Adamzadyň Taryhy, Mu-Atlantida we ''Äjit-mäjit''

Äjit-mäjitleriň şekli şekillendirilen minýatura

Kuranda ''Äjit-mäjit'', hadysda ''Äjit-mäjit'', Köne Ähtde ''Äjit-mäjit''

Adamzadyň taryhy, bilnişi ýaly Adamyň Ýer ýüzüne ugradylmagy bilen başlanypdyr. Ilkinji adam we ilkinji pygamber bolan Adamdyr. Oňa sylag-hormat görkezme buýrugy berilende red edýär. Adam bolsa Azazylyň duzagyna düşýär we şeýlelikde Jennetden çykarylýar. Şeýdip Adam we How, ýeketäk ýaşyl planeta bolan Zeminşe; jynlar bilen Baky Perwerdigäriň näleti bilen Iblisleşen Azazyl bilen birlikde ýaşamaga başlaýar. Ýer şarynda uzak wagtdan bäri Iblisiň deňi-taýy bolup ýaýradylan jynlar hem ýaşaýardy.
Jynlaryň haçan ýaradylandygyny we Ýer şardan öň nirelerde, haýsy planetalarda ýaşandyklaryny biz bilemizok. Ýöne döwrümiziň ylmy wersiýalaryndan we Yslam çeşmelerinden peýdalanyp käbir çaklamalary orta atmagy bolsa başarýarys.
Jyn toparlary hem adam toparlary ýaly dogry ýoldan azaşandyklaryny, Yslamdan çetleşip zalymlaşan wagtlary ilçi ugradylandygyny, gaflatdan oýaryjy Hak Ilçilerini öldürmäge synanyşyp, müşrük-zalym adam kowumlaryň ýaly heläk edilendiklerini bilýäris. Şol sebäpdenem içlerinden iman edenleriň dogry ýola gelip; Gün sistemasyndan başga bir planeta ýerleşdirilýändiklerini aýdyp bileris. Şeýle ýagdaýda ''Gün sistemasyndaky'' birnäçe planetalaryň ýaşamaga ýaramsyz ýagdaýa gelendigini; soňunda belkäm Marsdan Ýer şaryna geçendikleri hakynda ýeterlik bolmasa-da yşaratlar galandygyny aýdyp bileris.
Ine Gün sistemasynyň bu soňky we ýeketäk ýaşaýyş üçin taýýarlanan Ýer planetasynda bir tarapdan Adamogullary köpelip-ýaýraýarka, bir tarapdan jynlar we iblisogullary we egindeşleri bolan jynlar-şeýtanlar köpelipdir. Dünýäniň ýüzi, bütin janly ýaşaýyşy, otly-derman örtügi, iýip-içilýän suw çeşmeleri bilen; bütin ýer asty-ýerüsti çeşmelerde jyn we adamogly üçin ýaşaýyş-ýok boluş ýeri we ýurdy hökmünde taýýarlanylyp, ajalyna çenli ýaşaýyşyny dowam edýärler.

/dowamy bar/


Halil Baýraktar
Terjime eden: @Jeksparro
2 лайков 1 064 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.