???

Käwagt oturyp-oturyp kelläme gowy ýa erbet her dürli pikirler, soraglar gelýär. Şol soraglardan käbirini size soramakçy. Belki, bilýäniňiz gowy düşündirersiňiz?!
Bizde bilşimiz ýaly Gurban baýramy bellenilýär.

“Goý siziň kesjek gurbanlyklaryňyz Kyýamatda syrat köprüsinde ulagyňyz bolsun!”
Şol gün irden turamda şu ýazgy ugradylypdyr maňa.
Meni, öldürilen pidanyň kömegi bilen syratdan geçip jennete girmek hekaýasy gyzyklandyrýar. Näme üçin haýwan özüni öldüren adama kömek eder? Üstesine-de, 50 ýyllap gurban beren biri jennete süri bilen girermi? Göwnüme bolmasa, gurban bermek däbi ölümden gorkýan adamlaryň nähilidir bir ýagdaýda özüni gowy duýmak üçin, guzy, göle we ş.m. haýwanlar kesip özüni kanagatlandyrmasy ýaly bolup görünýär. Pida hökmünde gowy häsiýetli haýwanlary saýladylarmy? Mysal üçin, Yslam Awstraliýadan çykyp, kenguruň öldüriljekdigini aýtsa näme ederdik? Ynsanyň gurban edilen haýwanyň kömegi bilen ölümden soň ömrüniň gowy bolmagy…Başga bir jandary öldürmek bilen özümiz, soňumyz üçin peýdalanmak manysyz dälmi, eger şol haýwanlar jennete gitjek bolsa, beýleki haýwanlaryň günäsi näme, olar jennetde bolmazmy?

Taňrylara gurban bermek gaty adaty bir däp. Azteklerden Hytaýa çenli köp gadymy siwilizasiýalaryň medeniýetlerinde adamlar hudaýlaryny ýa-da hökümdarlaryny razy etmek üçin adam we haýwan gurbanlaryny saýlap alyp öldürdiler. Bu däp-dessurlarda, adam pidalary kämahal hatda meýletin bolup, ölümden soň sylaglanjakdygyna ynanýarlardy.
Gurban bermegiň maksady şu bolsa, öldürilen haýwanlaryň (adamlaryň) gününi baýram hökmünde gutlamak biraz manysyz dälmi?


Şu soraglardan soň teswir ýazan wagtyňyz maňa garşy ateist, deist… we şony bileňokmy, bolgusyz sorag…ýaly sözleri ulanmazlygyňyzy haýyş edýän. Sebäbi, sähel üýtgeşik pikirli bolsaň, käbir ynsanlar diniň arkaly gödek sözleri ulanýarlar. Maksadym siziň pikiriňizi üýtgetmek däl, diňe bilmek. Berjek jogaplaryňyz üçinem şu wagtdan minnetdar!
7 лайков 479 просмотров
60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
24 апр 2022, 17:13
Gadymy Wawilon medenetindede bar bolmaly.
Chelsea
24 апр 2022, 17:16
Käbir dinsumaklar dini soraglasaň "soraglap başlasaň imanyň gowşar we dine gabat gelmeýän netijelere baryp bilersiň. Dinden çykarsyň......" diýýäler. Müňkin jogaplamana güýji ýetmän diýýändirler.
Chelsea
24 апр 2022, 17:20
Bu temany din nökerçileri düşündirse «mife» ýüz urjaklary ikiuçsyz. Hiç ýere ýazlymadyk rowaýatlary aýdyp başlarlar :)
Eger bir zat hakykat bolsa adam hökman ýazýar. Gadymy ýazuwlar gadymy Wawilon we Şumerlerdede bolan ahyry. Muny tapyndylar subut etýär.
Chelsea
24 апр 2022, 17:30
Millet näme «Black Lives Matter» diýip dymyşlyk yglan etdiňizmi :)!?
Maksat
24 апр 2022, 17:33
Salam hemmä, gowy tema edil şolar ýalam çylşyrymly, inçe tema bilýän zadym ýok bolsada pikirimi ýazaýyn. Gurbanlyk has irden gelýär siziň belleýşiňiz ýaly ýöne biz gurban eden malymyzyň üstüne münüp syrat köprüsinden geçmeli däl-de, Allatagala bize her bir amalymyz üçin sogap ýazýa, elli ýyl gurban kesen bolsak sogaby şonça köp bolýa. Sogap gazanmak, syrat köprüsinden geçmegiňi çaltlandyrmak.
Maksat
24 апр 2022, 17:42
Näme üçin haýwan özüni öldüren adama kömek eder? Gurban edilen malyň damagy çalnanda "Bismillarahmanirrahym Hudaý ýoluna bagş etdim" diýlip çalynýar bu ýerde mal näme pikir edýärkä, ýa meni syratdan geçirermikä diýlenokda Alla meniň gurbanymy, ýoluna beren sadakamy kabul edermikä diýip pikir etmek gerek. Adamda ruh bar emme haýwanlarda ruh ýok.
Maksat
24 апр 2022, 17:50
Chelsea
Käbir dinsumaklar dini soraglasaň "soraglap başlasaň imanyň gowşar we dine gabat gelmeýän netijelere baryp bilersiň. Dinden çykarsyň......" diýýäler. Müňkin jogaplamana güýji ýetmän diýýändirler.

Şu sözleriň öz göwnüňe jaýmy, dindar, musulman bolsaň islendik soraga jogap bermeli diýen zat ýok. Herkimiň aklynyň ýetýän ýeri bar bir soraga jogap berip bilmese, üstünden gülmek ýa dinimizi tankytlamak dogry däl. Eger seň diniň başga bolsa musulman seň diniňe şeý diýsede men şu jogaby bererin. Munyň üçin Pygamberimize Käfirun diýen süre indi.
Maksat
24 апр 2022, 17:54
Tema degişli ýene birzat Pygamber aleýhissalam soňky gezek Mekkä haj edende her ýaşyna bir düýe, jemi altmyş üç düýe gurban kesdi, Hz Aly üçinem otuz ýedi düýe soýuldy.
Maksat
24 апр 2022, 18:00
Diňe gurbanlykda, orazada däl islendik wagt bizä sadaka bermek sogapmyka diýýäs bizä. Eger damagyny çalan mallam ýüzüme durup dowzaha gitmeli bolsa Alla saklasyn.:))
Telwas
Автор 24 апр 2022, 18:19
Jogaplanlar minnetdar!
Baýker agam Salam. Gowumy ýagdaýyňyz?

“Gurbanlyk has irden gelýär siziň belleýşiňiz ýaly ýöne biz gurban eden malymyzyň üstüne münüp syrat köprüsinden geçmeli däl-de, Allatagala bize her bir amalymyz üçin sogap ýazýa, elli ýyl gurban kesen bolsak sogaby şonça köp bolýa. Sogap gazanmak, syrat köprüsinden geçmegiňi çaltlandyrmak.”

-Gurban kesip sogap gazanyp syrat köprüsinden geçmek üçin näme üçin goýun (esasy hemem ýuwaş häsiýetli haýwanlar, goýun, geçi we ş.m) saýlandyka diýipdim. Oňa-da Hiayress jogap beripdir. Sagja boluň.


Ýöne baýram edilip bellenmegi manysyz dälmi?
Telwas
Автор 24 апр 2022, 18:21
Bayker
Diňe gurbanlykda, orazada däl islendik wagt bizä sadaka bermek sogapmyka diýýäs bizä. Eger damagyny çalan mallam ýüzüme durup dowzaha gitmeli bolsa Alla saklasyn.:))


Ine menem şeýle düşünýän. Gurbanlygyň maksady sogap gazanmak üçin bolsa, diňe 1-3 gün däl, her gün kesip gazananyň gowy ýagdaýyň ýetdiginden.
Telwas
Автор 24 апр 2022, 18:22
Chelsea
Nirvana,
Bir kitap bolmaly. 1978 ýada 1974 ýylda neşir edilip, SSSR döwründe Türkmenistanda hem ýaýran. Ady "Din we ylym" bolmaly. Şonda şu temaň barada hem aýdylýan bolmaly. Özem giňişleýin. Eger internetden tapsaň oka, biz bilenem paýlaş

Bor.
Biohimik
24 апр 2022, 18:24
Meniñ bayramcylygym alhamdulillah:)))
Adym Ysmayyl:))))
Telwas
Автор 24 апр 2022, 18:25
Bayker
Chelsea
Käbir dinsumaklar dini soraglasaň "soraglap başlasaň imanyň gowşar we dine gabat gelmeýän netijelere baryp bilersiň. Dinden çykarsyň......" diýýäler. Müňkin jogaplamana güýji ýetmän diýýändirler.

Şu sözleriň öz göwnüňe jaýmy, dindar, musulman bolsaň islendik soraga jogap bermeli diýen zat ýok. Herkimiň aklynyň ýetýän ýeri bar bir soraga jogap berip bilmese, üstünden gülmek ýa dinimizi tankytlamak dogry däl. Eger seň diniň başga bolsa musulman seň diniňe şeý diýsede men şu jogaby bererin. Munyň üçin Pygamberimize Käfirun diýen süre indi.


Şu sözler-ä meňem gaharymy getirdi. Özüňize mertebe bilýäňizmi gödek gürlemegi?
Men dini ýa dine ynanýanlary ýazgartmak üçin açmadym temany. Gaýrat edip “dinsumak” sözüni ulanmaň. Ylyma ters gelýär diýibem kemsidiji sözleri diýip oturmaga gerek ýok. ?
Telwas
Автор 24 апр 2022, 18:27
biohimik.
Meniñ bayramcylygym alhamdulillah:)))
Adym Ysmayyl:))))

Adyňa eýe bol jigim.
Telwas
Автор 24 апр 2022, 18:30
Soho
Din ugrundan bashy chykyanlar jogaplaymasa, biz:a uytgeshik bir bilyan zadymyz yok, men:a shu fitrani hem nyrhlayarlar welin, birhili pikir edyan, yagdayy yogyraklar we kopurak mashgalylar hem kem galmajak bolup kosenmese biri, adam biri bir zat etse hokman etmeli yaly,chykaran fitreleri metjide eltyanlere hem kan bir dushunemok,beydeninden kosenyane elin berenin gowy, sheyle pikirleri aytsan welin, sana eyyam bashgacha garayarlar


Şu teswiri okap bir zat ýadyma düşdi. 2016-2017-nji ýyllarda bir molla adamy tanaýardym. Bir gün söwda merkezinde satyjy bilen şeýtel gürleşip dur eken. Beýtseňem bolýarmyka? :)
Chelsea
24 апр 2022, 18:33
Nirvana,
Bor.
Chelsea
24 апр 2022, 18:34
Nirvana,
Dinden gowy başy çykmasada hemme zady bilýän ýaly gilürleänlere dinsumak diýesiň gelýäda :)
Maksat
24 апр 2022, 18:34
Nirvana,
Gowmy jigim ýagdaýlar sag aman gezip ýörsüňizmi?!
Gurbanlygyň baýram edilmegi, günälerimizden arassalanmak, gurban kesen malymyzy il gün bilen üýşip saçak ýazyp iýmek, iň esasam şol günlerde sogap gazanmak ynamy. Ynanmasaň ýagny imanyň ýok bolsa peýdasy ýokdur welin. Ynanýan adam ruhy taýdan özüni gowy duýýar begenç duýgusy bolýar. Şoň üçinem barymyzdan bazar eýläp saçak ýazylýa, her öýe aýlanyp duz dadylýa. Başga sebäbem bar bolmagy mümkin, men bir ýerden okap ýa eşdip ýazamok düşünjämi ýaşululaň gürrüňinden çykarýan özümçe manyny ýazýan.
Chelsea
24 апр 2022, 18:36
Nirvana,
Kemsitmek maksadyma ýokdy :) "gerek ýok" diýmän "geregi ýok" diýseň ýerine düşýär
Hiayress
24 апр 2022, 18:42
Adamlar elmydama Hudaýlary öz keşplerinde görüpdirler. Adam edähetlerini gaharlanma, ar alma, gowy görme, söýme, ýigrenme, köseme, kömek etme we ş.m. Şonuň içinem özlerine edilmegi isleýän zatlary olaram halaýandyr diýip düşünipdirler. Gurbanlyk başda ýakma şekillinde berilmegem şolaryň biri. Ýakma gurbanlygyň yssyndan Hudaýlaryň hoşamaý bolmagy üçin. Häzirki berilýän gurbanlyklar yssyndan Hudaýyň hoşamaý bolmagy üçin bolmasa-da, ýatlanylmagy, öwgüler sözler aýdylmagy, mertebellendirilmegi üçin.

Gurbanlyk dini taglymat boýunça maksady:
1) Hudaý tarapyn buýrulany şübhesiz ýerine ýetirip özüň nähili hudaýhonlygy görkezmek.
2) Saňa berilýän nazy-nygmatdan Hudaý ýoluna (sag bolsun hökmünde) gurban etmek.
Hiayress
24 апр 2022, 18:47
Bayker,
Aslynda bir janla ýagdaýy bar musulmanyň gurban kesmek hökmany borjy. Bizdäki musulmanlaryň näçesi gurban berýärkä?!
Maksat
24 апр 2022, 18:50
Galybersede ata babamyzdan galan däp dessur. Dinimiziň bize buýrugy
Chelsea
Nirvana,
Dinden gowy başy çykmasada hemme zady bilýän ýaly gilürleänlere dinsumak diýesiň gelýäda :)

Seň näme diýjek bolýanyňa düşünýän menem köpçülik ýöne bäri özüne çekýä agzalar. Seň diýjek bolýanyň hiç zat bilmesede eşiden zadyny doly özleşdirmän dawa, goh turzup özüniňkini dogry etjek bolýanlara degişli. Ýöne dawa, goh bilen hiç kimiň pikirini üýtgedip bolmaz ýa bir zady ynandyryp bolmaz. Sen erbet niyet bilen deimeseňem sözleriň ters düşünilip biler.
Maksat
24 апр 2022, 18:51
*diýmeseňem.
Chelsea
24 апр 2022, 18:56
Bayker,
Özüne çekmsin gardaş. Hemmeler seň düşünişiň ýaly düşünse gowy bolardy. Şu
Nirvana
hem düşündir. Gaharyna bäs gelip oturmasyn :)
Maksat
24 апр 2022, 18:58
Hiayress
Bayker,
Aslynda bir janla ýagdaýy bar musulmanyň gurban kesmek hökmany borjy. Bizdäki musulmanlaryň näçesi gurban berýärkä?!

Ine mesele şunda mümkinçiligi bolan her hojalyk gurban kesse. Gynansagam köpçülikde pikirini üýtgedýän kän sebäp näme pikir üýtgemegine diýsek, köp adam düşünenok nämä gerek diýýä adamlar ýönekeý, sada ,dünýägarýşy dar.
Mümkin
24 апр 2022, 19:15
Nirvana,
Şeýtel näme?
Telwas
Автор 24 апр 2022, 20:13
Mümkin,
Klient getirip bereni üçin alýan paýy.
Telwas
Автор 24 апр 2022, 20:16
Mümkin,
Didarlaşmak atly blogyňy döretsene. Şu gün içim gysýar. :(
Mümkin
24 апр 2022, 21:25
Nirvana,
Şol blogy her gün biri haýyş edýär-äý :)