???
Käwagt oturyp-oturyp kelläme gowy ýa erbet her dürli pikirler, soraglar gelýär. Şol soraglardan käbirini size soramakçy. Belki, bilýäniňiz gowy düşündirersiňiz?!
Bizde bilşimiz ýaly Gurban baýramy bellenilýär.
“Goý siziň kesjek gurbanlyklaryňyz Kyýamatda syrat köprüsinde ulagyňyz bolsun!”
Şol gün irden turamda şu ýazgy ugradylypdyr maňa.
Meni, öldürilen pidanyň kömegi bilen syratdan geçip jennete girmek hekaýasy gyzyklandyrýar. Näme üçin haýwan özüni öldüren adama kömek eder? Üstesine-de, 50 ýyllap gurban beren biri jennete süri bilen girermi? Göwnüme bolmasa, gurban bermek däbi ölümden gorkýan adamlaryň nähilidir bir ýagdaýda özüni gowy duýmak üçin, guzy, göle we ş.m. haýwanlar kesip özüni kanagatlandyrmasy ýaly bolup görünýär. Pida hökmünde gowy häsiýetli haýwanlary saýladylarmy? Mysal üçin, Yslam Awstraliýadan çykyp, kenguruň öldüriljekdigini aýtsa näme ederdik? Ynsanyň gurban edilen haýwanyň kömegi bilen ölümden soň ömrüniň gowy bolmagy…Başga bir jandary öldürmek bilen özümiz, soňumyz üçin peýdalanmak manysyz dälmi, eger şol haýwanlar jennete gitjek bolsa, beýleki haýwanlaryň günäsi näme, olar jennetde bolmazmy?
Taňrylara gurban bermek gaty adaty bir däp. Azteklerden Hytaýa çenli köp gadymy siwilizasiýalaryň medeniýetlerinde adamlar hudaýlaryny ýa-da hökümdarlaryny razy etmek üçin adam we haýwan gurbanlaryny saýlap alyp öldürdiler. Bu däp-dessurlarda, adam pidalary kämahal hatda meýletin bolup, ölümden soň sylaglanjakdygyna ynanýarlardy.
Gurban bermegiň maksady şu bolsa, öldürilen haýwanlaryň (adamlaryň) gününi baýram hökmünde gutlamak biraz manysyz dälmi?
Şu soraglardan soň teswir ýazan wagtyňyz maňa garşy ateist, deist… we şony bileňokmy, bolgusyz sorag…ýaly sözleri ulanmazlygyňyzy haýyş edýän. Sebäbi, sähel üýtgeşik pikirli bolsaň, käbir ynsanlar diniň arkaly gödek sözleri ulanýarlar. Maksadym siziň pikiriňizi üýtgetmek däl, diňe bilmek. Berjek jogaplaryňyz üçinem şu wagtdan minnetdar!

60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.