Soňky bölüm
Birinji bölüm:
http://biz.islenen.ru/18904-bizi-eserimiz.html
Ikinji bölüm:
http://biz.islenen.ru/18969-eserimiz.html
Üçinji bölüm:
http://biz.islenen.ru/19059-yyldyzly-asmany-astynda.html
Saýtdan giden @Nirvana galamdaşyma tamamlajagyma söz beripdim! Soňky bölüm giç taýýar bolany üçin ähliňizden ötünç soraýaryn!
Ýyldyzly asmanyň astynda
(Ylmy fantastiki we psihologiki hekaýa)
4-nji (soňky) bölüm
2023-nji ýyl. Maý aýy
Anoranyň çagasyny dogurmaly wagty golaýlapdy. Jorasy Eneş ony depressiýadan halas bolmagyna kömek edipdi. Arslanyň dosty Baýramgylyç bolsa Arslan babatda kömegi degipdi. Ol Arslanyň ene-atasyna Arslan bilen ikisiniň iş sapary bilen uzak möhletletleýin daşary ýurda gidendiklerini bahana edipdi. Anora indi Arslan babatynda bahana etmek hökman däldi. Anora düýş gördi. Düýşinde Arslanyň bütin Älemi halas edip dolanjakdygny görüpdi. Ol gören düýşüniň iki günden amala aşjakdygyna ynanýardy we bu çyndanam şeýle bolaýmalydy.
***
2022-nji ýyl. Dekabr aýlary. Loalabium galaktikasy.
Arslan henizem Giango 1 hemrasynda Ngaçingozany öwrenýärdi. Ngaçingoza howpy ýagtylyk tizligine ýakyn tizlikde hereket edýärdi. Ol ýene üç ýyldan Loalabiuma ýetip gelmeli. Ony loalabiumly alymlar nädip hasaplap bildiler? Mundan takmynan altmyş ýyl töweregi ozal Loalabiumdan bir million ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Limatus galaktikasy gözden gaýyp boldy. Soň çalt-çaltdan başgada birnäçe galaktikalar ýok bolup ugrady. Loalabiumlylar galaktikalaryň aralygyny we ýok bolmasynyň wagt aralygyny hasaplap, Ngaçingozanyň tizligini anyklamagy başarypdylar.
Arslanyň Ngaçingoza barada bir çaklamasy bardy. Oňa görä ol çyndanam aňly jandarlaryň işidi. Eger-de ol anomal fiziki hadysa bolanda bu wagta onuň syry teorik taýdan bolsa hem hökman çözüläýmelidi. Arslanyň pikiriçe ol çak edilişi ýaly uly tizlikde däldi. Ngaçingoza nähilidir bir aňly jandarlaryň galaktikalardaky ýyldyzlaryň energiýasyny sorup, ýagtylygyň tizligine golaýlan bolmaly we olaram loalabiumlylar ýaly ekzotik maddanyň kömeggi bilen gurçuk deşen ýerlerden peýdalanýan bolup bilerdiler. Sebäbi Arslanyň we umuman birnäçe fizikleriň pikiriçe ýagtylygyň tizligi älemdäki iň ýokary tizlikdir. Ony aşmak mümkin däl. Bu çaklama hakykatdanda dogrydy. Takmynan birnäçe million ýyl ozal Limatus galaktikasyndaky aňly jandarlar ýyldyz energiýasyny sormany öwrendiler. Indi olar çäksiz energiýa arkaly öňünden çykan galaktikalaryň ýyldyzlarynyň energiýalarny sülük ýaly sorup gelýärdiler. Olar ýyldyz energiýasyny sormak üçin, ýyldyzyň daşyndan äpet sferik panel gurýardylar. Biziň alymlarymyz bu sferalaryyň bardygyny teoriki taýdan agzapdylar we olara Daýson sferalary (Dyson spheres) diýip at beripdiler. Indi özüňiz göz öňüne getiriň, ýyldyz energiýasyny sormany öwrenen siwilizasiýa garşy loalabiumlylar nähili garşylyk görkezip bilerdiler? Elbetde hiç hili. Entäk biziň loalabiumlylar ýyldyz energiýasy ol ýerde dursun, öz planetalarynyň resurslaryndan hem doly peýdalanyp bilenokdylar. Hat-da biz ýerliler hem öz Günümiziň energiýasyndan doly peýdalanamyzok, ýagny biz öz Günümizi gurşap alan Daýson sferasyny guryp bilemizok. 1 sm galyňlykdaky Daýson sferasyny gurmak üçin Gün sistemasynyň ähli materiallaryny ulananymyzda hem gurup bilmezdik, sebäbi ol güni doly gaplap bilmezdi, sebäbi Gün diýseň äpet. Haýran galaýmaly ýeri limatuslylaryň Daýson sferalaryny gurmak üçin gerekli materiallaryny nireden tapýandyklarydy. Olar gerekli materiallary gözläp tapanokdylar, olar materialy köpeltýärdiler. Hawa hawa köpeltýärdiler, olarda molekulýar köpeldiji enjam bardy. Ol enjam islendik bir jisimiň molekulýar düzümini öwrenip we ony köpeldip täze nusga taýýarlap bilýärdi. Olar diňebir materiallary köpeltmän, meýilnamalaryny çalt tamamlamak üçin işçileri we gerekli resurslary hem köpeltýärdiler. Köpeldilen işçileriň we materiallaryň kömeginde meýilnama gysga möhletde tamamlanýardy. Häzirki wagtda älemimizde ösüş piramidasynyň çür depesinde duran ýeketäk siwilizasiýa şulardy.
Arslan öz çaklamasyny Loalabiumyň ýolbaşçylaryna gürrüň berip, Ngaçingozany döreden siwilizasiýa bilen hökmany suratda kontakta çykmalydyklarny nygtady. Loalabium ýolbaşçylary muňa razy boldy we amala aşyryljak kontaktda ähli jogapkärçili Arslanyň boýnuna ýüklediler. Arslan bu çäräniň howpsuz geçmesi üçin jogapkärçiligi öz boýnuna aldy. Ol Isizunzulu bilen bilelikde kiçiräk ýaşaýyş emele gelmedik planetalary bolan jansyz bir galaktika tapyp limatuslylar bilen kontakta şol ýerden çykmagy meýilleşdirdiler. Sebäbi Loalabiumdan kontakty amala aşyrmak juda howpludy. Bu öz ölümiňi özüň diläp almak bilen barabardy. Isizunzulunyň şägirtleri limatuslylar bilen kontakta çykar ýaly amatly galaktikany tapdylar. Arslan, Isizunzulu we ýüzlerçe lingwist we mehanik alymlar şol galaktika gurçuk deşen ýeriň kömeginde geldiler. Lingwistler limatus bilen kontakta çykmakda uniwersal dil oýlap tapmalydylar.
Olar limatuslylara ilkinji signalyny ugratdylar. Signalyň habarynda Loalabium siwilizasiýasynyň ösüş depginini we olaryň parahatsöýjülikli gatnaşyga taýýardyklary aýdylandy. Signalda ilki bilen Pifagoryň teoremasyndan başlap, E=mc2 çenli ähli ylmy açyşlary bilýändikleri agzalypdy. Bu Loalabiumlylaryň aňly ösen siwilizasiýadygny bildirmek üçin ähmiýetlidi. Signal limatuslylaryň Ngaçingoza howpuna tarap gönükdirildi. Signal wideo we audio hem-de grafiki formatda dürli çastotalarda ugradyldy. Aradan bir aý geçenden soň limatuslylaryň jogap signaly ýetip gelipdi. Signalyň habaryny gysgaça şeýle düşindirip bilerin (Bellik: Signal edil aşakdaky görnüşde däl. Bu diňe düşündiriş hökmünde):
"Hormatly Loalabium siwilizasiýasy. Siziň bize ýollan audio, wideo we grafiki signallaryňyzyň ählisini aldyk we oňa diýseň begendik. Sebäbi biz heniz özümiz ýaly aňly siwilizasiýa entek duş gelmedik. Biz Äleme hiç hili howp salamyzok, biziň ýok eden galaktikalarymyzda hiç hili aňly we aňsyz jandarlar ýokdy. Barlaryny hem biz howpsuz ýere ewakuasiýa etdik. Biz galaktikalardaky ýyldyzlaryň energiýasyny sorup ondan peýdalanmagy öwrendik. Biz howpsuz ýere geçiren jandarlarymyzy hem şol energiýadan özleriniň peýdalanmagyna goýup berdik. Olar heniz kosmiki derejä çykmadyk, çala ösen medeniýetdi. Olar üçburçluk teoremasyny (Pifagor teoremasy göz öňünde tutulýar) ýakynda bilen ekenler. Biz olara öz açyşlarymyzy öwretdik. Bizde hem hiç hili ýowuz niýet ýok. Biz hem parahatçylykly gatnaşyklara hemişe taýýar"
Signal alnyp, habar lingwistleriň kömegi bile düşinilensoň Arslan Isizunzula bakyp:
- Men bu habara näme üçindir biraz şübhelenýän - diýdi.
Isizunzulu:
- Menem...
- Sebäbi şeýle ösen, öňlerinden çykan ýyldyzlaryň energiýasyny sorup ýören we iň esasysy biziň ugradan signalymyza düşünip, jogap habaryny ýollap bilen siwilizasiýanyň parahatsöýüjilikli gatnaşyga taýýardygyna ynanyp bilemok. Hat-da bizde hem Ýewropalylar Amerikany açanda ýerli ilat bilen gatnaşyk agyr geçipdi ýa-da bolmasa siz hem biziň siwilizasiýamyzyň ýokarky wekilleri bilen henizem düzüwli kontakt gurup bilmediňiz. Ýeri indi bular bilen parahatçylykly aragatnaşyk gurup bolarmyka?
- Iň uly töwekgelçilik bu hiç hili töwekgelçilik etmezlikdir. Biz töwekgelçilik edip şu ýere çenli geldik. Indi biz galaktiki söweşiň öňüni almak üçin elimizden geljek we gelmejek ähli zada taýyn bolmaly. Biz muny elbetde başararys!
- Hawa. Indi biz olar ýüzbe ýüz aragatnaşyga çykmaly.
Birnäçe wagtlap dowam eden ikitaraplaýyn söhbetdeşligiň netijesinde Loalabium bilen Limatus dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga ylalaşdylar. Ýakyn wagtda olar biziň Ýer planetamyz bilen hem gatnaşygy ýola goýmagy meýilleşdirýärler.
***
Arslan Giango 1 hemrasyndaky soňky gününi geçirýärdi. Loalabium ýolbaşçylary ony "Galaktikanyň gahrymany" diýip yglan edipdiler. Arslan myhamnahada Isizunzulu bilen günortanlyk edinýärdi. Arslanyň öňünde türkmen palawy bardy. Giangeniumly aşpezler muny ýörite Arslan üçin taýýarlapdylar. Arslan günortanlykdan soň aşpezlere türkmen palawy üçin köp sag bolsun aýtdy. Soňra ol Giangeniumyň we Loalabiumyň ýolbaşçylaryna sag bolsun aýdyp olar bilen hoşlaşdy. Arslany bu ýere getiren ilçiler indi ony yzyna alyp gitdi.
***
Aradan dört ýyl geçdi. Arslan bilen Anoranyň gyzy bolupdy. Olar gyzlaryna Ýyldyz diýip at goýdular. Loalabiumlylar we limatuslylar Ýer planetamyz bilen parahatsöýüjilikli aragatnaşyga çykypdylar. Häzirki wagtda Arslan bilen Anora Giangenium planetasynyň Giango 1 hemrasynda ýyldyzly asmany synlaýardylar...
Soňy
Hekaýany ýazmakda elinden gelen ähli kömegi edendigi üçin @Nirvana agzamyza köp sag bolsun aýdýaryn!
© Khanture BS & Nirvana
2022

18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.