HAZAR DEŇZI HAKYNDA KÄBIR FAKTLAR

Hazar deňzi — Wolga derýasyny hasaba almanyňda, dünýä okeanyna çykalgasy bolmadyk özboluşly ekoulgamdyr. Ol özünde deňziň duzlulygyny, ýerasty tebigaty babatda hem deňziň tebigatyna kybap gelýän alamatlaryny jemleýän dünýäniň iň uly köli hasap edilýär.

Bu ýazgyda şu aşakda görkezilýän aýratynlyklar Hazar deňzi baradaky faktlardyr:


1. Ýer ýüzündäki iň uly dünýä okeanyna çykalgasy bolmadyk suw ulgamydyr.

2. Iň ýokary çuňlugy boýunça dünýäde üçünji orunda durýan ýer: Baýkal (Russiýa) — 1620 metr, Tanganika (Afrika) — 1435 metr, Hazar deňzi — 1025 metr;

3. Ortaça çuňlugy 208 metr töweregi;

4. Hazar deňzinde tolkunyň hasaba alnan ululygy 11 metre barabar;

5. Hazaryň akymy ýokdur, muňa garamazdan deňizdäki suwuň mukdar derejesi durnuksyz. Üç müň ýyllap suwuň derejesindäki üýtgeşmeler 40 metre ýetdi. Häzirlikçe Hazaryň suwunyň nirä gidýändigi nämälimligine galýar;

6. Hazara 130 derýa akýar. Deňizdäki lagym suwlarynyň takmynan 70%-ini Russiýanyň iň uly Wolga derýasy getirýär (uzynlygy 3530 km);

7. Hazar deňzinde 50 sany ada bardyr. Türkmenistanyň çägine degişli iň uly ada — Ogurjaly adasy;

8. Kenar ýakasynda ululy-kiçili aýlaglar bar. Bu ýerdäki jemi 16 aýlagyň köpüsi birnäçe million ýyl ozal döräpdir;

9. Hazaryň kenarynda ilkinji adamlar 75 000 ýyl mundan ozal ýaşapdyrlar;

10. Deňiz suwunyň doly täzelenmesi her 250 ýyldan bir gezek bolup geçýär;

11. Garabogaz köl aýlagy Hazaryň iň uly we täsin aýlagydyr. Onuň duzlulygy 200%-e ýetýär;

12. Hazar deňziniň ýaşy 6 million ýyl diýlip hasaplanylýar;

13. Hazar, Gara, Azow deňizleriniň we Aral deňziniň, şeýle-de wengerleriň Balaton kölüniň döremeginiň esasy çeşmesi gadymyýetde bu ýerde bolan Tetis okeanydyr;

14. Köpasyrlyk taryhynyň dowamynda Hazar deňzi dürli halklar tarapyndan dürli hili atlar bilen atlandyrylypdyr. Bu deňzi müsürliler — Jürjan, hytaýlylar — Sihaý, eýranlylar — Kolzum, hindiler — Worukaşa, türkmenler — Gukkuz, gazaklar bolsa Aturaw diýip atlandyrypdyrlar;

15. Deňiz Aziýa bilen Ýewropanyň serhedinde ýerleşýär;

16. Hazar deňziniň kenary 5 ýurtda bardyr: Türkmenistan, Russiýa, Gazagystan, Azerbaýjan hem-de Eýran;

17. 2000-nji ýyllara çenli dünýädäki gara ikranyň önümçiliginiň 90%-i Hazar deňzinden alynýardy;

18. Hazaryň ilkinji jikme-jik maglumatlary özünde jemleýän ygtybarly kartasy 1719-njy ýylda Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýasyndan soň düzülipdir;

19. 1921-nji ýylda bu ýerden tejribeli balykçylar agramy 1200 kilograma deň bolan beluga balygyny tutdular;

20. Hazar — nebite we gaza örän baý deňiz;

21. Hazar deňziniň çägindäki iň uly deňiz porty Bakuda ýerleşýär;

22. Deňziň demirgazyk bölegi iň çuň ýerleri hasaplanýar;

23. Suwuň durnuksyzlygy sebäpli Hazar deňziniň görnüşi yzygiderli üýtgäp durýar. Suwuň ýokary derejede bolan ýagdaýynda deňiz Gara deňiz bilen birikýär;

24. Gyş günleri deňziň demirgazyk bölegi doňýar we suwy buz örtýär;

25. Häzirki getirilýän netijelere görä, deňizde nebitiň we gazyň gorunyň mukdary 6,5 milliard tonna diýlip kesgitlenilýär;

26. Hazarda aýzbergler örän seýrek ýagdaýdyr. Adatdan daşary buz toplumynyň soňky süýşmesi bu ýerde 2020-nji ýylyň dekabrynda hasaba alyndy;

27. Deňziň düýbünden Sabail köşgüniň (1234-nji ýyl) bölekleri hasaplanylýan plitalar tapyldy. “Bail daşlary” Bakuwyň Şirwanşalar muzeýinde saklanylýar;

28. Deňizde we onuň kenarýaka ýerlerinde haýwanlaryň 1800 töweregi görnüşi ýaşaýar, bu ýerde ösümlikleriň bolsa 700-den gowrak görnüşi ösýär.

29. Hazar tuleni deňziň endemigidir. Gynansak-da, soňky ýyllarda bu täsin deňiz süýdemdirijileriniň sany ep-esli azaldy.

30. 12-nji awgust Halkara Hazar deňziniň günüdir.
4 лайков 218 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
26 июл 2022, 16:18
berekella, shular yaly maglumatlary yene yetirip dur, Hazar denzi - in uly kol diyip okapdym on bir yerlerde...
Suleyman
26 июл 2022, 16:21
Bütündünýä Hazary deňiz däl-de, köl diýip kabul etdi. Deňiz bolmak üçin beýleki halkara hukulara girmeli bolýar. Şonuň üçin hiç hili guýýan ýa-da akýan ýeri bolmansoň köl hasaplanylýar.

Meselem, deňiz diýilse beýleki döwletlerem Kaspiň üstünden howa ýoluny geçirmäne hakly bolýar. Sebäbi "deňiz" halkara hukuklarda bitarap hasaplanylýar. Başgada sebäpleri bar. Meň häzir ýadyma düşýäni şular.
Suleyman
26 июл 2022, 16:23
Şonuň üçin ol 5 döwlete köl bolany gowy.
Hiayress
26 июл 2022, 17:42
"Ýer ýüzündäki iň uly dünýä okeanyna çykalgasy bolmadyk suw ulgamydyr."

Wolga derýasynyň üsti bilen Gara deňzine, Gara deňizden Bosfor bogazyna, Bosfor bogazyndan Mermer deňzine, Mermer deňzinden Dardanel bogazyna, Dardanel bogazynda Egaý deňzine, Egeý deňzinde Orta ýer deňzine ondanam ilerä Gibraltar bogazy arkaly Atlantik ummana ýa-da gaýra Sues kanaly, Gyzyl deňzi we Arap deňzi arkaly Hindi ummanyna çykyp bolýar diýmeseň ummana çykalgasy ýok.

"Iň ýokary çuňlugy boýunça dünýäde üçünji orunda durýan ýer: Baýkal (Russiýa) — 1620 metr, Tanganika (Afrika) — 1435 metr, Hazar deňzi — 1025 metr;"

*Köl

"Hazaryň akymy ýokdur, muňa garamazdan deňizdäki suwuň mukdar derejesi durnuksyz. Üç müň ýyllap suwuň derejesindäki üýtgeşmeler 40 metre ýetdi.

Häzirlikçe Hazaryň suwunyň nirä gidýändigi nämälimligine galýar;"

Aýlaw şekilindäki akymy bolmaly.

"Deňziň demirgazyk bölegi iň çuň ýerleri hasaplanýar;"

Deňziň demirgazygy ýalpak, günortasy çuň. Iň çuň ýeri hem günorta çäginde ýerleşýär.

"Hazar tuleni deňziň endemigidir. Gynansak-da, soňky ýyllarda bu täsin deňiz süýdemdirijileriniň sany ep-esli azaldy."

Balygy azlygy we tulenleriň köpçülikleýin tutulýanlygy sebäpli.
S❤
26 июл 2022, 20:23
Hazar cundur dp hic pikir edip bilemok hemde sonca metr