dö­wür­de se­bit şy­pa­ha­na mer­ke­zi bo­lup hyz­mat edip­dir. Bu ýe­re Ana­do­ly­nyň dür­li kün­jek­le­rin­den sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge we özü­ne se­ren­jam ber­mä­ge mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy ge­lip­dir. Bu ýe­riň şy­pa­ha­na­la­ry hä­zir­ki wagt­da hem meş­hur­dyr. Ga­dy­my Iýe­ra­po­lis şä­he­ri­niň ýa­dy­gär­lik­le­ri ga­ty go­wy go­ra­lyp­, köp san­ly bi­na­sy hä­zir­ki gü­ne çen­li sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Bu ýer­de gur­lan ýy­ly suw­ly Rim ham­ma­my ar­heo­lo­gi­ýa mu­ze­ýi hök­mün­de ula­nyl­ýar. Bu ham­mam şol dö­wür­ler meş­hur şy­pa­ha­na­la­ryň bi­ri bo­lup­dyr. Mu­ze­ýiň myh­man­la­ry Iýe­ra­po­lis­de we onuň tö­we­re­gin­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de ta­py­lan heý­kel­le­ri we beý­le­ki ta­ry­hy eser­le­ri gö­rüp bil­ýär­ler. Ga­dy­my teatr, yba­dat­ha­na­lar, mo­nu­men­tal suw çüw­dü­rim­le­ri, ago­ra we gim­na­zi­ýa ýa­ly bi­na­la­ryň dur­ky örän go­wy ýag­daý­da sak­la­nyp­dyr. Şol se­bäp­li bu ýe­re gelýän myh­man­la­r öz­le­ri­ni 2 müň ýyl ozal­ky şä­her­de ýa­ly duý­ýar­lar. Şä­he­riň dö­reý­şi ba­ra­da bir­nä­çe ta­ry­hy mag­lu­mat­lar bar. Iýe­ra­po­lis mi­la­dy­dan öň­ki II asy­ryň ba­şyn­da Se­lew­kid­ler im­pe­ri­ýa­sy­nyň çä­gin­de ýy­ly suw­ly ham­mam hök­mün­de dö­re­di­lip­dir. Ýer­li luk­man­lar bu ýer­de te­bi­gy çeş­me­ler­den ak­ýan ýy­ly suw bi­len has­sa­la­ry be­je­rip, sag­ly­gy di­kel­diş-be­je­riş mer­ke­zi­ni dö­re­dip­dir­ler.

«Pa­muk­ka­le»-niň özü­ne mah­sus reň­ki­ni ýi­tir­mez­li­gi we dur­ku­ny sak­la­ma­gy üçin onuň di­ňe kä­bir ýer­le­ri­ne aý­lan­ma­ga, bel­li ho­wuz­la­ryn­da su­wa düş­mä­ge rug­sat be­ril­ýär. Bu ýer­de has uzak wagt be­jer­gi al­mak is­le­ýän adam­lar üçin ga­dy­my şä­he­riň go­la­ýyn­da ýe­ras­ty ýy­ly suw­ly şy­pa­ha­na he­re­ket ed­ýär. Şy­pa­ha­na­da ja­han­keş­de­le­riň sy­ýa­hat­çy­lyk ýer­le­ri­ne ge­ze­lenç et­me­gi üçin müm­kin­çi­lik döredilip, mas­saž, SPA mer­kez­le­ri we pal­çyk­ly eme­li ham­mam­lar bar.

«Pa­muk­ka­le» Egeý se­bi­tin­de ýer­leş­ýän­di­gi se­bäp­li kon­ti­nen­tal ho­wa­sy bar. To­mus­da ys­sy, gyş­da bol­sa ýa­gyn­ly we so­wuk bol­ýar. Gyş­da or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra 5-7°C ara­syn­da, to­mus­da or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra 25°C tö­we­re­gi ma­ýyl bol­ýar.

Bu ýe­re bar­ýan­lar di­ňe bir bu ga­la ge­ze­lenç et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, olar örän giň meý­da­na ýaý­ran ga­dy­my şä­her di­war­la­ry­, ham­mam top­lu­my, Apol­lon yba­dat­ha­na­sy­, amfiteatr ýa­ly ýer­le­re hem baryp gör­ýär­ler. Ana­do­ly­da­ky ýe­di mu­kad­des yba­dat­ha­na­nyň bi­ri­niň ýer­leş­ýän ga­dy­my Lao­di­ki şä­he­ri hem bu ýer­den ga­ty uzak­da däl. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, «Pa­muk­ka­le»-­den 5 kilometr çemesi uzak­lyk­da gy­zyl su­wuň gyz­gyn çeş­me­si­ hem bar.

«Pa­muk­ka­le» tra­wer­tin se­bi­ti 1988-nji ýyl­da Iýe­ra­po­lis şä­he­ri bi­len bi­le­lik­de ÝUNES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şul­dy.

Bu ýer­de 35°C-dan 100°C ara­ly­gyn­da gyz­gyn çeş­meleriň 17-si bar. Çeş­me­den çyk­ýan suw tra­wer­tin te­ras­la­ry­nyň ba­şy­na – 320 metr be­ýik­li­ge çen­li ýe­tip, onuň ini 24 metre, uzyn­ly­gy 60-70 met­re ba­ra­bar. Bu suw kal­siý kar­bo­na­ty­ny ýü­ze çy­kar­ýar. Suw ýeriň ýü­zü­ne çy­kan­da on­dan ug­le­rod di­ok­si­di, gaz­lar we kal­siý kar­bo­na­ty çö­kün­di gör­nü­şin­de gal­ýar

Suradyna goyup bolman dur
1 лайков 142 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Begmyrat
06 ноя 2021, 21:31
Gowmyn broo sen 2003 diñmi
Men sho
Автор 06 ноя 2021, 21:33
Hawwo 03
Men sho
Автор 06 ноя 2021, 21:33
Gulluk hacan drug
Begmyrat
06 ноя 2021, 21:37
Mana 12 sine berdi
Begmyrat
06 ноя 2021, 21:37
Sen hacan yoreyan
Men sho
Автор 06 ноя 2021, 21:41
Men 14 ne yoremeli
Men sho
Автор 06 ноя 2021, 21:42
Hacan baryp gaytdyn Dza
Aýnur
06 ноя 2021, 21:47
2nizem sag aman baryp gelin gulluga!
Merdan
06 ноя 2021, 21:49
Men sho,
Begmyrat,
Hany aýdyň nirä düşdüňiz?
Begmyrat
06 ноя 2021, 21:59
Men sho,
4 Ne
Begmyrat
06 ноя 2021, 22:00
Mona Songz,
Sagbol ziom
nm işiň bar
06 ноя 2021, 22:01
Begmyrat,
salowma ýitip gitdiňaý sizem aýlanyp duruňa şeýdip
Begmyrat
06 ноя 2021, 22:01
MerdanGeldiyevv,
Hali bellidal bro
Begmyrat
06 ноя 2021, 22:03
зла,
Taze agzamy siz
Aýnur
06 ноя 2021, 22:08
Цитата: Begmyrat
зла,
Taze agzamy siz

Yok bizin banditkamyz Sapaly
nm işiň bar
06 ноя 2021, 22:09
Mona Songz,
kim aýdaraý sapaly diýip gayrat men
nm işiň bar
06 ноя 2021, 22:18
sapaly krukda günde şol ýerde ýatýemy ol ýerde bilmeýen dünýäde bar bolsa sapaly şolaryň bire