Özbegistandaky Gyzylgum çölünde dinozawryň galyndylary ýüze çykaryldy

Ýaponiýaly we kanadaly hünärmenler Özbegistanyň Gyzylgum çölünde görnüşi näbelli bolan dinozawryň galyndylarynyň üstünden bardylar. Bu barada gazeta.ru habar berdi.

Alymlar gumdan tapylan dinozawr süňküni bir wagtlar iýmit zynjyrynyň başyny çeken äpet dinozawrlaryň täze görnüşine degişli diýip kesgitlediler. Bu baradaky makala Beýik Britaniýanyň “Royal Society Open Science” žurnalynda çap edildi.

Gabarasy awtobusyň ululygyndaky bu dinozawryň 15 santimetr ululykda ýiti dişleri bolupdyr. Ol, takmynan, 90 million ýyl mundan ozal - hek döwründe, tirannozawrlardan hem öň ýaşapdyr, ýöne şol bir wagtyň özünde olardan has uly bolupdyr. Bu ýyrtyjy hem, edil tirannozawrlar ýaly, iki yzky aýagynda ýöräp, onuň uly kellesi we ýiti dyrnakly gysga öň aýaklary bolupdyr.

Ulughbegsaurus uzbekistanensis diýlip atlandyrylan täze görnüşiň agramy bir tonnadan gowrak, bedeniniň uzynlygy burnundan guýruga çenli 7,5–8 metr bolup, ol karharodontozawridler - Carcharodontosauridae maşgalasyna degişlidir.
0 лайков 126 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
22 сен 2021, 15:40
Ozbegin ozunin arheologlary islese bolmayamykalar, yapon niri kanada niri?!
Onsonam tapan badyna planca yyla degisli diyip agzyna gelenini aytalaray su bolsy bolanogay sularyn
Men sho
22 сен 2021, 18:35
Ustunden bardylar diya onunden cykandyrda