ÝARYŞYŇ JEMI

Salam eziz Agzalar!
Agşamky sorag-jogap ýaryşynyň jemi jemlendi. Ýadyňyzda bolsa men size “soraglara anyk we dogry, doly jogap bermeli”-diýipdim. Üns berdim käbir soraglara anyk jogap berilmändir, olaram dogry diýip kabul edip bolanok. Netijeler ine şeýle:

A topar

Gumly gelin
Pegas
Baýker
Dark_Wolf
Hypatia

1) Haýsy hanyň kellesi bir ýerde, göwresi başga bir ýerde jaýlandy?! Hiayress

Mädemin han +
2)Gowşut hanyň gubury haýsy öwlüýäde ýerleşýär? Hiayress

Hoja Abdylla +

3) Sorag: Saz guraly dutar perdesiniň näçinji perdesine "türkmen perde" diýilýär we näme sebäpden şeýle at goýupdyrlar? Esma

Dutar perdesiniň 8-nji perdesine "türkmen perde" diýilýär.
Şeýle diýilmeginiň hem öz sebäbi bar. Bu perde 18-nji asyryň ahyrlaryna çenli bolmandyr diýen çaklama bar. Ony ilkinji gezek türkmen sazandarlary tarapyndan bogulypdyr we şonuň üçin oňa "türkmen perde" diýilip at beripdirler.
Gazak, gyrgyz halklarynyň hem öz dutarlaryndaky 8-nji perdä "türkmen perdesi" diýýändiklerini bilmek hem biz üçin gyzyklydyr. -

4) Sorag: "Dört örüm saçly" diýen aýdymyň sözleri, haýsy şahyryňky? Şahyr ony kime bagyşlap ýazypdyr? Esma

Bu aýdymyň sözleri: Täçli Gurbanowyňky.
Sazy: Ata Esadowyňky.
Bir gezek Täçli Gurbanowyň aýaly:
–Sen başga gyz-gelinler barada goşgy goşýaň. Maňa-da bir goşgy goş-da! –diýipdir. Şahyram:
Seniň dört örüm saçlaryň bar. Türkmen gyz-gelinleriniň saçyny dört örüp gezişi, goý edebiýatda galsyn. Soňky nesillere nusga bolsun! –diýen ekeni. -

5) Wandamy hayrana goyan, yyldyzlaryn telohraniteli Lebaply ...? Soho

Lebaply Alik (Allaberdi) Gulhanow +

6) "Meñ kakam Gujaratdan, ejem bolsa Turkmenistandan" gurrun haysy aktyor hakynda? Soho

Jeki Shroff +

7) Mesopatamiýa kim bolupdyr? (Mifiki obrazy) Granger

Grek gözellik taňrysy Afroditanyň monahlaryndan biriniň gyzy. Tigr bilen Ýewfradyň gyz uýasy. Ömrüne boý gyz bolup galan mifiki obraz. -

8) Şu setirler haýsy awtoryň haýsy eserinden? Granger

...У людей не осталось силы в сердце, чтобы держать энергию или выражение мысли в глазах. Лишь предчувствие еды привело их сюда, но и это чувство не было яростным или жестоким, как у обычного человека, а было невинным, способным остаться без удовлетворения, потому что чувство уже не поддерживалось разумом...
 
...Мертвых должны хоронить живые, а здесь живых нет, есть не умершие, доживающие свое время во сне, ты им не сделаешь счастья, и даже своего горя они уже не знают, они больше не мучаются, они отмучились...

Andreý Platonowiç Platonow “Jan”. -

9) Olaryň birinjisi ýewreý,soňkulary ýunan,italýan, fransuz, iňlis, portugal, ispan. Maňa olaryň häzirkisini we ondan öňküsini atma-at aýdyň! Remezan

Benedikt On altynjy we Ioan Pawel ikinji.
Gürrüň rim papalary barada -

10)Garyp alyp zyňar, baý alyp jübisine salar, çaga ony iýer. Ol näme? Remezan

Burun maňkasy -


Dogry jogap: 4 sany
6 sany jogap anyk däl, doly jogap berilmändir.
[/b]



B topar:

Granger
Hiayress
Esma
Remezan
Soho

1)Olimpiýa oýunlarynyň baýdagy beýleki baýdaklardan bir üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar,ol tapawut näme? Hypatia

Dünýä ýurtlarynyň her biriniň baýdagynda olimpiýa baýdagyndaky reňkleriň  (gök,sary,gara,ýaşyl we gyzyl)  biriniň bolmagy -

2) Dünýäde ilkinji döredilen sport kluby haýsy? Hypatia

1299-njy ýylda Angliýada döredilen "Southtemp Bowling Club" klubydyr. -

3) Murgap derýasynyñ Owganystandaky ady? Baýker

Balamorgab -

4) 1000 sany alyň, üstüne 40 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 30 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 20 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 10 goşuň! Näçe boldy? Pegas

4100 +

5) Amerikanyň Indiana ştatynyň Uniwesitetiniň esasy kitaphanasy her ýyly 1dýum (2.54sm) aşak çöküp barýar. Sebäbi bolsa arhitektorlaryň we gurluşykçylaryň ýalňyşlygy üçin.

Sorag: arhitektorlar taslamada nämäni hasaba almandyrlar? Pegas

Kitaplaryň agramyny +

6)Haýsy kesel degende sürini karantina edip, keselli mallar otlanylýar? Baýker

Otbaş keseli degende süri karantina alynýar we keselli mallar saýlanyp alnyp çukur gazyp damagyny çalyp otlaýarlar. Galan mallary üç gün sanjym geçirilip on bäş gün gözegçilikde saklanylýar, gysgaça şeýle. -

7) Ýeňini tikseň... (Ene-mamalarmyzyň tikin tikilende aýdýan akyl beriji aýtgysynyn yzyny dowam etmeli) Gumly gelin

Ýeňini tikseň ýeňersiň, ýanyny tikseň ýanarsyň. -

8)Keçe ediljek ýüň ilki haýsy gural bilen işlenýär? Gumly gelin

Saýgyç +

9) Kimler bilen nikalaşmak (öýlenmek) haram? Dark_Wolf

Kurany Kerim:
«Size (şulara öýlenmegiňiz) haram kylyndy. Ejeleriňize, gyzlaryňyza, gyz doganlaryňyza, kakaňyzyň aýal doganlaryna, daýzalaryňyza, erkek doganlaryňyzyň gyzlaryna, aýal doganyňyzyň gyzlaryna, emdiren süýt eneleriňize, süýt emişen bajylaryňyza, aýallaryňyzyň ejelerine, soň goş birikdiren aýallaryňyzdan bolan öweý gyzlaryňyza – eger olar bilen goş birikdirmedik bolsaňyz (gyzlaryny almakdan ötri) üstüňize günä ýüklenmez – öz sulbuňyzdan gelen ogullaryňyzyň aýallaryna. Şeýle hem bir wagtyň özünde iki gyz dogana öýlenmäň. Emma geçmişde, mundan owalkylarda bolan ýagdaýlar muňa girmeýär. Şübhesiz Allah örän bagyşlaýjy, köp merhemet edenlerdendir»
(Nisa, 23). -


10) Sorag: "Şeýh, Müfti, Kazy" sözleriniň manysy näme we olar kimler? Dark_Wolf


"Şeýh" sözi sözlükdäki manysy çal saçly, garry adam diýmegi aňladýar. Ulanyşda bolsa mugallym, alym, taýpa ýolbaşçysy, jemgyýetçilik ýolbaşçysy we umuman alanyňda, adamlaryň gözünde bilim, ahlak we kär taýdan ökde adam diýmek üçin ulanylýar.

"Müfti" sözi sözlükde "meseläni aýdyňlaşdyryjy" diýmegi aňladýar. Ulanyşda bolsa jemgyýetçilik ýörelgelerine esaslanýan düşnüksiz bir zady aýdyňlaşdyrmak üçin bilimi bolan adama ýüzlenmek üçin ulanylýar.

"Kazy" sözlükde "höküm çykaryjy" diýmekdir. Ulanyşda bolsa belli bir höküm çykaran adama aýdylýar. Kazy ýurduň patyşasy tarapyndan bellenilýär. Şaýatlygy kabul edilip bilinjek adam kazy bolup biler. Ahlaksyzlyk ýoluna giden kazynyň hökümi kabul ederliksiz bolar. +

[b]Dogry jogap: 4 sany
6 sany jogap anyk däl, doly jogap berilmändir.



Görşüňiz ýaly iki toparam deňme-deň bolupdyr. Bu ýagdaýda biz siz bilen täzeden ýaryş geçirmeli bolýas. Bolmasa-da…???
10 лайков 711 просмотров
46комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 25 июл 2022, 16:09
Garaz soraglaryňyza we jogap berşiňize göwnüm ýetdi. Baryňyza BEREKELLA!
Soho
25 июл 2022, 16:12
@Nirvana, menem @Remezan bn ylalashyan, oz sesim hem @Hiayress-e
Maksat
25 июл 2022, 16:40
Maña dereje berlipdir begenip otyryn şuwagt:).
Aymyrat
25 июл 2022, 16:46
@Nirvana indiki yaryslara menam gosayyn ! Name etmeli bolsa edeyin ! On adminin gurnayan yaryslaryn yzgiderli yeniji bolyadym???
Telwas
Автор 25 июл 2022, 17:02
Hiayressiň soraglaryna jogap berjek bolsaňyz, ýanyňyzda taryh mugallym ýa-da taryhy gowy bilýän biri bolmaly.

Baýker aga sorag berjegini eşitseňiz, obaňyzdaky çopanlardan birini şol gün myhmançylyga çagyryň. Ýa-da özüňiz oň myhmany boluň.

Soho agzaň soraglaryna jogap berjek bolsaňyz, meşhur aktýorlardan habarsyz bolmaly däl.

Gumly gelneje diýilse millilik pikiri gelsin kelläňize.

Esmaň soraglaryna jogap berjek bolsaňyz, dutardan we goşgydan başyňyz çykmaly.

Dark_Wolfyň garşysyna yslam dinini bilmän çykmaň.

Pegas bilen Remezan logiki soraglardan berýärler. Şoňa görä bolaýyň.

Grangeriň soraglaryna jogap berjek bolsaňyz köööp pikirlenmeli bolýaňyz. Google daýyňyzam kömek eder öýdemok. Habaryňyz bolaýsyn.

Hypatiaň soraglaryny bilmek üçinem köp okamaly. Ähli zatdan habardar bolmaly. Näme sorajagy belli bolanok.
Telwas
Автор 25 июл 2022, 17:08
Soho
@Nirvana, menem @Remezan bn ylalashyan, oz sesim hem @Hiayress-e


Bolýar agam.
Telwas
Автор 25 июл 2022, 17:10
Bayker
Maña dereje berlipdir begenip otyryn şuwagt:).

Gutlyş. Agam sizi begendirmek aňsat eken-ä :)
Telwas
Автор 25 июл 2022, 17:11
AymyratGeo
@Nirvana indiki yaryslara menam gosayyn ! Name etmeli bolsa edeyin ! On adminin gurnayan yaryslaryn yzgiderli yeniji bolyadym???

Bolýar, nesip bolsa.
Admin nä öň ýaryş gurnaýardymy? :)
Aymyrat
25 июл 2022, 17:45
@Nirvana Hawa gecen yyl su gunler gunde diyen yaly!
Maksat
25 июл 2022, 19:47
Sorag jogap yaryshyny gecirerdik
Öwreniji
25 июл 2022, 19:53
Özümiziňki dereje berilipdir, sagbol, minnetdar admin. Ýöne derejäniň wezipesi barada düşündirseňiz.
Abaddon,
Sorag jogap, gowy bordy, ýene geçirilse
Telwas
Автор 25 июл 2022, 20:13
Remezan,
Sorag-jogap ýaryşy geçirilýär test görnüşinde. Nesip bolsa şu ýakyn günlerde.
Öwreniji
25 июл 2022, 20:21
Nirvana,
özümiziňki derejänem düşündiräýde
Telwas
Автор 25 июл 2022, 20:37
Remezan
Nirvana,
özümiziňki derejänem düşündiräýde

Günde 5 sany mowzuk açyp bilýäňiz. Teswirleriňizi özüňiz pozup bilýäňiz we ş.m
1870
25 июл 2022, 21:08
Murgap derýasynyñ Owganystandaky ady? Kaýsar
Yusup
25 июл 2022, 21:17
Meni goshman
Maksat
26 июл 2022, 08:19
1870,
Murgap derýasynyñ Owganystandaky ady? Kaýsar.
Kaýsar, Hazargala, Çarşenbe, Garaman, Bukan derýa boýundaky obalañ ady.