Adamzadyň Taryhy, Mu-Atlantida we ''Äjit-mäjit'' - 2 dowamy/
''Kurana görä adamzadyň Taryhy''
Adamzat taryhyny; ýa-da kowumlar taryhyny aýratynlykda iki döwre (periýoda) aýyrsa bolar. Birinjisi Adamdan Nuha çenli, Ikinjisi Nuhdan Dünýäniň soňuna ýa-da kyýamat sagadyna çenli bolan döwür. Kurana üns berseň adamoglunyň Nuha çenli dowam eden döwri hakynda kän zat aýdylmandygyny görýäris. Nuhdan soňky adamoglunyň; ýagny Nuhogullarynyň kowumlaryň, pygamberleriň bu kowumlar bilen alyp baran çynlakaý söweşleri we kowumlaryň heläk edilmegi; görelde many alarlykly şekilde düşündirilipdir. Ýöne Adam bilen Nuhuň arasyndaky adamogullarynyň kowumlaryň, ilçileri we söweşleri hakynda aýdylan däldir. Diňe Nuhuň apy-typanynyň, Ýer ölçeginde Adamogullarynyň ýok edilmegi ýeterlik mantyklydyr we bize käbir ýüpüň ujuny hödürleýär.
Nuhuň (ýagyş-ýagmyrly) tupanynyň tutuşlaýyn bolup geçen apy-tupan bolandygyny Kurandan we Pygamberiň /Belkäm Muhammet s.a.w. - t.b./ sünnetinden bilse bolýar we onuň delillerini nesip bolsa ''Yklymlaýyn ýok boluş: Nuhuň Apy-tupany'' atly işimizde orta atarys.
Beýik Biribaryň adamogluna indiren soňky kitaby Kuranda diňe Adamyň iki ogly Habyl we Kabylyň uruşlary hakynda we pygamber hökmünde Idris hakynda gürrüň berýär.
Adamyň beýleki bir ogly Şisiň pygamberligini bolsa hadys çeşmelerinden we Töwratdan bilýäris. Bu hakykaty, yklymlaýyn Nuhuň Apy-tupany bilen birlikde göz öňüne getirenimizde gelýän netijämiz; Soňsuz Baky Rebbimiz adamoglunyň bu döwrüni ''Sessiz garaňkylyga'' gömüp goýmagydyr.
Aýratynam Töwradyň Tekwin /Ýaradylyş/ bölümi hem biziň aýdanlarymyzy goldaýar. Diýmek bu birinji adamzadyň periýody içinde adamogullary şeýle bir ýoldan çykypdyrlar; şeýle bir azgynlaşýarlar welin ýa pygamberlerini öldürýär ekenler ýa-da pygamber ugradylmaz ýaly derejede Biribaryň gaharyny getirýärler we şeýdip Beýik Rebbimiz hem bu döwri ''Sessiz garaňkylyga'' tussag edip goýupdyr. Şol sebäpli Kuranyň bu hakdaky sessizligi, biziň pikirimizçe ýeterlik düşündirişi berýär we bu periýoda degip geçýärkä käbir subutnamalary orta atmagymyza ýol açýar.
Bu adamzadyň ''Birinji periýodunda'' orta çykan we adamoglunyň ''Şirke'' ondanam Şeýtanlaşma sistemasyna girişini bize ýatladýar. Bu Adamzat Taryhynyň ''Birinji periýodunda'' orta çykan azgynlyk, şeýle bir azgynlyk bolupdyr welin; Soňsuz Beýik Rebbimiziň gaharyny getirdýär: Sünnetylla şeýledir: Adamogly ilki Soňsuz Beýik Allaha boýun bolar, soňra gysga wagtlyk döwür periýodunda'' Şirk'' /Allaha ikilik goşmak - t.b./ goşar; ugradylan gaflatdan oýaryjy-ilçileri /pygamberleri/ diňlemezler, öldürjek bolarlar we gitdigiçe şeýtanlaşar we heläk çukuryna gapgarylarlar.
Halil Baýraktar
Terjime eden: @Jeksparro

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.