???
Käte näme, bolaýýan zat,
Keýpim bir ýüz bäşdi, dostlar.
Agşamara. Bir perizat
Awtobusdan düşdi, dostlar.
Oturgyja golaý bardy,
Demin dürsäp biraz durdy.
Soň gyssanyp ýöräberdi –
Duralga-da boşdy, dostlar.
-“Aýalymyň işde wagty,
(Keselhanada nobaty),
Sypdyrmaýyn beýle bagty,
Sähetli gün duşdy, dostlar”.
diýdim-de men öz-özüme,
Düşüberdim oň yzyna,
Dessandaky şa gyzyna,
Şeýlebir meňzeşdi, dostlar.
Periden asyl döreýşi,
Şaýatdy muňa ýöreýşi,
Ýol ýakany bezäp barşy,
Misli tawus guşdy, dostlar.
Gidip barýar – durmaýardy,
Maňa ünsem bermeýärdi,
Ýa-da asla görmeýärdi,
Aralygam daşdy, dostlar.
Ýetäkgetdiň: -“Aýu, gelin,
aýak çekiň birje salym,
Men bilbiliň, bolaý gülüm”
diýäýmegem işdi, dostlar.
Hudaý eçilse guluna,
Getirip berer eline,
Ne döw çaldy o geline?!
Gapymyzy açdy, dostlar.
Haýdan-haý özümi dürsäp,
Yzy bilen girsem kürsäp,
-“Bu günem geldiňmi porsap?!”
diýip, töre geçdi, dostlar.
Işden jogap alyp çykan,
Wah, Mežnun eden ýerçeken,
Ol meniň öz gelnim eken,
Ähli keýpim gaçdy, dostlar.
Oraznepes BAÝRAMOW.
3 комментария