Okamaly
Adam ömüri gysga. Bu gysga ömürde ýüregiňe düwen köp işleri edip, ýetişip bolanok. Aýratynam billim we ylym bilen baglanyşykly işlerde, gysga wagtyň içinde öňe gidişlik etmek kyn.
Adam okuw okaman, okuw jaýlaryna gatnaman, öňden bar bolan bilimleri öwrenmän, ylmy işleri etmegi mümkin däl. Biz şeýle diýip oýlaýarys we wagtymyzyň esasy bölegini okuw okamaklyga sarp edýäris. Ýöne hemmeler däl. Umuman eline kitap almaýan adamlar hem az däl.
Häzirki döwürde örän köp ylym ugurlary bar. Olaryň atlaryny sanajak bolsaň hem iň bolmanda bir sagat gider.
Ýöne men şeýle diýmek bilen, bir zada hemişe geň galýan. Gadymy adamlar mekdebe gatnamandyrlar, ol döwürlerde kitap bolmandyr, Mugallymlar hem ýok eken. Adamlaryň aglabasy sowatsyz bolan. Ýöne şondada aýry-aýry adamlar örän ýokary bilimlere eýe bolan. Hatda biziň döwrümiziň instutlaryny okap ýokary bilimlilerden hem. Ol döwürde bütin bir ullakan obada ýada şäherde sowatly bolmandyr. Ýöne şol ady tutulan sowatla sowat nämä gerek bolupdyr. Sowatlyny sowatly düşünýär. Onsoňam ol beýle ýokary sowady haýsy ýol bilen alypdyr.
Ýöne seredip otyrsaň, iň düýpli eserler biziň sowat ýok ýada sowat pes bolan diýýän döwürlerimizde, ýagny gadymy döwürlerde ýazylan. Mysal üçin nakylar, matallar, läleler, rowaýatlar, ertekiler, eposlar. Bir setir nakyly okasaň bir kitabyň manysyny berýär. Emma näme üçin biziň döwrümizde nakyllar döremeýär. Döwrümiz okumyşly diýseňde. Tükeniksiz köp okuw jaýlary, örän köp mugallymlar, ylmy-barlag edaralary. Näme üçin şu döwüriň iň köp okalýan pursadynda düýpli ylmy işler ýazylmaýar. Ýazylýan zatlaryň aglabasy şol bir öňden bar bolan ylmy işlere resensiýa, teswir ýazmak bilen gutarýar.
Diýmek bu sözde başga bir zatlar bar. Ýa gadymy okuw jaýlaryň okadyş we öwrediş usuly başga ýada gadymy ylymlary bu adamzat dälde, bize mälim bolmdyk adamzadyň başga bir görnüşi ýazyp giden, ýagny olar Ýer planetasynda özleri üçin mälim bir pursatda bolanlar we söňra biziň bu planetamyzy taşlap gidenler. Olaryň ylmy nukdaý nazarlary bolsa bize galan. Ýöne bu nukdaý nazary köp alymlar halamaýar, özleriniň sowadyny pes edip görkezmejek bolup.
Biz türkmenlerde Görogly eposynyň döreýşi we ýazylşy geň. Demir donly Görogly. Haýsy döwürde türkmenler demiri, polady işläp bejermegiň usullaryny gowy bilenler, hatda urşyjyny demir dona geýdirmek üçin. Ýewropada urşyjylara esasan orta asyrlarda demir dony geýdirenler. Olara rysarlar diýilýär. Emma Görogly has irteki döwürlerde bar bolana meňzeýär. Hatda hristian dininiň dörän pursatlarynda ýada araplaryň yslam dinini ýaýradýan pursatlarynda. Görogly türkmenleri daşary interwensiýadan goran.
Nähili edeniňde gadymy döwürlerde ýazylan kitaplaryň manysyna garşy duryp bolýar? Ýada garşy durmak gerek dälmi?. Ýöne bu ýagdaýda gadymy adamlaryň dünýägaraýşyna garşy durman edebiýatda, pelsepede we beýleki ylymlarda öňe gidişlik edip bolarmy?. Biziň hemmämiz täze zatlary gowy görýäris. Biziň täze alan zatlarymyz wagt geçip könelýär we ýenede täzäni edinýäris. Edil şunyň ýaly edip, gadymy, köne ylymlardan ýüz döndermegiň wagty gelmedimi?. Eger çyksa geldi?.
Köne ylymlary öwrenmeli. Haçan biz köne ylymlary doly özleşdirsek, bu ylymlardaky kemçilikleriň üstünden bararys we şu ýerde täze ylymlaryň esasyny goýmalydygyny bileris.
Biziň döwrümiz üçin okamak esasy iş bolup galýar. Örän köp okamaly. Hemme bilimleri okamaly, hatda bu bilimler biziň işlejek ugurymyza degişli bolmasada.
Käbir adamlar nägile bolýarlar, hamala ýewropalylar, ruslar özlerini bizden ylymly, bilimli edip görkezmekde. Onsoň ýene olar hamala taryhy öz peýdasyna üýütgedýärler.
Bu ýerde olardan öýkelemek gerek däl. Olar özleri barada dogry aýydýarlar. Olar bize garanda has köp okaýarlar, olar bize garanda has köp ýazýarlar. Özleräm örän çylşyrymly düşünjeleri, pikirleri, kesgitlemelri, kanunlary özleşdirjek bolup çytalaşýarlar. Rus saýytlaryna girip görüň. Olar örän köp bilýärler we taryhy öz peýdasyna üýütgedýärler, çünki biz tarapdan olara gaýtawul berýän ýok. Biz hem örän köp ýazmaly. Örän çylşyrymlary ylymlary özleşdirmek arkaly olara garşy durmaly.
#Pikirlen we Baýa
#Kämillik

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.