Gök çaýyň beýni üçin peýdasy subut edildi

Ýokary mukdardaky antioksidantlary bilen meşhur bolan gök çaý adamyň kognitiw ukyplaryna hem oňat täsirini ýetirýär. Şweýsariýadaky Psihiatriki uniwersitet klinikasynyň hünärmenleri bu içginiň beýniniň saglygyna täsirini barlagdan geçirdiler. Onuň «Psychopharmacology» žurnalynda çap edilen netijeleri barada mir24.tv habar berýär.

Bilermenleriň gelen netijesine görä, gök çaý psihiki bozulmalaryň, aýratyn-da, akyly gowşaklygyň bejergisinde kömek bermäge ukyplydyr. «Biziň alan netijelerimiz gök çaýyň beýniniň gysga wagtlyk sinaptiki maýyşgaklygyny ýokarlandyryp, onuň kognitiw funksiýalaryna oňyn täsirini ýetirýändigini görkezýär» diýip, barlaglaryň esasy awtory Stefan Borgwardt gürrüň berýär.
Hünärmen şeýle hem çaýy nämedir bir zatlar garylan görnüşde içmegi maslahat berýär. Içgileriň beýleki käbir görnüşleri hem beýniniň işini gowulandyryp biler. Meselem, melissa ýaprakly çaý ünsi we ýady kadalaşdyryjy häsiýete eýedir. Ženşenli çaý energiýanyň geçirijiligini üpjün edýär, çünki bu ösümligiň düzüminde gan aýlanyşygy gowulandyrmaga ukyply birleşme saklanýar. Rozmarinli çaý akyl taýdan ýadawlygy peseldip, özüňi ele almaga ýardam edýär.
2 лайков 152 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.