GUTLAÝAS!!!

Salam OKYJYLARYM!
Aradaky yglan eden bäsleşigimiziň netijesi belli boldy. Bäsleşik çekeleşikli, gyzykly geçdi. Siziň üçinem şeýledir diýip umut edýän. Bäsleşigimiziň ýeňijileri:

1-nji orun: @Esma we @Mümkin agzalar.
2-nji orun: @Remezan agza.


Berekella!
Pul baýraklary:
@Esma 90 manat.
@Mümkin 90 manat.
@Remezan 60 manat.

Gutly bolsun!

Ýadyňyzda bolsa, 1-2-3 ýerler bolar diýipdik. Emma, ballaryň gabat geljegini bilemzokdyk. Şu wagt 3-nji ýerde 2 sany @Massimus we @Ötegçi agzalar bar. Gynansakda olara bu gezek baýrak berip bilemzok. Emma saýdyň admini geleninden soň ol 2 agza aýratyn bir mümkinçilik berilmegini islärin.

Bäsleşige gatnaşan ähli agzalara we hemaýatkärlik eden @Bayker, @Hiayress we @Massimus agzalara-da öz minnetdarlygymy bildirýän. Bize we şol sanda maňa ynananyňyz üçin Taňryýalkasyn.
Elleriňiz dert görmesin. Döredijiligiňiziň dowamaty dowam bolsun!
Gaýgy-gam, alada size ýyldyzlaryň uzaklygy ýaly uzak bolsun! Bagt, şadyýanlyk, üstünlik kölegäňiz ýaly ýakyn bolsun! Durmuşda hemişe üstünlikli ädimler bilen ýöräň!

11 лайков 822 просмотров
150комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 01 июн 2022, 11:42
Mümkin,
Nomeriňi ugrat poçtama.
Ötegçi
01 июн 2022, 11:45
Joralar he-eý joralar,
Indi bitmez siziñ goýan ýaralar :D ansambl
Mümkin
01 июн 2022, 11:45
Hiayress,
Ýok!Meni azda-kände tanan bolsañ fantastika žanryny halamaýanlygymy bilýänsiñ.Şu ýaryş üçin ýazdym.Başda gatnaşmaga kes-kelläm garşydym.Nirvana "Meñ üçin" diýensoñ gatnaşdym.Aýtdym-a gatnaşmasam gowy diýip :))
Başga birinde okan bolsañ bilemok.Plagiat halamaýanlygymy bilýänsiñ.
Robort söýgüli sýužetine "Güldür-güldür showda" duşupdym.Ýöne olar meñki ýaly ýörite ýasadanokdy.Hemem gidip-getirip zol-zol gylygyny ûýtgedenokdylar.Bir gyz öñki söýgülisini gabandyrmak üçin robort söýgüli tapyp,onam ynsan diýip il-güni aldap toýa gidýärdi.
Galyberse-de olarda meñki ýaly "Zenanlaryñ näme isleýänini tapyp bilmedik" diýen ideýa ýokdy.
Esma
01 июн 2022, 11:45
Nirvana
Esma,
Minnetdar! (Joram diýdiň welin, saňa bolan gyzyklanmalarym artyp başlady, şol goşgyňy okanymdan soň)

Hiayress,
“Dostoglan”- buda erbet däl. :) Minnetdar!

Nesip bolsa! Goşgy ýazyp bilsem siz bilen paýlaşaryn.
Ayjahan
01 июн 2022, 11:46
Nirvana,
Bolýa, Mümkin bilen Esma näçe bala deňe-deň düşüpdirler?))
Hiayress
01 июн 2022, 11:47
Ötegçi,
Eser aýdaly küde peýdaly maslahatlardan doly diýeli, ýöne gyzykly bolmasa, çeper ýazylmasa, beýan edilýän sözlemler gurak, okyjyny baglap bilmese okyjynyň okasy geler öýdýäňizmi?! Näme üçin çeper edebiýat ýaly ylmy işler kän okalanok?! Belki şol ylmy işleriň okyja anyk maglumatlary ýagdyryp, okyjyň özüne netije çykarmana mümkinçilik bermeýäni üçindir?! Garaz, eser nähili bolsada ilki okyjyny gyzyklandyryp bilmeli. Käbir hekaýalar ýada kitaplar bar ilkinji sözlemlerini okap, yzy näme bolsada şol ilkinji 10-lykdan urýan sözlemler üçin kitaby doly okap çykjagyňa ynanýaň.
Ötegçi
01 июн 2022, 11:48
Mümkin,
Bää sende mun ýaly fantaziýa bardygy geñ gordumle ÷D (degişme)
Mümkin
01 июн 2022, 11:49
10)4-bal.
Haladym. Diýseň gowy. Yzgiderli gyzykly alyp gitmäni başarypdyr. Jemleýji hasam gowy bolupdyr.

"Tehnika neneñsi össe-de, zenan dünýäsi öz syrlylygyny gorady".
Ýazyp duruň! Üstünlikler!

Hyýar iýýäniñ açan mowzugynda-da sorapdym
Esma,
Beýle halan bolsañ näme üçin 4?
Ötegçi
01 июн 2022, 11:50
Hiayress,
Peýdaly maslahaty goz öñunde tutmandym. Didaktikadan bizar.
Hiayress
01 июн 2022, 11:51
Mümkin,
Gowy ýazypsyň. Okap oturkaň kino köp görýäniň bildirýär. :)) Şu saýtda sen bar, Massimus bar, aslynda gysga metražly häzirki zaman kino senarýalary ýazdyrsaň daş etjek.
Mümkin
01 июн 2022, 11:52
Ötegçi,
Dogrumy aýdaýynmy? Aşa gödek bolar bilýän.Şu taýdaky eserleriñ köpûsini bal bermelidigim üçin özüme zor salyp okadym.Bular asla meñ ugrym däl.Ýazmak babatda-da,okamak babatda-da.Bu seniñ eseriñ erbetdigini añladanok.Ýöne barybir men şoña görä utuk berdim.Belki meñkilerem içi gysyp okanlar bardyr.
Ötegçi
01 июн 2022, 11:54
Menem 4 goýjakdym. Kremli ýerini heýç keşdim çekmedi keýgim. Başlanşy juda gyzyksyz. Ýylyñ naçedigini aýagyñy ýere degrip bilmände alaç yokmudy?! Sendigiñi bilemsoñ goýdum 5.
Ötegçi
01 июн 2022, 11:56
Ýo gödek däl saña düşinýän-)
Mümkin
01 июн 2022, 11:56
Hiayress,
Minnetdar!Mahal-mahal senarist bolmak ûçin nirä ýüz tutmalyka diýen pikir gelýär kellä.
Hiayress
01 июн 2022, 12:00
Mümkin,
@Pegas aýdýara "Вкусах не спорят" diýip, menem käbir kişileriň gowy diýip atlandyrýan we öwýän romantiki goşgularyny okap, aşa suwjyk görip goýýan ýerlerim kän.
#B.S
01 июн 2022, 12:01
Mümkin,
Men bahalarymy shahsyna ugradypdym okap bildinizmi bu yere paste edip bilemok
Ötegçi
01 июн 2022, 12:04
Hiayress,şo meselede menem şeyle pikir edyan. Mena ekranyñ barsinde [b]global[b] mesleler gozgandyry oydup çişen bolup ýorn :D bularam gyzyksyz goryar :)
Esma
01 июн 2022, 12:06
Mümkin
10)4-bal.
Haladym. Diýseň gowy. Yzgiderli gyzykly alyp gitmäni başarypdyr. Jemleýji hasam gowy bolupdyr.

"Tehnika neneñsi össe-de, zenan dünýäsi öz syrlylygyny gorady".
Ýazyp duruň! Üstünlikler!

Hyýar iýýäniñ açan mowzugynda-da sorapdym
Esma,
Beýle halan bolsañ näme üçin 4?

Beýleki 5-bal berenlerimçe görmedim.
Çeperligini.
Ötegçi
01 июн 2022, 12:07
Ýene bir ýaryşam gurbanlyga gurnalyñ!
Hiayress
01 июн 2022, 12:08
Ötegçi,
"Hasap edeniň bolmaz, nesib edeni bolar" jora. Her kimiň haý-hyýaly dürli-dürli ummanlaryň düýbüni dörjeleýär. Ana görýäňä @Mümkini Kerem diýýä, Bradley diýýä, ýene bir hindiniň adyna tutdy maňlaýyga gara. Ömür eşiden atlarym (elbetde Bradley Jamesdan başgasyny) däldi, eşitdik, internetden gözletdik, gördik. :))
Esma
01 июн 2022, 12:09
Esma,
Men diňe 1-6-12- belgidäkileri hak edipdim baýraklara.
Hiayress
01 июн 2022, 12:10
Ötegçi,
Gurbanlyk haçan?! (Şolar ýaly dini baýramlar temasynda bilimim daş ýarýar)
Mümkin
01 июн 2022, 12:10
Ötegçi,
Sen menden ep-eslije gaty görüpsiñ :(( " Beni,beni,Bihterini"repligi ýada düşüp gitdi.
Nädip göwnüñi alsamkam indi?

Khanture,
Okadym.Kremli pikirde mamla bolmagyñ ähtimal.Ýöne özümiñ-ä şoñ ýaly bir zadyñ düzümini ýenesini agzasalar ýüregim gysýar.Şoñ üçin agzamadym.
Ýöne maña-da,beýleki agzalara-da baha berşiñe göwnüm ýetdi.Ýaltanman giñişleýin ýazypsyñ.Berekella saña!
Esma,
Saña sorag beripdim.
Ötegçi
01 июн 2022, 12:11
Hiayress,
Indiki aýdyrda. Naçesinediginä biljekgäl wln. Gurbanlyk bolsa dini bolmaly diýlen zat ýokdurla
#B.S
01 июн 2022, 12:12
Mümkin,
Ok, gutlaýan ýeňşiňiz bilen!
Esma
01 июн 2022, 12:13
Mümkin,
Jogapladym-a ýokarda.
Ötegçi
01 июн 2022, 12:13
Ýok-la gaty göremok, Mümkin. Geñ gördüm, şo temalañ gyzyksyzdygyny.(ýöne düşinýän, o wkus ne sporyat dp aydypdyr yokarda)
Hiayress
01 июн 2022, 12:15
Ötegçi,
Kellede bir pikirjigä bar. Eger-de geçirmegi ýüregine duýsalar, geçirjekler bilen paýlaşyp görerin.
Garabufer
01 июн 2022, 12:15
Gepdiýiwölönlör
#B.S
01 июн 2022, 12:16
Ötegçi,
Yorite meni agzanyn ucin iki goydum yogsam bashlik goyjak diyip durdym senka