Tasinlikler 1
1. Garynjanyň beýnisi Ýer ýüzündäki jandarlaryň içinde, göwresine garanyňda, iň ulusydyr.
2. Baýkal kölündäki suw Demirgazyk Amerikanyň iň uly köllerindäki suwlaryň bilelikde alnanyndakysyndan hem köpdür, özi-de dünýädäki süýji suwuň 5-den 1-i şu köldedir.
3. Antarktidanyň buzunyň galyňlygynyň 4 kilometre ýetýän ýerleri hem bar.
4. Ewerest belentliginiň depesi millionlarça ýyl ozal deňziň düýbünde emele gelen daş böleklerinden ybarat.
5. Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.
6. Dünýäde iň kiçi we ýöräp bilmeýän guş hasaplanýan kolibri, göwresiniň şol bir durşuny saklap, aşak-ýokarlygyna, gapdallygyna, hat-da yzlygyna hem uçup bilýär.
7. Ewerestiň depesine çykan adam troposferanyň ýokarky çägine galtaşar.
8. 370 000 inedördül kilometr meýdany tutýan, çuňlugy 1025 metr bolan Hazar deňzi dünýädäki iň uly ýata suwdur.
9. Dünýäde her sekuntda 100 ýyldyrym ýere gelip urulýar.
10. Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr. Ol bir sagatda 15 metr, bir gijede 76 metr hin köwýär.
11. Gök kitiň çygyrmasy atylan agyr topuň sesinden ýa bolmasa göge galýan raketanyň gürrüldisinden güýçlüdir.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.