Men bir penjek..

Men bir penjek. Birnäçe jübim bar. Penjegiň jübilerini dogry tikmek aňsat-la welin, ol jübiler gerekmejek zatlar bilen doldurylanda, agram bermekden başga iş bitirenok, diňe ýük bolýar.
Bilýäňizmi näme, käwagt jübimize sygyp duran bir zady nädip goýmalydygyny bilemzok… Ýöne, bu hakda pikirlenenimizde, seresaplyk bilen tiken söýgüsini, hormatyny alyp bilmedik bir adamyňy ýürege ýakyn çep ýokarky jübiňe goýmak mümkinmi?

Ýeri onsaň, her dürli hoşniýetliligi tüýs ýüregiň bilen olaryň penjegine goýan we iň berk ýüpi ulanan dostlaryňyzyň, bir gün ol beren söýgiňiz we hormatyňyzy size görkezmezliginiň we sen oň üçin hiç zat etmedik ýaly, hiç zat bolmadyk ýaly hereket etmekleriniň sebäbi näme?

Belki-de, jogaby meň pikir edişimden has ýönekeýdir. Olaryň penjeginiň jübisi meňki ýaly uly däldir. Artykmaç gelýändir beren söýgim, goýan hormatym ýa-da jübileriniň sapaklary sökülip başlandyr...
3 лайков 515 просмотров
63комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
15 апр 2022, 00:56
Гость,
Şu wagt Güneşli ýurdumyzda internet ýaman gowy işlemän dur.

Nämesini aýdýaňyz, hat-da men 2G-da girip otyryn)))
Telwas
Автор 15 апр 2022, 00:56
mrokas,
Salam. Bahar geldi, emma şol howa gyzanok-da bizde. :)

(Siziň oýlanmalaryňyzy okasym gelýär. Täzeleri bar bolsa, gaýrat edip paýlaşyň)
Garabufer
15 апр 2022, 06:54
Meñä jūwim yyrtylly inni , birniñ adyny salsamam , gacyp galya yyrtyk yerinden