GUTLAÝAS!!!

Salam OKYJYLARYM!
Aradaky yglan eden bäsleşigimiziň netijesi belli boldy. Bäsleşik çekeleşikli, gyzykly geçdi. Siziň üçinem şeýledir diýip umut edýän. Bäsleşigimiziň ýeňijileri:

1-nji orun: @Esma we @Mümkin agzalar.
2-nji orun: @Remezan agza.


Berekella!
Pul baýraklary:
@Esma 90 manat.
@Mümkin 90 manat.
@Remezan 60 manat.

Gutly bolsun!

Ýadyňyzda bolsa, 1-2-3 ýerler bolar diýipdik. Emma, ballaryň gabat geljegini bilemzokdyk. Şu wagt 3-nji ýerde 2 sany @Massimus we @Ötegçi agzalar bar. Gynansakda olara bu gezek baýrak berip bilemzok. Emma saýdyň admini geleninden soň ol 2 agza aýratyn bir mümkinçilik berilmegini islärin.

Bäsleşige gatnaşan ähli agzalara we hemaýatkärlik eden @Bayker, @Hiayress we @Massimus agzalara-da öz minnetdarlygymy bildirýän. Bize we şol sanda maňa ynananyňyz üçin Taňryýalkasyn.
Elleriňiz dert görmesin. Döredijiligiňiziň dowamaty dowam bolsun!
Gaýgy-gam, alada size ýyldyzlaryň uzaklygy ýaly uzak bolsun! Bagt, şadyýanlyk, üstünlik kölegäňiz ýaly ýakyn bolsun! Durmuşda hemişe üstünlikli ädimler bilen ýöräň!

11 лайков 822 просмотров
150комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýsere
01 июн 2022, 13:01
Esma,
Manysyny halamadyñ gerek men ýaly
Hiayress
01 июн 2022, 13:08
Mümkin,
Ýok...
Hiayress
01 июн 2022, 13:08
Mümkin,
Nesip etsin!
Mümkin
01 июн 2022, 13:25
Esma,
Temany başga ýana sowma!
M11,
Wah,Esmañ getirip bilýän delili ýok.Baha berşini dagy gör.Bir öwüpdir.Çeperçilik diýýär. Agzan eseriniñ biriniñ çeperçiligi meñkiçe ýok...
Hiayress,
Sag bol! Abaddondyr onda.
Margarita
01 июн 2022, 13:33
Galamyňyz ýiti, üstünlikleriňiz dowamly, ýeňişleriňiz gutly bolsun! Sowgatlaryňyz nesip etsin! ?
Esma
01 июн 2022, 14:16
Mümkin,
Gaýrat etde şermendeleme! Dawwaň gerek däl. Senden başga-da öwenim kän. Men öz duýup bilşime, gowy göremsoň goýdum.Delilim şol. Şony ýazan sen bolsaň 5-bal goýanlarymça ýazmansyň. Öz islegim. Saňa hasabat bermek borjum däl.
Aýnur
01 июн 2022, 14:34
Gutlaýan!! ÜSTÜNLIK mundan soňky bäsleşiklerede!!
Mümkin
01 июн 2022, 15:04
Esma,
Şeýdip arasynda içki kitüwiñi görkezip dur :))
Massimus
01 июн 2022, 15:23
Mümkin,
kumirim! nämäň dawasy, seň temaň 1 belgili temadan gowy ýazylypdyr, Esma hanymam men ýaly öz düşünjesine görä baha berendir. Menem köp mowzuklara 4 bal goýdum, temasyny haladymam, ýöne bir zatlar ýetmeýän ýaly. Onsoňam ýeňen agzalara puly men geçiripdim, geçdimi, nesip etsin diýip jaň edenem mendim.
Esma
01 июн 2022, 15:45
Mümkin
Esma,
Şeýdip arasynda içki kitüwiñi görkezip dur :))

Men seň nämeňe içki kitüwim bolsun. Men ol bahalary ýüz görmesizden goýdum. Ýa ýazylan esere kitüwüm bolmalymy? Nähili düşünmeli diýýän sözüňe? Sen maňa näme etdiň kitüw saklar ýaly senden?
Sen saplan gaýtam kitüwlerden. Her kimden kitüw saklamakdan. Kitüwsiz bolsaň beýdip dawwa desiň ýok. Asylam edebiýatda (başga ýerde bolsa bolaram) dawwa edip hiç zat gazanmarsyň. Bu ýerde esasy zat näme? Maksat baýrak ýa at üçin edilenok. Bir azajygam bolsa talantlylary höwslendirmek. Ýüze çykarmak. Olara azajygam bolsa goltgy bermek üçin guralýar dälmi?Kimiň nähili ýazýanyny hemme kişem bilýär ahyry. Özüňe aşa baha berip öz gadyrňy özüň gaçyrýaň diňe. Maň-a ýer bermänlerinde-de gynanmazdym. Maňa şu ýaryşyň gyzygam ýeterlik. Ýer näme, baýrak näme, pul näme?
Massimus
01 июн 2022, 15:50
Esma,
Ýeňijiler hökmünde ikiňizem gutlaýan, mynasyp ýeňiş gazandyňyz! Hany indi biri-biregiň göwnüne degmäni täze ýaryşa taýýarlanalyň!
Massimus
01 июн 2022, 15:58
Mümkin,
Massimus
Onsoňam ýeňen agzalara puly men geçiripdim, geçdimi, nesip etsin diýip jaň edenem mendim.

ýaňy bir iki ýerde kommentlerde soranyň üçin aýdaýdym
Mümkin
01 июн 2022, 15:58
Massimus,
Agam,sizmidiñiz şol?! Tañryýalkasyn!
Siziñ eseriñize at dakýan ýaly boldy bagyşlarsyñyz.
Bolýa agam,señ üçin ýapýan şu temany!
Gutly bolsun!Hemmämize nesip etsin!
Waleryanka
01 июн 2022, 16:06
Ýeňijileri gutlaýan! Gyzykly boldy. Ýüz görmesizden ýazylan teswirler , edilen bellikler, goýulan bahalar aglabasy göwnümden turdy. Hatda meň üstümi 2- likden gömen hem bolsalar:)) Ýoo bular "tanamadyk sylamaz" etdiler.Düşünýän)) Nirwana galybersede Hiayress TÜWELEME diýýän size.Men saýtlara girip başlanymdan bäri iň adalatly geçirilen ýaryş şu boldy , meň gözümde.Gizlinligi , fake nikleriň baha berip bilmezligi we ş. m organizatorlaryň ökde guramaçydygyny ýüze çykardy. Yzy dowamly bolsun.Işiňizde üstünlik!
Waleryanka
01 июн 2022, 16:20
Wii duruň entek meniňem bir agzada sorajak zadym bar.8-nji gatnaşyjy Ahmedik 97 mowzugyma ýazan synynda "Bir Türkmenistanlynyň Oksfordy gutarmasy , ene atasynyň Forbese interwýu bermesi manysyz bolupdyr " diýipsiň. Nämesi manysyz munuň? Oskford dünýä boýunça az sanly abraýly uniwerleriň biri. Forbesem dünýä boýunça abunaçysy , okyjysy köp jurnallaryň biri..!?
Hiayress
01 июн 2022, 16:31
Waleryanka,
"The Forbes" žurnaly ykdysadyýetçileriň, maýa goýujylaryň we maýa ýygnaýjylaryň žurnaly dälmi nä?! Ol žurnalyň Oksfordyň uçurymyndan interwýu alan ýeri boldumyka hiý?!
Waleryanka
01 июн 2022, 16:51
Hiayress,
Bolup bilmezmi eger ol talyp ykdysadyýet bölümini tapawutlanan bahalar bn okan bolsa , okan döwri ykdysadyýete örän peýdaly bolan bir iş ýa açyş eden bolsa ? Onsoňam geljekde robot aýala öýleniljekdigine , samolýotlaryň öýümiziň golaýyna gelip ( edil taksi ýaly) bizi alyp gitjekdigine ynanyp otyrkaňyz muňa näme üçin ynanaňyzog-aý :) "The Forbesem" geljekde mojet öz ýetirýän täzelikleriniň çygryny hasda giňelder.Mojet başga ugurlary hem goşmaga mejbur bolar.

"Ajaýyp eserimi" goraýyn diýýändä , hormatlylar.Illerä bela ýaly bolup " içim gysdy bilen içim geçdisinem" goraýa :)
Hiayress
01 июн 2022, 16:52
Hiayress,
"Maýa goýujylaryň we maýa ýygnaýjylaryň"

Şu sözlere derek "maýadar" bolmaly. Şu söz ýadyma düşmändi.
Mümkin
01 июн 2022, 17:41
"Ajaýyp eserimi" goraýyn diýýändä , hormatlylar.Illerä bela ýaly bolup " içim gysdy bilen içim geçdisinem" goraýa :)

Gülûp öldümä :))
Гость
01 июн 2022, 19:57
Gutlaýan ýeňenleri. Ýeňilenlere-de gyjalat beresim gelip dur weli,şu wagt gaharlydyrlar. Köşeşensoňlara diýjegaý şulara, "iki sany gyzça bolup bilmänsiňiz" diýip. :)
Massimus
01 июн 2022, 20:02
Гость kaka,
hakyky şola, ýöne o gyzlar durşuna talant bolsa günä bizde dälä:))
Гость
01 июн 2022, 20:17
Massimus,
"Neme gyza arpa çörek bahana" diýlenni etmesene halypa :)
Hiayress
01 июн 2022, 20:33
Rigel,
Gaýrat ediň. Köpden bäri gyzyklandyrýardy şol soraglar meni. Ýene-de fizikadan gyzyklandyrýan zatlar köp. Hasam Nikola Teslanyň döredijiligi gyzyklandyrýar. Şeýle ajaýyp gizlin proýektlerem bolanmyşyn myş-myşlara bar.
Massimus
01 июн 2022, 20:40
Гость,
"Neme gyza arpa çörek bahana" diýlenni etmesene halypa :)

Bahana gözläýmesek indi başga näme edeli:))
Mümkin
01 июн 2022, 21:03
Гость,
Getirýän nakylyñam gyzlañ üstûnden-äý sen nejisiñ :))
#динара.
01 июн 2022, 21:37
Hemmejäñizi gutlayan ýeñijiler!
Maksat
01 июн 2022, 22:08
Yenijileri tuýs yuregimden gutlayan
Öwreniji
01 июн 2022, 23:25
Gutly bolsun baýraklaryňyz we gaatnaşyjylarada, gurnaýjylarada ähliňizede uly üstünlikleri arzuw edýärin.
DonMaxx
02 июн 2022, 00:57
Nesip etsin bayraklarynyz yeniji bolmadyklar gynanman nesip bolsa indiki gezek
AYNURA
02 июн 2022, 08:49
Yenijiler yenishiniz gutly bolsun howri kop bolsun