Ýer we beýleki gatnaşyklar bilen bagly köp ýüze çykýan soraglara kanuny jogaplar

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi saýtynda oba hojalygy we beýleki gatnaşyklarada köp ýüze çykýan soraglara şeýle jogap berilýär.

Gaz, suw, tok, lagym ulgamy we köçelere asfalt düşelmegi boýunça haýsy edaralara ýüz tutmaly?

«Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, ýaşaýyş jaý gaznasyny ulanmagyň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertibiniň berjaý edilmegini, jemagat we ýol hojalygynyň obýektleriniň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti hem-de durmuş hyzmaty kärhanalarynyň, elektrik, gaz, suw we beýleki ulgamlaryň hem-de desgalarynyň, aragatnaşyk we gatnaw serişdeleriniň durnukly işlemegini üpjün etmek, ilatyň tebigy gaz, suw we elektrik energiýasy bilen üpjün bolmagy üçin çäreler görmek welaýatyň, etrabyň, şäheriň häkiminiň umumy ygtyýarlyklaryna degişli.

Ýer jedellerine seredýän edaralar haýsylar?

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy, şeýle hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we kazyýet.

Ýerden peýdalanmak hukugynyň bes edilmeginiň tertibi nähili?

Ýerden peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň Ýer hakyndaky bitewi kanunynyň 40-njy maddasyna laýyklykda, aşakdaky halatlarda bes edilýär: Ýerden peýdalanyjy ýerden peýdalanmakdan ýüz dönderende; ýer böleginiň berlen möhleti gutaranda; ýerden maksatly niýetlenilişi boýunça däl-de, başga maksat üçin peýdalanylanda, ýerden wagtlaýyn peýdalanmak möhletinden öň bes edilende, 2 ýylyň dowamynda berlen ýerden peýdalanmasa, ýer böleginiň topragy ekologik ýagdaýy ýaramazlaşanda.

Bellik : gyzykly bolmasa okamaň!
1 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.