GUTLAÝAS!!!

Salam OKYJYLARYM!
Aradaky yglan eden bäsleşigimiziň netijesi belli boldy. Bäsleşik çekeleşikli, gyzykly geçdi. Siziň üçinem şeýledir diýip umut edýän. Bäsleşigimiziň ýeňijileri:

1-nji orun: @Esma we @Mümkin agzalar.
2-nji orun: @Remezan agza.


Berekella!
Pul baýraklary:
@Esma 90 manat.
@Mümkin 90 manat.
@Remezan 60 manat.

Gutly bolsun!

Ýadyňyzda bolsa, 1-2-3 ýerler bolar diýipdik. Emma, ballaryň gabat geljegini bilemzokdyk. Şu wagt 3-nji ýerde 2 sany @Massimus we @Ötegçi agzalar bar. Gynansakda olara bu gezek baýrak berip bilemzok. Emma saýdyň admini geleninden soň ol 2 agza aýratyn bir mümkinçilik berilmegini islärin.

Bäsleşige gatnaşan ähli agzalara we hemaýatkärlik eden @Bayker, @Hiayress we @Massimus agzalara-da öz minnetdarlygymy bildirýän. Bize we şol sanda maňa ynananyňyz üçin Taňryýalkasyn.
Elleriňiz dert görmesin. Döredijiligiňiziň dowamaty dowam bolsun!
Gaýgy-gam, alada size ýyldyzlaryň uzaklygy ýaly uzak bolsun! Bagt, şadyýanlyk, üstünlik kölegäňiz ýaly ýakyn bolsun! Durmuşda hemişe üstünlikli ädimler bilen ýöräň!

11 лайков 822 просмотров
150комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
01 июн 2022, 12:17
şoşo,
Gepdiýipobetdangalanlardiýsenedosti. :D
Ötegçi
01 июн 2022, 12:17
Ýone 2 gun ýaly az wagt däl 15 gun dagy beriñda. Has kop bolsa has gowy. Elim giñese menem bolşuna görä birzatjyk goşaryn nesip etse
Mümkin
01 июн 2022, 12:18
Khanture,
Sag bol,dos oglon!Hiayress,
Haýsysy has göwnüñe ýarady onsoñ? :))
"mañlaýyga gara" :))
Zelenskiýni-hä tanansyñ :))Esma,
Meñkiñ çeperçiligi 1-däkiden pesmidi?
Ötegçi
01 июн 2022, 12:19
Khanture,
Mendigimi nadip bildiñ?! Seni agzamagyñ namesi erbet:)
#B.S
01 июн 2022, 12:20
Ötegçi,
Ozun aydanson bildim elbetde. Imenno shonsyny halamadym. Shol bolek yok bolanda ya bashgarak edende gowy bolardy
Ötegçi
01 июн 2022, 12:20
Çyndanam nämesi erbet hany aýdyp ber waak
Ötegçi
01 июн 2022, 12:22
Geljekde adamyñ pikirini okap boljagy gornup duran ýagdaý dami eysem?! Khanture?!
Ötegçi
01 июн 2022, 12:24
Esma görgülini gunine goýmadyñ?! Meñkiñ gozgaýan temasy(has takygy temalary) señkiden pesmi?! (Ody oziñe bas)
#B.S
01 июн 2022, 12:25
Ötegçi,
Men erbet diýemok halamadym diýdim.
Hiayress
01 июн 2022, 12:26
Mümkin,
1-däkide obrazlar köp we biri-birine çalt geçýär. Ýagny dagynyk. Eser yzygiderligini ýitirýär, ýa-da bir epizod gyzykly ýerine ýetende, yzy näme bolarka diýip garaşyp oturkaň böküp başga bir tema geçýär. Ýagny gysga söz bilen aýtsam söz kän (hemmesem gowy sözler, aktual temalara degişli), hereket kän, ýöne ideýa we şol ideýany yzarlap gidýän, doly açyp görkezýän sužet kemterlik edýär. Seňki ýadyma düşüşine görä gowy. Yzygiderlikler togtanok, gahrymanlar biri-birinde üzňelikde däl, hemmesi bir pikiriň içinde. Ýöne ýene artykmaç sözleriň ýa-da doly açyp görkezilmedik obrazlaryň, ideýalaryň bar bolup biler. Anyk ýadyma düşenok.
#B.S
01 июн 2022, 12:26
Ötegçi
Esma görgülini gunine goýmadyñ?! Meñkiñ gozgaýan temasy(has takygy temalary) señkiden pesmi?! (Ody oziñe bas)

Muny kime diyyan?
Mümkin
01 июн 2022, 12:30
Ötegçi,
Ýok,men señ göwnüñe mazalyja degipdirin.Bagyşla!!!
Esmadan soramagymyñ sebäbi tankydynda hiç hili oñaýsyz söz aýtman,öwüp-öwüp 4 berşine geñ galdym.
Ýogsam,Khanturede maña 4 beripdir.Ýöne tankytda şu ýerini halamanlygym üçin diýip düşündiripdir.Berekella saña ýene bir gezek Khanture!
Şeýdip düşündirseler, 2 bal berselerem dawam ýok.
Esma
01 июн 2022, 12:33
[quote=Ötegçi]Esma görgülini gunine goýmadyñ?! Meñkiñ gozgaýan temasy(has takygy temalary) señkiden pesmi?! (Ody oziñe bas)[/quote]
bas)[/quote]
Şony diýsene... Men ony sen diýip goýmadym. Öz pikir edişim, duýuşym , boýunça hiç kimden ýüz görmesiz erkin halda bahanadyrdym.
Mümkin
01 июн 2022, 12:34
Hiayress,
Hm.Sag bol düşündireniñe.
Esmadan sorapdym.Meñkiñ çeperçiligini pes görüp,1-6-12 mynasyp diýipdim.
Ýene soraýan Esma,meñkiñ çeperçiligi 1 däkiden pesmi?
Esma
01 июн 2022, 12:36
Mümkin,
Joram jogapladym.Intrenet haýal saňa ýazynçam gidenok.
Esma
01 июн 2022, 12:37
Mümkin
Hiayress,
Hm.Sag bol düşündireniñe.
Esmadan sorapdym.Meñkiñ çeperçiligini pes görüp,1-6-12 mynasyp diýipdim.
Ýene soraýan Esma,meñkiñ çeperçiligi 1 däkiden pesmi?

Hawa, meň pikirimçe pes.
#B.S
01 июн 2022, 12:39
Mümkin,
Fantastik kinolar gorende ya kitaplar okanda manada sen azyndan dort bal bererdin ;)))
Mümkin
01 июн 2022, 12:41
Esma
Meñkiñ çeperçiliginiñ şondan ep-eslije ýokardadygy köre hasa welin bor-da...
Men asla men diýip berdiñ diýemok.Öwüp-öwüp 4 berseler kimem bolsa sorardy.
Nurmuhammet
01 июн 2022, 12:44
Esma ilki bilen yenisin bilen gutlayan. Bayargynam gutly bolsun.
sen yazan blogyn haysy blok. nacinji nomerde goydy Nirvana sizninkini.
Hiayress
01 июн 2022, 12:46
Soňundan dawa-jenjel bolmasyn diýip, ýörüte mowzuklary hem ses berýänleri gizlinlige saldyk. Siz bolsa özüňiz-özüňizi açyp, gyr-pyçak boluşyp otursyňyz. :))
Maladis Atabaý :D
Aýsere
01 июн 2022, 12:46
nurmuhammet,9
Aýsere
01 июн 2022, 12:47
nurmuhammet,
Näme üçin aýratyn Esmany gutladyñ?
Hiayress
01 июн 2022, 12:48
Mümkin,
Gaharyň gelmesin jora, indiki sapar haklarsyň. Senem @Esmanyň mowzugyny tapyp, öwüp-öwüp, asmana-arşa çykaryp, soňundanam 1 bal goýarsyň. :D
Ötegçi
01 июн 2022, 12:50
Her kim sebabini bilesi gelyandirda Enebay:PHiayress,
Hiayress
01 июн 2022, 12:54
@Mümkin agzadan habar ýokla diýsem offline ekenä. Ýogsa jogapsyz goýmazdy. "Arym köýenden ärim köýsün" ederdi. :D
Ötegçi
01 июн 2022, 12:56
Heh gowy nakyl getirdiñ :D :D :D
Esma
01 июн 2022, 12:57
Mümkin
Esma
Meñkiñ çeperçiliginiñ şondan ep-eslije ýokardadygy köre hasa welin bor-da...
Men asla men diýip berdiñ diýemok.Öwüp-öwüp 4 berseler kimem bolsa sorardy.

Mahymjan sen diňe goşgy ýaz, saňa şol gowy gelişýär.
Esma
01 июн 2022, 12:58
Hiayress
Mümkin,
Gaharyň gelmesin jora, indiki sapar haklarsyň. Senem @Esmanyň mowzugyny tapyp, öwüp-öwüp, asmana-arşa çykaryp, soňundanam 1 bal goýarsyň. :D

:)) Şeý diýsene!
Mümkin
01 июн 2022, 12:58
Hiayress,
Meñ mowzugymy öwüşini okap gördüñ dälmi şoñ.Näme bolsañam,balym 4 diýýä-dä garaz. :))
Puly sen geçirdiñmi jora?
Esma
01 июн 2022, 12:59
nurmuhammet
Esma ilki bilen yenisin bilen gutlayan. Bayargynam gutly bolsun.
sen yazan blogyn haysy blok. nacinji nomerde goydy Nirvana sizninkini.

Köp sag bol!