ÝYLDYZLY ASMANYŇ ASTYNDA


Bellik 1: Bu bölümde agzalan "Ngaçingoza" atly howp, awtoryň fantaziýasy bolup, real wakalykdaky ylmy gipotezalara gabat gelmeýär. Eger-de gabat geläýen ýagdaýynda hem bu tötänleýindir.

Bellik 2: Eserde agzalan galaktikalaryň, ýyldyzlaryň, planetalaryň, başga planetalylaryň we nätanyş adalgalaryň atlary hem toslamadyr. Bu toslama atlar döredilende arap, suahili, igbo latyn we khosa dillerindäki sözlerden peýdalanyldy.

3-nji bölüm

Başga planetalylaryň uçar jisimi gurçuk deşen ýerden geçdi. Gurçuk deşen ýer olary Akmaýanyň ýoly galaktikasyndan Loalabium galaktikasyna geçirdi.
- Hormatly başga planetalylar, siziň bilen tanyş bolmadyk. Atlaryňyzy bilsem bolarmy?
- Meniň adym Isigçawu, bu ikisi bolsa Isibisu bilen Isingwe.
- Sizlere haýran galaýmaly. Sizden başga aňly siwilizasiýalar barmy kosmosda?
- Elbetde, biziň Anwunium sistemamyzyň özünde biziň bilen üç aňly siwilizasiýa (planeta), birem ýaşaýyş bolsa-da aňly jandarlary bolmadyk planeta bar. Loalabium galaktikamyzda bolsa müňlerçe aňly medeniýetler bar. Biz umumylykda "Loalaba" siwilizasiýasyny emele getirýäris. Biziň planetamyz Giangenium Loalabiumyň paýtagt planetasy hasaplanylýar. Sebäbi, planetamyz Loalabiumyň aňly siwilizasiýalarnyň içinde iň uly planeta. Ol siziň Ýupiteriňizden sähel uly.
- Men henizem haýranlar içinde. Siziň planetaňyz Ýupiterdenem uly bolsa, men onyň dartyş güýjine nädip çydaryn?
- Siziň şeýle sorag berjegiňizi bilýärdim. Biz şol sebäpli planetamyzyň Giango 1 hemrasyna gonarys. Ol ýeriň dartyş güýji Ýeriňkiden sähelçe pesräk.
-Beýle bolsa gaty gowy. Aýtsaňyzlaň, bizde ýagny Akmaýanyň ýolunda hem aňly siwilizasiýalar barmyka?
- Akmaýanyň ýolundan siziň planetaňyzdan başga aňly siwilizasiýa tapmadyk biz. Ýöne ewolusiýanyň aňly jandarlary ýüze çykarmaga taýýar duran ýüzlerçe planetany tapdyk. Ondan daşary siziň Ýupiter planetaňyzyň Ýewropa hemrasynda hem ýaşaýyş bar. Ol ýerde ýaşaýyş, Ýupiteriň dartyş güýjiniň we Ýewropanyň buzasty suwlarynyň düýbindäki wulkanlaryň kömegi bilen emele gelen.
- Marsda ýaşaýyş ýokmy?
- Mars planetasyny hem doly öwrendik. Ol ýerde millionlarça ýyl ozal ýaşaýyş bolan. Ol planeta zyýanly kosmik şöhleler netijesinde magnit meýdany zaýalanan we ýaşaýyş üçin ýaramaz ýere öwrülen. Ýöne ol ýerde ýene ýaşaýyşy gaýta dikeltmäge köp şertler bar.
- Siz bizden öňde ekeniňizä, hany kosmos öwreniş taýdan siz bilen deň derejede diýipdiňiz?!
- Dogry biz köp taraplaýyn sizden ösen emma, kosmosyň syrlaryny siz ýaly doly bilemzok.
Başga planetalylaryň kosmiki gämisi Giangenium planetasynyň Giango 1 hemrasynyň kosmodromyna gondy. Olar kosmiki gämiden düşdiler. Arslan heniz ertirlik edinmändi. Başga planetalylar Arslanyň gaýdan wagtyna görä wagty meýilleşdirip, planeta hemrasynyň güniň çykan nokadyna gondurypdylar. Olary Loalabium galaktikasynyň dürli planetalaryndan gelen ýüzlerçe alymlar garşy aldy. Arslan gündogar tarapa, asmana seretdi. Asmanda Giangeniumyň güneşi Anwunium nur saçyp durdy. Ol edil biziň Günimiz ýaly ululykda görünýärdi. Aslynda Anwunium ýyldyzy Günimizden biçak uludy. Soň Arslan günbatara seretdi. Günbatar asmanda bolsa äpet Giangenium planetasy we ýene iki sany hemra görünýärdi. Hemralar biziň Aýymyzdan sähelçe uly görünýän bolsa, Giangenium planetasy Aýymyzdan on esse uly görünýärdi. Giango 1 hemrasynyň howasynda Kislorod, Azot, Ozon gazlary bardy we ol Arslanyň saglygyna erbet täsirini ýetirenokdy. Şeýle hem bu ýeriň özüne maýyl ediji, kaşaň beýik binalary bardy. Olaryň binägärçilik we şäher infrastrukturasy tebigat bilen utgaşyp gidendi. Howada dürli reňkdäki owadan we täsin guşlar uçuşyp, jürkildeşýärdi. Giango 1 hemra şäherinde uzyn boýly, miweli we saýaly agaçlar köpdi. Ol ýeriň ilatynyň biziň pişikdir itlerimize meňzeş kibandalary we pakulary bardy. Gianglar kibandalarydyr pakulary bilen seýil etmegi halaýardylar. Howanyň temperaturasy 25-30 selsiý aralygyndady. Giango 1 hemrasy öz okunyň daşyndan takmynan 25 sagatda bir gezek, Giangeniumyň daşyndan bolsa 34 günde (Ýer planetasynyň hasabynda) bir gezek aýlanýardy. Giangenium planetasy bolsa öz üç hemrasy bilen birlikde Anwunium güneşiniň töwereginde Ýer hasaby bilen 3 ýylda bir aýlanýardy. Ol öz okunyň daşyndan bolsa 48 sagatda bir gezek aýlanýardy we bu hereketler Arslanyň bu uky režimine o diýen päsgel berenokdy.
Başga planetalylar Arslany myhmanhana getirdiler. Giang aşpezleri Arslan üçin ýörite Ýer planetasynda ýetişdirlen önümlerden taýýarlanan naharlary bişiripdiler. Arslan ertirligini edinip, olardan sorady:
- Hany, indi esasy meselä geçemzokmy?
- Jenap Akmaýanyň ýolundan gelen, sizi birazdan myhmanhanamyzyň ýörite size niýetlenilen otagyna elterler. Ol ýerde iň güýçli alymymyz bilen söhbetdeş bolarsyňyz. Ol size bar zady düşindirer.
- Bolýar. Bu gaty gowy. Men pursatdan peýdalanyp Loalabo halkyna mähirli myhmansöýerligi üçin köp sag bolsun aýdýaryn. Şeýle hem planetadaşlarymyň size garşy eden ýalňyş hereketleri üçin sizden ötünç soraýaryn.
Soňra başga planetalylar Arslany öz otagyna getirdiler. Birnäçe minutdan onuň bilen söhbetdeş boljak başga planetaly hem geldi. Ol daşky görnüşine görä giangeniumly däldi. Megerem ol Loalabiumyň başga bir planetalarnyň birinden gelen bolsa gerek.
- Salam jenap Arslan. Galaktikamyza hoş geldiňiz! Men şu galaktikanyň Solonsium ýyldyz sistemasyndaky Kuazium planetasyndan geldim. Loalabium ýolbaşçylary seniň bilen söhbetdeş bolmak üçin meni bellediler. Meniň adym Isizinzulu.
- Tanyşanyma örän şat jenap Isizinzulu.
- Garaz özüňem ilçilerimizden eşidensiň, kosmosda bir howp bar. Bu howp köp alymlarymyzyň we şol sanda meniňem pikirime görä aňly ýagdaýda bolup geçýär. Ýagny kosmosyň haýsydyr bir künjegindäki aňly jandarlar tarapyndan bolup geçýär. Beýleki çaklama görä bolsa ol ýönekeý bir anomal fiziki hadysa. Biz bu fenomen howpa "Ngaçingoza" diýip at berdik. Bu kuazius dilinde "nämälim howp" diýen manyny berýär. Indi bolsa saňa Ngaçingozany doly tanatsam, ony biz altmyş ýyl mundan ozal anykladyk. Ol howp, ýolunda uçran galaktikalary, umuman ähli asman jisimlerini parçalap, külüni kosmosa sowrup gelýär. Biziň hasap-hesiplerimize görä Ngaçingoza biziň galaktikamyza ýene iki ýyldan gelip ýetýär. Siziň alymlaryňyz bolsa Ngaçingoza bilen takmynan on ýyldan soň tanyş bolar we ol alymlaryňyz üçin täze bir global meselä öwrüler. Ngaçingoza takmynan ýüz ýyldan soň Akmaýanyň ýoluny ýok etse, müňlerçe ýyldan soň tutuş kosmos ýok bolup gider.
Arslan Isizinzulunyň gürrüňinden soň çuňňur oýa batdy. Arslan:
- Asmanda Ngaçingozany synlap bilerinmi?
Isizinzulu:
- Elbetde! Gije Anwunium güneşi batandan soňra synlap bileris. Ngaçingoza gülgüne reňkde örän owadan we örän gorkunç görünýär.
Isizinzulu Arslanyň eline ýönekeý smartfon ululygynda bir tablo berdi. Tabloda Ngaçingozanyň Loabaliuma näçe wagtdan ýetip geljegi görkezilendi. Tabloda "Galan wagt: 2 ýyl : 1 aý : 2 gün : 0 sagat : 32 minut : 41 sekunt" ýazgysy bardy. Bu türkmen dilinde ýörite Arslan üçin taýýarlanypdy. Tablodaky wagt azalýardy. Arslan hamala şonça wagtdan partlajak bolýan bombany elläp duran ýalydy. Ol gaty gorkdy. Bedeni gowy derledi. Elleri sandyrady. Arslan ahyry özüni dürsedi, "Entäk wagtymyz köp" diýip oýlady we tablony stoluň üstünde goýdu-da uludan dem aldy.
Arslan:
- Siz Ngaçingozany aňly jandarlar tarapyndan döredilen bolmagy mümkin, diýdiňiz. Siz Ngaçingoza tarapa signal ugradyp görmediňizmi?
Isizunzulu:
- Ýok, ugratmadyk. Ýöne muny bizem oýladyk. Emma ony signalymyz bilen öjükdirip, howpy barha tizlendireris diýip, signal göýbermekden saklandyk.
Arslan:
- Bolýar. Meni giç düşýänçä ýalňyz goýuň! Eger-de giç düşmänkä bir täzelik bolsa habar ediň!
Arslan Anwunium güneşi batýança otagynda ýalňyz galdy. Otagda Arslana güýmener ýaly dürli zatlar we iýip-içer ýaly dürli önümler bardy.
Anwunium güneşi batypdy. Giango 1 hemrasynyň ýyldyzly asmanyny synlamak üçin Arslan bilen Isizinzulu daşara, gözegçilik meýdanyna çykdylar. Asman juda arassady. Hemranyň ýyldyzly asman gümmezi ýerdäkiden düýpli tapawut edýärdi. Millionlarça ulululy kiçili ýyldyzlar hemranyň asmanyny bezäp durdy. Gündogar tarapda bolsa äpet Giangenium planetasy görünýärdi. Asmanda hat-da iki sany galaktikany hem saýgaryp bolýardy. Ýer planetamyzdan bolsa teleskoplarsyz galaktikalary saýgaryp bolanokdy. Ondan başgada nebulalar we kwazarlar hem asmanda görünýärdi. Asmanda uzalyp giden gülgüne reňkde bir zolak bardy. Bu şol owadan we gorkuly Ngaçingozady. Arslan, "Bu ýerde Anora bolan bolsa, menden beter haýran galyp, aňk-taňk bolup galardy" diýip oýlady.
Ertesi güni Arslan bilen Isizunzulu ertirlik edinip otyrdylar. Arslan:
- Mende bir pikir bar.
Isizinzulu:
- Nähli pikir?
Arslan:
- Siz şeýlebir simulýasion wirtual wakalyk oýlap tapmaly welin, ol wakalykda wagt örän çalt geçmeli. Meselem, real wakalykda bir gün geçse, wirtuallykda ýüz ýa-da müň ýyl geçmeli. Dogry, bu meselämize çözüw däl, ýöne, bu biraz wagtdan utmagymyza peýda berer - diýip, elindäki galan wagty görkezýän tablo seretdi.
Isizinzulu:
- Bu gaty gowy pikir. Men muny Loalabiumyň ýolbaşçylaryna ýetireýin. Olar nähili netijä gelerkä?
Aradan iki gün geçenden soň Loalabiumyň ýolbaşçylary Arslanyň pikirini goldandyklaryny mälim etdiler. Loalabium galaktikasynyň ähli programmistleri wirtual wakalygy döretmäge girişdiler. Üç aý soňra wirtual wakalyk hem döredildi. Ol Loalabiumyň ilatsyz planetalarnyň birinde äpet superkomýuterde ýerleşdirildi. Wirtual wakalykdaky ýüz ýyl, real wakalykdaky bir güne deňdi. Indi Loalabiumyň saýlanan iň güýçli müň sany alymy wirtual wakalykdan howpa garşy çözüw gözleýärdiler. Arslan bolsa wirtual wakalyga girmek islemedi, onda başgarak bir pikir bardy. Ýöne bu pikiri entäk aýtmakdan saklanýardy. Arslana bu hemrada ähli şertler we mümkinçilikler döredilendi. Ol bireýýäm bu ýere uýgunlaşypdy.
Ertesi güni Loalabium Ngaçingozany öwreniş barlag merkezinden hoşhabar gelip gowuşdy. Habara görä Ngaçingozanyň tizligi biraz peselipdir. Indi Arslana berlen tablodaky wagt hem üýtgedildi. Tablodaky galan wagt dogry üç ýyly görkezýärdi.
Arslan ýat ýerde maşgalasyny unudanokdy. Ol ene-atasyny, doganlaryny, aýaly Anorany we dost ýarlaryny küýseýärdi...

Dowamy bar...

(C) Khanture BS & Nirvana
2022

6 лайков 391 просмотров
33комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
10 июл 2022, 23:32
Nirvana
Ahmedik_97,
Men näme şertnama baglaşar ýaly nememi? :)
Şu Khanture bilenem 2 aý öňünden ýazaly edipdik. Şuny dynsak bolýar, onsaň öz ýazasym gelýän zatlary ýazjak. Men siziň pikir edişiňiz ýaly taslamadan başy çykýan adam däldirin.
Her kim bilen düşünşip bolanok. Khanture ikimiziňem gapma-garşy pikirlerimiz bar. Onsaň beýle pikirli 2 ynsanyň gowy zat döretmek ähtimallygy az bolýar. Düşünensiň diýip umyt edýän.

Şertnamaň nämedigini öňünden bilýän ýaly ýazypsyňyz. Halamadym. Ýeri bolýar, garşy bolsaňyz, zyýany ýok.
Gauzen
11 июл 2022, 09:06
Gyzyklyja bolupdur. Üstünlik!
Harmony
11 июл 2022, 12:09
Tüweleme Khanture. Gyzyklandyrýaňyz gitdigiçe. Dogrusy o planetalary gözöňüne getirip bilsemem, käbir adalgalar ulanylan ýerinde kellämdäki fantaziýa simleri çolaşýa))