Altynjy söhbet: Çeper dil

ALTYNJY SÖHBET: Çeper dil

OSMAN ÖDE. Sen entek ýaş şahyr mahalyň: «Eger diri bolsa türkmeniň dili, Geljegimem diri, Geçmişem diri» diýen setirleri ýazypdyň. SSSR ýyllarynda biziň dilimiz häki bir gürrüňçilik dili bolup galdy. Ylym, edara işleri – tutuş döwlet dili rus dili boldy. Birnäçe ýazyjylar rus dilinde ýazdylar. Gynansak-da, biziň juda hormatlanýan, ajaýyp ýazyjymyz Akmyrat Şirem rus dilinde ýazdy...

NOBATGULY. Akmyrat neresse student ýyllary türkmençe ýazýardy. Ol haýsy redaksiýa barsa, «seniň diliň türkmençe däl» diýip, ony tankytlap, garaz, eseriniň dilini halaman zadyny çykarmadylar. Nämemiş Akmyratda şiwe sözleri köpmüş...

OSMAN ÖDE. Geçmişde biziň alymlarymyz, şahyrlarymyz, esasan, arap hem pars dillerinde ýazypdyrlar. Indi olaryň ajaýyp eserleri haýsydyr bir dil serhedinden aňyrda ýatyr. Muňa gaty gynanýarsyň, emma etjek alajyň ýok.

NOBATGULY. Beýle bişeýkel ýagdaý dünýäniň ähli halklarynda-da duş gelýär. Her bir adam, her bir şahyr geçmişde-de dünýä çykmak üçin ýörgünli dillerde döredipdir. Biz näme, bizem türkmen dilinde ýazanymyza garamazdan, rus diline geçäýer ýaly edip ýazdyk ahyry. Käbir şahyrlar-a, rusça pikir ýöredip, türkmençe-de ýazdylar. Gylyç Kuly pahyram kyssasyny orsça pikirlenip, türkmençe ýazypdy. Gurbannazarda-da, Annaberdide-de şeýle goşgular bar. Ikinjidenem, «orta asyrlarda halk üçin eser ýazylmandyr» diýsek hem öte geçmeris. Goşgy, gazal, ylym aýratyn adamlar üçin döredilipdir, aýratyn adamlar hem okapdyr. Eger, aýdaly, Seljuklar döwrüniň şahyrlary pars dilinde däl-de, türkmençe ýazanda hem ony şu günki gün köne türkmen dilinden täze türkmen diline terjime etmeli bolardyk.

OSMAN ÖDE. «Gorkut ata» näme? Ony biz şu gün arkaýyn okap bilýäs-ä!?

NOBATGULY. «Gorkut ata» ir döredilen eser, bize gelip ýeten nusgasy on altynjy asyrlarda ýazylan bolsa gerek. Dil ýyllaryň geçmegi bilen özgerip gidip otyr. Soňky ýetmiş ýyl näme? Sanalgyja ýyl, emma, şonda-da türkmen dili gaty özgerdi. Otuzynjy ýyllaryň dili bilen häzirki dilimiziň arasynda-da tapawut bar. Ýogsa, gazet-žurnallar, kitap neşirleri dili öz çarçuwasynda-da saklap dur. Hawa, soňky ýetmiş ýylda Aşyrberdi Kürt aýtmyşlaýyn, «içi armaturadan» doly türkmen dilini edindik, muňa gazetler günäkär.
Bir müň kyrkynjy ýyllarda seljuk türkmenleriniň basybalyjylykly hereketi başlaýar, türkmenler arap geogragy Ýakudyň ýazyşyna görä, «Azerbaýjana goýun sürüsiniň örä gidişi ýaly ýaýraýar, tutuş Zakawkaziýa, şindiki Türkiýä, Arabystana – basyp alan ýerlerini edara etmäge köpçülikleýin göçýärler. XIII–XVI asyrlarda türkmenleriň Hindistana göçi başlanýar. Häzir Hindistanda «urdu dili» diýen bir dil bar, şol dil şu ýerden orda-orda bolup giden türkmenleriň dili. Gazaklarda bir ajaýyp şahyr bar. Oljas Süleýmanow diýýärler. Çingiz Aýtmatow ikisi tutuş türki dünýäde örän belli adamlar. Oljas şeý diýýär: «Tutuş türki dilli halklaryň hemmesi örän ýoýlan köne türkmen dilinde gepleýär». Türkmen dili üçin şu sözden beýik söz bolup bilmez! Bu sözüň manysy – biziň ählimiz türkmenlerden bölünip gidip, dilimizi ýoýan halklar, türkmen türki dünýäniň köki diýmek bilen barabar. Eger, häzir arap ýazuwynda umumy türk gazeti çykarylsa, ony tutuş türki halklaryň ählisi okap bilýär.

OSMAN ÖDE. Häli bir gepiňde eseriňde şiwe dilinde bir söz ulansaň, «diliň ussatlary» türkmençe bilmezlikde aýyplaýarlar diýdiň. Walla, bir ulanylmadyk söz ýazdygyň «beý, allajanlarym, şu sözi Berdi Kerbaba ýa Ata Gowşut ulandymyka?» diýip, gara heläk bolýaň. Türkmen dili – teke dialekti däl. Ol ençeme şiwelerden ybarat dil, şonuň üçinem ähli şiwelerden del sözleri edebiýata girizmeli. Diliň baýlygy – iliň baýlygy!

NOBATGULY. Osman jan, düýp-teýkaryndan tutsana! Dört million türkmen bar, onuňam dilini şiwe, taýpa diýip bölmek bolarmy? Beýtmek – dile hyýanat etmekden başga zat däl! Beýtmek – dile kast etmek. Aslynda, türkmen alymlary şiwe, taýpa dillerini öwrendi, ýabygorluragam bolsa öwrendiler. Şolaryň ählisindäki ozal ulanylmaýan sözleri türkmen diliniň uly sözlügine hökman girizmeli. Aýdaly, bir sözlemde bir ýa iki şiwe sözi gabat gelýär. Birden artyk hiç mahal gabat hem gelmez. Bir sözüň manysyna sözlemiň esasynda düşünip bolýar ahyry. Şiwe dili diýen zady goýmak gerek. Käşgä, nemesler ýaly ýüz millionlap halkyň bolsa, şiwe diline başga nemesler düýpden düşünmese, onda başga gep. Nemesleriň edebi diline meýdanda işläp ýören garamaýak düşünmeýär. Şeýle ýagdaýda «şiwe dili» diýip aýryp bolar. Bizde şiwe ýok. Bir şiwede duşýan del söz ikinji şiwede bolmasa, üçünjide hökman duşýar. Neneň onsoň ol şiwe bolup biler?! Eger, meniň elimden gelse, şiwe dilleri diýilýän dillerdäki ähli gerekli sözleri alyp, şiwe diýilýän zady, ol ugurdaky ylmy hem ýatyrardym. Dört millionly, bir ýurtda ýaşap ýören halkda şiwe bolmaýar!
Dil hakda bir rowaýat: Gadym zamanda bir adam bazardan saýry ýurtdan getirilen bir gyrnak aljak bolsa, «onuň diline nädip düşjek, ondan saňa aýal bolmaz» diýipdirler. Ol adam alypdyr. Bir ýyla ýetmän çagalary bolýar, üç ýylda çagalary gürläp başlaýar. On ýylda çaga hem ene dilinde, hem atasynyň dilinde geplänmiş. Atasy çagaň üsti bilen enesine, enesi çagaň üsti bilen atasynyň diline düşünip, öwrenip gidipdir. Islendik dilde ýazan gadymy ata-babalarymyzy şol çagajyk ýaly okap, düşünip halkymyza ýetirmelidiris.
Dilimiziň ösmegi üçin ýene bir zady derwaýys ýola goýmaly. Bu Hudaýberdi Durdyýew TKP MK-nyň sekretary mahaly türkmen edebi dili barada bir maslahat geçirdi. Oňa sanalgy adam çagyryldy. Men şonda: «Hudaýberdi Durdyýewiç, Metbugat öýünde türkmen dilini gowy bilýän Annaly Berdi, Aşyrberdi Kürt, Işan Gulja ýaly adamlardan ýörite topar döretmeli, ýogsa, rus dilinden geçýän adalgalary, söz düzümlerini her gazet özüçe terjime edýär, netijede bir sözüň ençe manysy, görnüşi peýda bolup gidip otyr, muňa ýol bermäliň» diýip, pikirimi mysallar arkaly subut etdim. Pikir şol ýygnakdan daşa çykmady. «Elektrofikasiýalaşdyrmak» diýen ýaly sözler bar, näme diýip, ony «elektrikleşdirmek», «mehanizmleşdirmek» diýip alyp bolanok. Eger gazetler dil kontrollygy bolman, şu çykyşyna çykyp otursa, indiki asyrda diliň nähili boljagyny Alla bilsin! Häzir dilimize kapitalistik düşünjeler girýär, olaram rus diliniň üstünden. Otuzynjy ýyllarda edilişi ýaly, olaryň türkmençesini tapmaly, gerek bolsa türklerden almaly. Ýönekeý mysal: matematika, fizika, himiýa mekdepde iň bir söýülmeýän dersler, sebäbi ol okuw kitaplaryny spesialistler rusçadan terjime edýärler, olar türkmençe örän düşnüksiz. Sözme-söz diýen ýaly terjime. Okap-okap düşünjek gümanyň ýok. Biz bolsa ony görmedikden bolup ýörüs!
Dil – her bir halkyň baş ylmydyr! Oňa biperwaý seretmek jenaýat! Biz dile şeýle bir biparh welin, aýdyp-diýer ýaly däl. Dilimizi ýoýýan – türkmen ýaltalygy. Geplänimizde ýaltanyp gepleýäris. Şonuň üçinem tirkeş sözler biziň dilimizde ummasyz köp. Çaga-çuga, oglan-uşak, kädi-kowal, mal-gara... Üstesine-de, hut Magtymguly ýaly klassyklarymyzyň ürç edip ulanan sözlerinem arhaizme öwrüp barýarys. Mysal: Roýmal – polotensa, narynç – apelsin, argymak – bedew at, garabaş – hyzmatkär aýal, gallab – galp pul ýasaýan, jawydan – ölmez-ýitmez (nähili zerur söz!), kandil – lýustra, maşgal – fakel, museppe – özünden başgany akmak saýýan adam, heminzaman – häzirki döwür, muhal – absurd, mufetten – prowokator, nemaýyş – spektakl, owrat – aýalyň ýa erkegiň utanç ýeri, sepine – korabl, susen – suw liliýasy, pesat – intriga, hamu-has – ýokary hem aşaky synp, haýýat – biçimçi, hemej – ilkidurmuş wagşylygynda, ýabanylygynda ýaşaýan adam...
Islendik manyny bir söz bilen, beýan edip bolýan bolsa, şol dil baý dil, ösýän döwletiň dili bolýar. Görýäňmi, ruslar şu mahal aldygyna iňlis dilinden täze many aňladýan sözleri alyp gidip otyrlar. Täze galkynyş döwründe täze düşünjeler örän köp bolýar. Biz bolsa şol düşünjeleri köp sözüň üsti bilen beýan edip dilimizi arassa saklamaga dyrjaşýarys. Ol bolanok. Diliň ösüşi hakda ne makala çykýar, ne gazet bar, ne žurnal. Her kim nähili gepini düşündirip bilse, şo hilem oňňut edip ýör. Şol sebäplem telewizorda çykyş edýän adamlaryň sakawlamaýany, «neme, o zat» diýip durmaýany ýokdur. Bize dil ylmyny öwrenýän ýörite žurnal gerek, türkmen edebi diliniň täze sözlügi, ylmyň pudaklarynyň diliniň sözlükleri derwaýys zerur. Görýärmiň, otuzynjy ýyllar şeýle bir sözler döredipdirler, akylyň haýran galýar. Işlik, düşüm, ýöňkeme diýen ýaly terminleri batyrgaýlyk bilen ýasapdyrlar, hatda şonuň soň ýasalanyny köp adam bilenok hem.

OSMAN ÖDE. Meniň pikirimçe, adamyň baş miwesi söz. Isaýylar dininde «ilki söz, soňra materiýa bolupdyr» diýilýär. Marksistler bilen diniň gapma-garşylygam şol ýerden başlaýar. Marksistler «ilki materiýa bolupdyr, soňra söz» diýen filosofiýa gulluk edýärler. Ýazyjynyň, şahyryň iş materialy söz. Onsoňam, türkmenler söze – lebiz diýip hem düşünýärler. Söz berdiňmi – sözüňde tapylaýmaly. Janam agyzdan çykar, lebzem. Bu türkmeniň kadasy. Lenç edilen bir rowaýat bar. Bir patyşa birine «dünýäde iň süýji zady tapyp gel» diýýär, ol adam bazardan dil satyn alyp gelýär, soňra «iň ajy zady tapyp gel» diýeninde hem dil alyp gelýär. «Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez» diýibem türkmeniň ajaýyp nakyly bar. Dogrudanam, söze sarpa azalyp barýar, ähli babatda, şeýle dälmi?

NOBATGULY. Rast aýdýaň.

OSMAN ÖDE. Ras aýdýan bolsam, sen türkmen diliniň sözlügini düz. Dalyňky ýaly, düz ajaýyp sözlügi. Men şu teklibi ikinji adama – saňa aýdýan. Öň şu teklibi Ümür Esene aýtdym. Men onuň gowy. bäh diýdirjek sözlük düzüp biljekdigine ynanýaryn.

NOBATGULY. Beýle sözlüge meniň ömrüm ýetmese gerek. Bu gaty janköýer ýolbaşçyly ylmy institutyň işi. Ýa-da muny ömrüni bagyş edip biljek gaty sowatly, zähmetsöýer kişi gerek.
Bir ýola Muhammet pygamber bilen bir adam bir ýerde duşuşmagy wadalaşýarlar. Pygamberimiz aýdylan wagty baryp garaşmaga durýar, iki-üç gün geçenden soň, şol wadaly adam onuň üstünden geläýýär, asyl o duşuşyk onuň ýadyndan çykyp giden bolsa näme! Ol pygamberden «näme işläp dursuň» diýip soraýar. Pygamber üç gün öň wadalaşanlaryny ýada salýar, ol adam: «Üç günden bäri garaşyp durmuň» diýip haýran galýar. Söz söz bolýar. Hindilerde bir düşünje barmyş, hiç adama içinden çykmaz ýaly söz diýmek bolmaýarmyş, çünki şol sözden rak döreýärmiş. Men şol düşünjäniň real bolaýmagynyň mümkindigini inkär edemok. Ýekeje sözde – häsiýet, reňk, ýylylyk, mähir, sowuklyk, gazap, söýgi, lezzet görgünlilik, onuň soňunda many hem jady bar. Söze şeýle bir seresap hem söýgi bilen çemeleşmek gerek, çünki biziň islendik sözümizi ata-babalarymyzyň, mamalarymyzyň ýüz arkasy aýdandyr, olar biziň eziz pederlerimiziň lebzi päk dahanyndan çykan owazdyr. Häzir biziň birentek žurnalistlerimiz, ýazyjylarymyz dil meýdanynda bakja giren oklukirpiden enaýy däl...

OSMAN ÖDE. Haý, şahyr, gaharyňy getirme! Olar gahar edeniňe degenok... Täze döwürde täze-täze hokgabazlaram köpelipdir. Nakyl ýazyp ýörenem kän.

NOBATGULY. Nakyllar durmuşyň müňde bir ýola barlagdan geçen, goşga ýakynlaşdyrylan, takyk kanunlary bolan söz düzümidir. Biri bilen jedel edeniňde, mamladygyňy nakyl bilen subut edip bolýar. Emma, bizde nakyly öz geregimize ýaratmak ýoň boldy. Ýetmiş-segsen ýyl bäri türkmeni dünýäde iň myhmanparaz halk hökmünde görkezmek sosialistik sistemanyň ideologiýasyna zerur boldy. Dessine «Myhman – ataňdan uly» diýen nakyly ulanyp başladyk. Nakylyň ikinji ýarymyny taşladyk. Ol nähili myhman ataňdan uly bolýarmyş? Hakykatda, nakyl şeýle: «Myhman – ataňdan uly, ýöne öý eýesiniň – guly». Görýärmiň: «Myhmana ataňa etmedik hormatyňy et, emma myhmanam öý eýesiniň guludygyny duýup dursun» diýilýär. Nakylyň ikinji bölegini ulanyşdan aýyrdyk welin, ýurdumyzyň myhmanlary özlerini gaty erkin duýýarlar... Ýalňyş ulanylýan nakyllaram bar. «Ertir bilen ataňy gör, soňra – atyňy». Bu ýerde nakyl dogry pikiri ündeýär, nakyl şeýle halda ýaşap bilmeli däl. Muny: «Ertir bilen ataňy gör, onsoň eşegiňi gör» diýip hem ulanyp boljak. Dogrusy, bu nakyly: «Säher tur-da pagtaňy gör...» diýip, ulanyp hem gördüler. Emma nakylyň dogry wariantynda täsin pikir öwrümi bar: «Ertir bilen atyňy gör, onsoň – ataňy!». Ine, şeýle ýagdaýda türkmeniň ata bolan söýgüsi äşgär bolýar. Şeýle ýagdaýda türkmeniň söweşjeňligi aýan bolýar: at – asudalygyň kepili... «Nanyň bolsa suwa at, balyk bilmese, Halyk biler». Bu-da nädogry. Dogrusy: «Nanyň bolsa, suwa at. Halyk bilmese, balyk biler» bolmaly. Sebäbi biziň milletimizde «Alladan birugsat çöp başy gymyldamaz» diýen düşünje bar. Bu nakylda: «Her bir gymyldy-hereketi bilip duran Alla-da seniň eden ýagşylygyňy bilmese, onda nany iýen balyk bilar, ýagny, «ýagşylyk ýerde ýatmaz» diýiljek bolýar.
Men kimdir biriniň spektaklyny gördüm. Şeýle bir köp nakyl ulanýar welin, zordan antrakta çenli çydadym... Çykdym gaýtdym. Soň Kakajan Aşyr bir öwrümde şol spektaklyň awtoryny aýtdy, ýörite iş edinip nakyllaryny sanandygyny, plança sany nakyl bardygyny aýtdy. Şodur-da-şodur men pýesa ýazanymda dialoglaryma ýekeje-de nakyl golaýlaşdyramok. Dogry, bir ýürekdeş awtorym ençeme ýola çyzanyma seretmezden, bir oýnumyza dört sanagyny goşupdyr... Nakyl her ädimde bize durmuş çelgisi, emma sahna, ekrana gelenok... Belki, çeper eserlere gelmeýän bolmagy-da ähtimal. Ata Durdyýew diýen bir ýaşuly ýazyjy bar. Ol köne nakyllary, rowaýatlary, hekaýalary gaty köp bilýär. Şol bir gezek: «Halk ullakan bir wakany durmuşdan alyp, onam sykaga-da iki setire – nakyla öwürýär. A pylan şahyr bolsa (ol şahyryň adyny aýdýar, ol şahyr ir öldi, hatyra saklap, adyny aýdyp durmaýyn) şol iki setirden on iki setirlik goşgy ýasaýar» diýdi. Elbetde, bu süýji tagama suw goşup, nahary zaýalamak ýalydy. Beýtmek hebes! Şahyrmyň – goşgyňy ýaz, akylly pikir aýdyp bilseň, (Magtymgulynyňky ýaly) il içinde nakyla öwrülip gidýär. Nakyly başgaçarak öwrüp-çöwrüp goşgy edýänlere edebiýatyň gallaby diýip bor. (Gallap – ýasama pul ýasaýanlar). Diýmek, olar edebiýat jenaýatkärleri...
Bir ýola bir garyp gurbanlyk goýun alyp gelýän eken. Onuň öňünden suwly ýap çykýar, görgüli onuň boýunbagyndan dartýar, goýun dört aýagyny ýere diräp sanjylyp duransoň, garybyň gahary gelip, oňa: «doňuz» diýip gargynypdyr. Ony eşiden bir molla:
– Goýny harama çykardyň, munuň etini indi iýmek bolmaz – diýýär. Garyp görgüli ony goýberip, ýaňadan başga bir goýun alyp gelýär, o-da ýaňky suwa gelip kürtdürip durýar. Urup görýär, siltäp görýär, geçenokmyş. Şonda ol:
– Saňa diýäýmelis-ä belli welin – diýip hyrçyny dişlänmiş...
Nakyl ýazýanlara-da diýäýmelisi şol. «Il aglak bolsa, doňuz depä çykar» diýipdirler. Abdylla, Saýlaw Myradowlar, Ahmet Bekmyrat ýaly tankytçylar ýok, onsoň etjegini edýän köpelip gidip otyr-da. Sözde real jady, akyldan daşgary gudrat, haýran galdyryjy keramat bardygyny adam şindi gowaklarda ýaşap ýören wagtlary duýan bolmaly. Şonuň üçin olar daglarda, daşlarda ýazgy galdyrypdyrlar, toýuna hat ýazyp kürelerde bişirip ertire aýapdyrlar. Taryhyň magat bilýän dinleriniň baş kitaplary okamagy ündeýär. Ataşparazlaryň baş kitaby «Aweste» – türkmen dilinde «hudaýy wasp etmek» hem-de «wesýet» manylaryny berýär. Gurhan oka diýen manyny berse, Injil – hoş habar. Dinler – asmandan zemine – ynsanlara gönderilen ýaşaýyş kanunlary, konstitusiýalar. Dinleriň iň beýik tarapy – olar adamzadyň oýlap tapan sözlerini asmanyň, Allanyň ady bilen keramatlaşdyrýanlygyndan ybaratdyr. Bu bolsa jemgyýetiň takyk ýol arkaly progrese (otnositel) ýönelmegini kepillendirýär. Ýazuw arkaly sözleri, dili ebedileşdirmedik halky hiç mahal medeniýetli halkyň hataryna goşup bolmaz. Edil şunuň ýaly, agzyna gelen zady gelşiren bolup, nakyl ýasaýanlara-da medeniýetli diýip bolmaz. Mundan nije müň ýyl ozal Oguz han neberelerine tagma ýasap berip, ilkinji haty durmuşa ornaşdyrypdyr. Bu oguzlaryň – türkmenleriň juda gadymy, kämil halkdygyndan habar berýär. Biz ol mirasy mukaddes saklamalydyrys.

OSMAN ÖDE.
Söz!
Näme sen, näme sen?
Niçik baý sen reňke,
Ylahydan däne sen,
Sepilipsiň göwsüme.
Niçik baý sen tagama,
Näm bar seniň dadyňda?
Müň ýyldan öňki sözüň
Dady şindem ýadymda.

Ýekeje söz pyňkyrdyp biler hatda düňlänem,
Ýekeje söz hykga dolar agy bolup damaga.

Bir söz bilen ynsany edip bolýar du para,
Bir söz bilen dirildip bolýar ony täzeden.

...Bir söz bilen ýaradypdyr bu dünýäni ylahy,
Bir söz bilen ýykyp bolar şol dünýesin Allanyň...

Bu mysallaryň seniň «Söz» diýen şygryňdan aldym. Aýny wagtynda gerekli sözi aýdyp, ölümden galan, aman sypan adamlary taryh köp bilýär. Gadym zaman Adyl şa (Nowşirwan patyşa) bir jenaýatkäri dardan asmaga höküm edýär. Şonda jenaýatkär:
– Saňa Adyl şa, Adyl şa diýýärler welin, seniňem pylan ýurduň zalym şasyndan tapawudyň ýok eken – diýýär.
– O näme diýip?
– Men şol zalym şanyň ýurdunda şu eden jenaýatymy eden bolsam, ol näderdi?
– Dardan asardy...
– Dogry! Ine, senem dardan asjak bolup dursuň, ikiňiz zalymlykda bir...
Adyl şa oňa uzak möhletleýin zyndan jezasyny berýär. Ýa bolmasa, seniň «Gedaý bagşy» pýesaňda bir waka bar. Gedaý bagşy bir ýas tutup ýören ýurtda aýdym aýdany üçin, ony şanyň ýanyna alyp gelýärler. Olam ony ölüme höküm edýär. Şonda Gedaý bagşy: «Şahym, damagy çalynmazdan ozal mala-da suw görkezilýär, bir pyýala suw berseler – diýýär. Oňa suw berýärler. Gedaý bagşy suw içip: «Ynha, şahym, siziň merhemetli ojagyňyzdan mübärek suwuňyzy içip, myhmanyňyz bolduk» diýen. Gündogarda bolsa myhmana gandaram bolsa ölüm ýok.
Şu mahal bolsa gazet-žurnallarda, neşirýatlarda çykýan çeper eserleri okap janyň ýanýar. Ýerlikli aýdylan çagy gan geçilmegine sebäp bolýan sözi biz öňküden-de keramatlandyrman, gaýta suwjardýarys, duzsuzlaşdyrýarys, tagamyny gaçyrýarys. Eý, Hudaý, biziň bu beýik mirasa hormatymyz geljekde-de şeýle bolar gidermikä? Eger, şeýle dowam etse, bu halkyň lebzini, ygraryny ownatjak zatlaryň ulusy bolar.
Milletiň iň esasy alamatlarynyň biri, ony beýleki milletlerden tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklaryň biri milletiň dilidir. Çünki dil milletiň ähli içki ruhy özboluşlylygyny, milli ruhy «menini» özünde jemleýär. Dil – milletiň kalbydyr. Milletiň dilinde onuň dünýä, durmuşa, ýaşaýşa akyl ýetiriş ölçegleri-de, onuň pikirleniş ukyby-da aýan bolýar. Emma diliň millet üçin ähmiýeti diňe bir aň, akyl-paýhas serişdedigi bilen çäklenmeýär. Dil has düýpli hadysadyr. Dil milletiň tutuş ruhy ýaşaýşynyň, onuň kalbynyň, ýüreginiň, syrly duýgularynyň, mahlasy, tutuş milli durkunyň beýan bolmagydyr. Şonuň üçinem iş ýüzünde millet we dil, halk we dil – bular tas bir zatlardyr.
Taryha göz aýlasak, ata-babalarymyzyň öz ene diline şeýle uly ähmiýet berendiklerini görýärsiň. Olar ene dilimize üýtgeşik, keramatly, syrly hem gudratly zat hökmünde garapdyrlar. Şol bir wagtda-da olar dile örän aýawly çemeleşipdirler. Çünki diliň gutaran, aýak astyna düşen, zaýalanan wagtynda milletiňem pese düşýändigini olar oňat bilipdirler. Diliň ýok ýerinde millet hem ýokdur.
Biz bu hakykatyň ýuwaş-ýuwaşdan çyna öwrülip başlan döwri bolan sowet döwründe türkmen dilimiziň nähili garyplaşyp, zaýalanyp ugrandygyna şaýat bolduk. Biz muny öz işimizde we ýaşaýşymyzda berk sapak edinmelidiris.
Halkyň geçmişi babatynda aýdanyňda, dil milletiň geçmişini, taryhyny janlylygynda saklap galýan uly hazynadyr. Taryhy geçmiş dürli ýadygärliklerde – geçmişe degişli binalarda, taryhy resminamalarda, arheologik tapyndylarda, dürli maddy sungat eserlerinde we beýlekilerde saklanyp galýar we ýaşaýar. Emma bularyň bary diňe maddy serişdelerdir, ýagny zatlardyr. Biziň bütin geçmişimiziň arassa hem janly ruhy barlyk bolup saklanyp galýan ýekeje ýeri bardyr. Bu-da biziň milli dilimizdir.
Men geçmişiň maddy ýadygärlikleriniň ähmiýetini kiçeltmek islämok, çünki olar geçmişiň, çeper edip aýdanyňda, şu günümiziň endamynda, teninde goýan yzlarydyr. Emma beýik taryhymyz bilen gönüden-göni we janly, üznüksiz baglanyşykda bolan ýeke-täk barlyk – bu biziň baý hem çuňňur, şöhratly hem owazly ene dilimizdir. Eýsem-de bolsa özüňiz pikir edip görüň. Biz häzir ata-babalarymyzyň ýaşan jaýlaryndan başga hili jaýlarda ýaşaýarys, biz olaryň ulanýanyndan başga durmuş esbaplaryny ulanýarys, biz olardan başgaçarak biçüwli egin-eşikler geýýäris. Emma biz hut şolaryň gürlän dilinde gürläp ýaşamagy dowam etdirýäris. Özem, munuň üstesine-de, biz şolaryň sözlän diline näçe ýakynlaşyp bilsek, şonça-da özümizi has türkmen diýip duýýarys.
Biz özümiziň şu güne çenli geçen ýolumyzda öz ene dilimiziň asylbaşky baýlygyndan, arassalygyndan, şireliliginden we manylylygyndan biraz daş düşendigimizi bilip, öz dilimizi baýlaşdyrmagyň, ösdürmegiň hem ony arassa görnüşe getirmegiň zerurdygyny duýýarys. Biziň milli Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet derejesinde geçiren birnäçe çärelerimiz hut şu maksada gönükdirildi. Türkmen döwletiniň döremegi bilen türkmen dili täzeden jana geldi, özüniň asylbaşky beýikligini we çuňlugyny dikeldip başlady.
Türkmen dili özüniň müňlerçe ýyllyk taryhynda ilkinji gezek döwlet dili diýlip yglan edildi. Munuň özi ýöne bir döwlet edaralarynda ulanylan dil diýmek däldir. Çünki öz döwlet edaralarynda türkmen dilini ulanýan döwletler biziň taryhymyzda öň hem bolupdyr. Döwlet dili – munuň özi döwlet edaralarynda ulanylýanlygyndan başga-da, geçmişini öwrenmek işini, häzirki we geljekki ösüşini üpjün etmek işini döwletiň öz üstüne alan, aýratyn ileri tutulýan dil diýmekdir.
Döwlet dili – munuň özi hökümet-syýasy birlik hökmündäki döwletiň pikirlenýän, gepleýän we ýazýan dili diýmekdir.
Döwlet dili – munuň özi şol dili öz içinde we özünden daşgary dünýä bilen aragatnaşykda ulanýan, jemgyýeti dolandyrýan gurama bolan döwletiň dili diýmekdir. Şeýlelikde, ol dil diňe bir döwletiň däl, eýsem ähli jemgyýetçilik birlikleriniň we guramalarynyň dilidir. Elbetde, ulanylyşynyň şeýle giň gerimine türkmen dili ilkinji gezek hut Garaşsyz Türkmenistan döwletinde ýetip bildi.
Türkmen diliniň döwlet dili derejesini iş ýüzünde üpjün etmek işinde häzire çenli örän köp işler edildi. Ähli döwlet edaralarynda iş dolanyşygy türkmen diline doly we gutarnykly geçirildi. Resminamalar türkmen dilinde alnyp barylýar. Häkimiýetiň üç görnüşiniň-de – kanuny çykaryjy häkimiýetiň hem, ýerine ýetiriji häkimiýetiň hem, kazyýetiň hem sözleýiş we ýazuw dili türkmen dilidir. Munuň özi örän uly taryhy wakadyr. Munuň özi biziň milli-döwlet garaşsyzlygymyzyň iş ýüzünde berkarar bolanlygynyň jedelsiz subutnamalarynyň biridir. Çünki döwlet diliniň durmuşda berkarar bolmagy milletiň özbaşdak syýasy pikirlenmä geçendigini aňladýar. Adam nähili sözleýän bolsa, şo hili-de pikirlenýändir.
Diýmek, biz türkmençe pikirlenýän döwleti berkarar etdik. Munuň özi syýasy aňyň garaşsyz häsiýete eýe bolandygyny görkezýär. Sözüň ähli manylaryndaky hakyky we doly garaşsyzlyk gürrüňsiz aň garaşsyzlygyndan başlanýar. Aň garaşsyzlygynyň iş ýüzündäki ykrary bolsa döwletiň öz milli dilinde sözlemegidir hem-de pikirlenmegidir.
Emma milli dilimizi döwlet dili hökmünde ulanyp başlamagymyz bilen mesele ýapylanok-da, eýsem möhüm işiň ýaňy başy başlanýar. Çünki türkmen dili döwlet dili bolmak bilen ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda entek özüniň ýerine ýetirip görmedik işini öz üstüne alýar. Öň görmedik işiňi etmek asla-da aňsat zat däldir. Diliň durmuşy-jemgyýetçilik hyzmaty we wezipesi tarapdan aýdanyňda, biziň dilimiz mundan öňem milli dil edebi dil hökmünde hasaplanypdy, emma ol ilkinji gezek garaşsyz döwletiň dili bolup durýar. Üstüne ýüklenen täze, şu hili wezipe köp meseleleriň ýüze çykmagyna getirýär. Olaryň hemmesiniň dogry we laýyk çözgüdini tapmak, türkmen dilini döwlet işini alyp barmagyň kämil serişdesine öwürmek biziň jana-jan borjumyzdyr.
Emma mesele diňe bir döwlet dilinde däldir. Aslynda-da döwlet diliniň meseleleriniň aýratynlykda we özbaşyna çözgüdini tapmak mümkin däl. Döwlet hem-de milli dil edebi dil diýilýän bilen berk baglanyşyklydyr.
Milli dil – dünýäde ýaşaýan ähli türkmenleriň ulanýan dilidir. Görnüşi ýaly, bu örän giň düşünjedir. Özem ol diňe bir şu, häzirki döwürde ulanylýan sözleri däl-de, eýse dilimiziň döräninden bäri häzire çenli ulanylan we ulanylýan ähli sözleri öz içine alýar. Munuň özi biziň häzirki ýüze çykýan meselelerimizi çözmekde peýdalanylmaly baý hazynadyr.
Edebi dil – milli diliň dünýädäki we ýurdumyzdaky ähli türkmenler üçin ortalyk we düşnükli bolan bir görnüşidir.
Edebi dil saýlanyp-seçilip alnan, döwletiň we jemgyýetiň gündelik ýaşaýşynda ulanylýan diliň özboluşly nusgasydyr.
Döwlet dili hut edebi diliň esasynda döredilip, şonuň kadalaryna we talaplaryna laýyklykda kemala getirilýär hem-de döwlet işinde ulanylýar.
Edebi dil diýlende, diňe çeper edebiýatyň dili, çeper edebiýatda ulanylýan dildir diýip hasaplamak nädogrudyr. Edebi dil tutuş jemgyýetçiligiň ulanýan, belli bir kada giren dürli şiwe dil şekillerinden tapawutlylykda milletiň ýa jemgyýetiň diňe haýsydyr bir toparynyň içinde däl-de, tutuş jemgyýetiň durmuşynda ulanylýan, şonuň üçinem islendik taýpanyň ýa-da käriň, islendik ülkäniň ýa-da ugruň adamlary üçin deň we ortalyk bolan dildir. Diýmek, edebi dil milleti bitewüleşdirýän, onuň jemgyýetçilik ýaşaýşyny üpjün edýän nusgalyk dildir.
Biziň häzirki edebi dilimiz 1991-nji ýyldan – Garaşsyzlykdan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Täze türkmen elipbiýiniň kabul edilmegi bilen edebi dilimiziň ösmegi üçin möhüm şertler döredildi. Täze elipbiý diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da ýaşaýan watandaşlarymyz üçin düşnükli we ortalyk bolan edebi dili döretmäge mümkinçilik berdi. Çünki dünýäde giňden ulanylýan latyn ýazuwy esasynda döredilen täze türkmen elipbiýi köpler üçin elýeterlidir. Ýeri gelende aýtsam, türkmen diliniň döwlet dili diýlip resmi yglan edilen gününi – aprel aýynyň 12-sini «Türkmen diliniň baýramy» diýip hatyralasak, has maksada laýyk bolar, biziň öz ene dilimize – döwlet dilimize uly gadyr-gymmat goýdugymyz bolar.
Häzirki wagtda biz öz täze edebi dilimiziň kadalaryny işläp düzmek we kämilleşdirmek işi bilen yzygider meşgullanmalydyrys. Bu meselede biziň öňümizde birnäçe gaýragoýulmasyz, çözgüdini tizden-tiz tapmaly wezipeler durýar.
Türkmen dili dünýädäki iň gadymy hasaplanýan bäş (arap, pars, hytaý, hindi, türkmen) diliň biridir. Dilçi alymlar türki dilli halklaryň ählisiniň türkmen dili esasynda dörändigini biragyzdan tassyklaýarlar. Elbetde, türkmen diliniň meseleleri boýunça bitirilen işler az däl, ýöne döwrüň okgunly ösüşi, şeýle hem türkmen dilimize döwlet dili wezipesiniň ýüklenilmegi diliň öňünde köp sanly meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Dilçileriň I halkara gurultaýyndan bäri ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Şol geçen döwürde diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem türki dilleriň durmuşynda-da köp sanly çözülmeli gaýragoýulmasyz meseleler döredi. Şu nukdaýnazardan dilçileriň II gurultaýyny geçirmek türkmenistanlylaryň jana-jan borjy bolup durýar. Şeýle hem Türkmeniöwrenijileriň Bütindünýä I gurultaýyny geçirmek gerek, onda türkmen dili, edebiýaty, taryhy, medeniýeti, sungaty bilen baglanyşykly meselelere diňe bir türkmen milletiniň däl, eýsem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmeli.
Ýeri gelende, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen arkadaşlarymyz hakda hem aýtmak isleýärin. Olaryň biziň öz ata Watanlaryna – Garaşsyz Türkmenistana uly gyzyklanma bildirmegi, çäksiz söýgi bilen gatnaşmaklary tebigy zatdyr. Olar öz çagalarynyň türkmen dilini unutmaklaryny islemeýärler. Şu maksat bilen olar öz çagalaryny türkmen dilinde okatmak, sowat-bilim bermek isleýärler. Şu meselede biz olara iň ýakyn ýardamçy bolmalydyrys. Daşary ýurtlardaky türkmenleriň kowçum-kowçum, oba-oba bolup oturan ýerlerindäki türkmen mekdeplerine okuw kitaplaryny ugratmagy ýola goýmalydyrys. Eger gerek bolsa, şol ýerlerdäki türkmen mekdeplerine öz mugallymlarymyzy işe ýollamalydyrys we daşary ýurtly arkadaşlarymyzyň ogul-gyzlarynyň Türkmenistanda ýokary bilim almaklary üçin ähli şertleri döretmelidiris.
Türkmen diliniň arassalygy, baýlaşmagy, kämilleşmegi diňe sözleriň türkmençeleşmegini öz içine almaýar. Bu ýerde sözleýiş medeniýetiniň, pikiri aýdyň hem düşnükli, anyk hem owadan beýan etmegiň, dogry, dürs geplemegiň meseleleri-de bar.
Sözleýiş medeniýeti birnäçe kadalary öz içine alýar. Olar:
Sözleri dürs aýtmak kadalary;
Sözlemleri dogry düzmek, sözleri dogry baglanyşdyrmak kadalary;
Sözleri dogry manyda ulanmak;
Sözleýşiň anyklygy we aýdyňlygy;
Sözleýşiň arassalygy;
Sözleýşiň manylylygy;
Sözleýşiň baýlygy we beýlekilerdir.
Elbetde, sözleýiş pikirlenişe baglydyr. Adam dogry we aýdyň pikirlenýän bolsa, dogry we manyly hem sözleýär. Metbugatda, radio-telewideniýede türkmen diliniň sözleýiş kadalary doly berjaý edilmelidir, çünki olary bütin halk okaýar, tomaşa edýär, diňleýär. Çykyş edýäniň dilinde sähel näsazlyk, ýalňyşlyk gitse, adamlar muny duýýarlar. Galyberse-de, biz öz ene dilimizi hormatlamalydyrys. Onda oňat geplemegi özümize borç hem derejede bilmelidiris.
Söze garyplygy adamyň ruhy hem pikir garyplygynyň görkezijisidir. Garyplyk bolsa ýaman zatdyr. Şonuň üçinem her bir türkmen, onda-da gullukçy, akyl işgäri bolan türkmen öz ene dilini oňat bilip, onda manyly hem oňat gürlemegi başarmalydyr. Munuň üçin bolsa biziň köne dessanlarymyzy, nusgawy we häzirkizaman şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň eserlerini ürç edip okamalydyrlar. Adamyň öz ene dilinde oňat geplemek höwesi onuň öz diline bolan söýgüsinden gözbaş alýar. Her bir türkmende şeýle höwesiň we söýginiň döremegi üçin zerur çäreleri görmek gerek. Ýurdumyzda gazetler we žurnallar çap edilýär, ýylda näçe kitaplar neşirden çykýar. Adamyň aňynyň we ruhunyň terbiýesi, esasan, diliň üsti bilen amala aşyrylýar. Dil – pikiriň, ruhuň görkezijisidir.
Türkmen milletini ösüşiň täze derejesine çykarmagyň möhüm wezipeleriniň biri türkmen diliniň täze adalgalaryny döretmekdir. «Dil» syýasatynyň düýp manysy-da şundan ybaratdyr. Biz türkmen halky bilen bir wagtda onuň dilini-de garaşsyzlyga çykardyk. Indiki wezipe türkmen dilini durmuşyň ähli ugurlarynda we pudaklarynda ulanyp bolýan serişdelik güýjüni doly ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, türkmen dilini saýry sözlerden arassalap, hemme ugurda türkmen adalgalaryny mümkingadar doly derejede ulanmagy gazanmakdyr. Türkmen dili türkmeniň pikirini we duýgusyny, aňyny we ruhuny durmuşda ýüze çykarmagyň we ulanmagyň serişdesi bolmalydyr. Diliň arassalygy ahyrky netijede türkmeniň ruhy we aň garaşsyzlygyny üpjün ediji serişde bolmalydyr. Türkmeniň milli buýsanjy beýleki zatlar bilen bir hatarda türkmen diliniň kämilligi arkaly üpjün ediljekdir. Biz munuň birinji şertini ýerine ýetirdik – türkmen diline döwlet hukugyny berdik. Türkmen dili döwletiň ähli edaralaryna düýpli ornaşdy. Munuň özi şu döwlet dursa, türkmen diliniňem durjagyny, ýitip gitmejegini aňladýar. Türkmen diliniň ýitmezligi bolsa türkmen milletiniň durjakdygyny aňladýar.
Türkmen dili diňe bir syýasy-döwlet hyzmatyny däl, eýsem medeni hyzmaty-da ýerine ýetirýär. Ol ylmyň, edebiýatyň dilidir. Biziň esasy wezipämiz-de türkmen diliniň hut dürli ylymlaryň, edebiýatyň, pelsepäniň dili hökmündäki geljekki ösüşini we mundan beýlägem kämilleşmegini üpjün etmekdir. Bu babatda biz türkmen diliniň amaly meselelerini çözmäge çalyşmalydyrys. Ähli dillerde ulanylýan halkara sözleri bolsa-bolmasa türkmençeleşdirjek bolup durmaly däldiris, halkara, ylmy adalgalary beýleki halklaryň tejribeleri esasynda ulanmalydyrys. Ýogsam her bir daşary ýurt ylmy sözi türkmençeleşdirjek bolsak gelşiksiz ýagdaýa düşeris.
Hususanam, öz içine häzire çenli ulanylan we ulanylýan sözleri alýan «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügini» taýýarlamaly we neşir etmeli. Öňki döwürde neşir edilen şeýle sözlük ujypsyzdyr. Şeýle hem türkmen dili boýunça dürli sözlükler (türkmen – arap, türkmen – iňlis, türkmen – pars, türkmen – nemes, türkmen – türk) taýýarlanmalydyr.
Şeýle-de, dürli ugurlara we pudaklara degişli ýörite sözlükleri düzmek gerek. Olarda hem esasy orun türkmen sözlerine degişli bolmalydyr.
Galyberse-de, bizde ulanylan, emma daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň dilinde saklanyp galan sözleri we jümleleri öwrenmäge hem olary dilimizde gaýtadan dikeltmäge üns bermeli.
Türkmen dilini baýlaşdyrmak, janlandyrmak, ylmyň we medeniýetiň, edebiýatyň we syýasatyň diline öwürmek işi döwlet derejesinde alnyp barylmaly. Bu ählihalk işi bolup, munda metbugat, radio-telewideniýe, bilim ulgamy, ylym hem medeniýet edaralary işjeňlik görkezmelidirler.

NOBATGULY. Ýurtda global öwrülişik gidýän wagty hemme ýurtda, hemme zaman şeýle ýagdaý bolýar. Durmuş stabilleşer welin, ol «çeper edebiýaty döredijiler» hasyllary bilen ýom-ýok bolup giderler. Oňa häzir alaç ýok. Bu hakda ýene bir gün gürrüň edäýeli.

15.05.1993 ý.

Nobatguly REJEBOW, Osman ÖDE
5 лайков 428 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
Автор 10 авг 2022, 14:13
Gowy pikirler, ýöne "Türkmen diliniň düşündiriş sözlüginden" başga amala aşany ýok. Olam doly däl. Köp sözler ýetmezçilik edýär.