Şulary aýdaýyn diýdim…

Salam Nirvana!
-Salam. Gowumy ýagdaýyň?
Gowy, özüň nähili?!
-Alhamdulillah, gowy ýagdaýym.
Boş bolsaň azajyk söhbet edeli.
-Başüstüne! Näme hakynda bolsun söhbetimiz?
Aý, ýene şol öňki temamyz bolan Islenen saýdyndan dowam edäýeli.
-Ýeri, bolýar. Başlaber.
Sen soratman aýdyp beräý şol saýt we saýtdakylar barada.
-Aha, onda içimden gelşi ýaly näme aýdasym gelse aýdyberjek.
Elbetde, diňleýän.
-Arada ýaryş geçirdik. Sag bolsunlar, atlaryny tutduryp gatnaşjakmy, gatnaşaý diýip gatnaşdyrsagam gatnaşdylar. Agzajanlaram elleri, göwünleri açyk-da. Näme-de bolsa ýazmak mugt, 5 bal diýip ýazanyma görä jübimden 5 manat çykanok diýip, eçilip beripdirler 5 baldan 4 baldan. Öz saýlawlarynyň netijesinde sag-aman ýeňijileri belli edip tamamladyk ol ýaryşy. Ine ertesi başlandyra bir tutdawaslyk. Aňyrdan @Ykbal agza ylgap gelip: “Nirvana adalatsyzlyk etdi, men eýt diýdim etmedi, beýt diýdim beýtmedi. Ahyry oňa kelle agyrdanymdan gideýin işimdäki işiň gaýgysyny edeýin. Nätjek-dä buda ýazgydymda bardyr. Ýazgytdaky zat näçe aýtsaňam üýtgemejek eken” diýip içine salyp, diýjeklerini kellesinde jemläp, eljagazlary bilen ýazyp-ýazyp gitdi. Ondan bir gün öňem “Nirvana seň adalatyň ýaly adalatly adam görmedim” diýip meni ýerden göge galdyrypdy. Ertesi gün bolsa, ol sözleri bilen gökden büdredip-südredip yzyma çekip ýere taşlady oturyberdi. Maňa düzgüni bozýaň diýýär. Men ýaryşyň şertlerinde agzalaryň ýazan bahalaryny awtory bilen paýlaşjak diýip söz bermändim. Eger paýlaşjak diýen bolsam, hökman paýlaşardym. Soň maňa “Köşeş, nerwi öýjükleriňi öldürersiň” diýip, hamala üstümden gülýän ýaly teswir ýazypdyr. Men 4-5 teswir ýazyp çykyp gitdim. Gelsem, nerwi öýjüklerini öldürip birgiden teswirler ýazan özi eken. :)

(“Gyz bilen oglan deňhukukly bolsa, gyz näme üçin ýaşmakly gezýär?” diýip sorag beripdiň sen. Okap gülüpdim. Maňa duýgudaşym diýibem ýazypsyň. Menem seni başda saýda täze giren wagtlarym pikirdeşim öýdipdim. Emma soň-soňlar seredip otursak, pikirlerimiz düýbinden gabat gelenok. Menem sen ýaly bilesigeliji ýöne, men senden tapawudym, öz islän jogabymy almasamam, garşymdakyň pikirine hormat goýýan. Pikirleriňi durlasaň, senden gowy adam ýok. Senem kämilleşersiň nesip bolsa. Seň adamçylygyň gowy.)

Ine, seret 4 aý öňem şoň bilen pikirlerimiz gabat gelenok eken. Saňa ters hereket edenlere, pikirleriňe garşydaş pikirlilere bolan garaýşyň şol bada 180 gradus üýtgeýär eken. Adamçylygyň gowy diýäýmesem, başga näme diýjegimem bilemok.

@Bolup biler, Senem biraz öwünjeň we gepçi diýäýmeseň, gaty gowy ynsan. Men bir zat barada pikirlenip, gel şony şu gün mowzuk edip açyp, agzalar bilen pikir alyşaýynla diýip girsem, sen meň pikirimdäki mowzugy açyp, teswirlerini dolduryp oturansyň. Men saňa pikirdeşmi diýeýin ýa göwündeş?! Her ikisem bolsa, sen meň göwnüme ýaraýaň. Ýöne maňa wagtynda jogap bermän, gidip başga agzalara jogap berşiňe, olar bilen gülşüp-degişip, hatyňa gysylman ýazyşyp, maňa şol 2 minudyňy we 0.5 mgb dözmeýşiňe azajyk gaharlanjagam bolýan. Soňam özüme giňlik diläp, üns bermänjik çykyp gaýtýan.



@Sinýus agza diýip täze agza geldi saýda. Bolan bolsa 2 aý bolandyr. Özüni tanatdy, tüweleme. Ýazyp bilse bolýar, agzalar oň blogynda jemlenýär. Öňä maňa duýguçyl diýýärdi. Indi gaharly diýip başlapdyr. Hawa-da öň her teswirimiň yzyndan :) şu belgijigi goýup ýazamsoň, hiç kim meň gaharlydygymy bilip bilenok. Ol belgijigi zerur bolmasa kän ulanmazlyk kararyny aldym. Näme üçin diýseňiz, 2 hepde öň otta mekdebe gitdim. Ana şonda okuwçylar bilen gülşüp-degişip otyrdyk. Olaryň şatlykly dünýäsine ýylgyrmazça-da däl. Şol wagt maňa biri poçtadan ýazýar. Menem her sözlemine ???????? şu smaýlikler bilen jogap berdim welin: “Özüňizem şilkik bolupsyňyz, biriniň nerwisini daşdeşen ýaly çokjalasaňyz begenip şilkilleýäňiz” diýäýdi. Menem şol smaýlikler şilkikligiň alamaty bolýan bolsa, onda men saýtdakylara şilkerip gezipdirin-dä bu wagta çenli, indi gowsy şilkildemäýin diýip kän ulanmagy azaltdym. Ýöne maňa hernäçe sözler diýselerem men gaharlanamok, özüme gerejik ýerini alyp, gerekmejek ýeri üçin nerwi öýjüklerimi öldüremok.

@OkAy diýip bir agza-da didaryny görkezip gidýär 2-3 günde bir gezek. Şol agza teswir ýazanda göwnejaý, ýerlikli ýazýar. Ýazmak diýseň, ýazyp bilýär, çekmek diýseň, ökde çekýär, okamak diýilsä, nigindäki atdan belli bolşy ýaly has gowy okap, gowy netije çykarýar. Oýlanmalaryny okasym gelýär diýip öňem duýdurypdym, ýene duýdurýan. OÝLANMALARYŇYZY PAÝLAŞYŇ!

@Köpetdag agza sizem arasynda jyklap gidýäňiz. Iň soňky gezek “ Pul gazanmak isleýäñizmi? Örän añsat we örän ýeñil!” diýip mowzuk açypdyňyz welin, näçeräk gazandyňyz? Gazananyňyzdan eçilersiňiz-ä :) Menem zatdan artamok-da. Degişýän, gelen wagtyňyz baý tejribeleriňizden, gymmatly sözleriňizden, öwütleriňizden paýlaşyp gidiň. Iň bolmanda şujagaz “Utançsyzlar diýsänim....” sözüňizi ýazyp gitseňizem bolýar.

@reýis agza senem bir agzaň “Her mowzuga teswir ýazyp çykýaň. Ýaltanaňokmy?” diýeninden bäri az ýazýaň. Ýa çyndanam ýaltanyp başladyňmy?
Näme diýselerem, näme diýseňem sen gowy. Ýazyber, sen ýazaýmasaň ýazjagam ýok şol teswirleri.

@sega agza, senem şu bloga gelmeli adamlaryň gelmeýänine gaharym gelýär diýipsiň. Men özüme ýüzlenilip ýazylanyna-da baryp bilmedim. Ol bloga barmak zerurlygy duýmadym. Bar diýjegim “Gowy ýazypsyň!“ sözi bolardy.

@begzada agza size-de bir çäklendirme getirenimizden soň hiç zat ýazaňzok. Ýene öňkiňiz ýaly biz barada häsiýetnamalar ýazsaňyzlaň. Uzyn edip ýazýan teswirleriňizi 2 günde küýsedim.

@rabiýa agza senem ýuwaşapsyň, öňkiler ýaly sögüşeňok. Saňa gelişjek häsiýetä däl bu. Hany, özüňe gel.

@atamyzdan uly, senä durşuň bilen gülki. Mundan ozala seni çyk diýibem çykaryp bolanokdy saýtdan. Indi seýrek gelýäň. Indiki geleňde gülkileriň bilen bileje gelgin.

@ File, “Sen meni başga birine meňzedip mowzuklaram açýardyň. Men barada gowy söz ýazypdyr bir agza, şu wagt adam ýadyma düşenok. Olam köne ertiriň agzalaryndan biri eken. Menä tanamok. Senem ol sözi okap, özümi özüm öwýän ýaly edip teswir ýazypsyň. Ýene bir gün “Agşam biriniň 41-nji niki talyplarda 42-nji nikini çagyryp blog açdy, soňam pozdy” diýipsiň. Ýene bir gün saýda girmäge elim degenok diýsem, “halamaýan pişelerim, ýalana bolamok” şeklinde mowzuklar açypsyň. Akyl gyz men seň pikir edýän ynsanyň däl. Seň pikir edýän ynsanyňy men hiç tanamok. Bu zatlary men göwnüme alandygym üçin ýatlamadym, diňe özüňi bu ýazgydan tanamagyň üçin ýazdym. Men barada nähili pikir edýänem bolsaň pikiriňe hormat. Men seni gowy görýän. Senden meni gowy görmegiňe garaşamok. Ýöne men başga biri däldigimi saňa duýdurmak isledim.”
Ýadyňa düşýärmi şu?!
Ahyry meni duýup başlapsyň öýdýän. Seň bilen düşünşip başlanyma diýseň şat. Indi bir meni başga birine meňzedäýme. Men çaga-da diňe bir ýüz bar. Sam’syklygam, akyllylygam şol ýüzümde jemlenen. Içim-daşym bir meň.


Garaz, şu gün öz-özüm size ýüzlenip ýaňrasym geldi. Entek diýjeklerim, ýüzlenjeklerim kän. Olaram okuwdan gelsem dowam ederin.
Gelýänçäm 25 sany disslike gaýrat ediň. Sebäbi, siziň bu göwnüňize ýaramajagyny bilip ýazdym. Men şeýdip boş gürläýmesem, menden başga boş gürleýänem ýok şu saýtda.
19 лайков 852 просмотров
88комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Michael
07 июн 2022, 18:47
Nirvana,
Sen maňa birini ýatladýaň welin, Alla abraý bersin. :)

Ady, familýasy zady barmy? Belki şoduryn :))
Michael
07 июн 2022, 18:48
Abraýy özüň gazanmaly diýýädi bir "kädi" lakamly mugallymym
Michael
07 июн 2022, 18:50
Nirvana,
Saňa-da başga diýýän sözüm onda: “Ters ugrat”.

Başgalaryňkyny maňa berme, öýkelärler. Ters-dürs jogaplardan, jogaplamazlyk iň gowusy
Telwas
Автор 07 июн 2022, 18:51
Michael
Nirvana,
Sen maňa birini ýatladýaň welin, Alla abraý bersin. :)

Ady, familýasy zady barmy? Belki şoduryn :))


Bar. Adynda A harp bar. Şolmy?
Michael
07 июн 2022, 18:51
Nirvana,
Nalamaý-da…

?
Michael
07 июн 2022, 18:56
Nirvana,
Bar. Adynda A harp bar. Şolmy?

Atsyz adam barmy diýsene. Adynda A harply adam ady köp.
Bolýar, pikirlendireýin diýdim. Sizi şu ýerde tanaýan. "Sosiologiýadan, syýasatdan, ylahyýetden köp taraplaýyn pikirlenip bilýän'' diýip komentariýa ýazypdyňyz, şondan bäri okaýan ýazanlaryňy
Michael
07 июн 2022, 19:02
Nirvana,
Ok
Michael
07 июн 2022, 19:03
Meň teswirlerimi pozsana, adamçylykdyr ätiýäçlyk
Michael
07 июн 2022, 19:06
Nirvana,
başga mowzuklara kän teswir ýazanyňa duş gelmedim.

Tüweleme biziňkilere berekella, şu ýerde teswir köp hezil blok diýip gapysyny açsam maňlaýyma urulan ýaly bolýan. Onsaň ýazamok, iki at depişer, arasynda eşek öler bolaýmaýyn diýip ;))
Michael
07 июн 2022, 19:14
Indi ýazmaýyn kyn görmede pozuşdyrsana Ms Nirvana
Telwas
Автор 07 июн 2022, 19:16
Michael,
Gowy edip içiňi dök, soň pozaryn. Men ýaly atlaryny üýtgedip ýaňsylap gürläber.
Telwas
Автор 07 июн 2022, 19:17
@haha agza-da men haçan görsem linýada. Oňam bar gaýgysy bizi güldirmek. Ölseňizem gülüp ölüň diýýändir-dä.
Michael
07 июн 2022, 19:18
Nirvana,
Men bu ýerde hiç kime hiç söz diýjek däl, pozaý arkaýyn.

Içimi döker ýaly içde dökmäne zat ýok. Hemmesi içde durmaly zatlar. Öz durmuşymdan özümden razy, diňe umumy ýagdaý barada aýtsam aýdaýmasam. Onam aýtjak däl bu ýerde. Pozuber ;)
Telwas
Автор 07 июн 2022, 19:21
Michael,
Pozdum.
Telwas
Автор 07 июн 2022, 19:22
@iner diýip bir agza-da bar, oňa-da bir agza iş bolýar. Nirede görse gep atyp galýar. Göräýmege degişgen birine meňzeýär. Aý şola gaharjaňa-da meňzemän duranok. Gördük-le, bir gyz bilen sögüşişini.
Michael
07 июн 2022, 19:23
Nirvana,
Hemmesini, hemmesini :))
Telwas
Автор 07 июн 2022, 19:29
Michael
Nirvana,
Hemmesini, hemmesini :))

Ýaltanýan. Olarda ýaňsylaýjy söz ýok. Gorkma, gözlenmersiň.
Telwas
Автор 07 июн 2022, 19:29
Hemedany
Belki maňa näme lakam goýduňyz ýa goýarsyňyz?

Ýokarda ýok bolsa, ýazamda okarsyň.
Telwas
Автор 07 июн 2022, 20:02
@filmiň soňy agza hem göz aýlap gidýär özä saýda. Ýa paýlaşylýan zatlar diýseň göwnüne ýaraýar ýa-da hiç ýaranok. Sebäbi teswir ýazanok. Şoň hemme zada at dakaýmasy bardy. Içinden “Aýdanyň ýokanok bulara” diýip gidýändir-dä.
Ahally
07 июн 2022, 22:47
Bäh, gyzykly fakt eken-äý...
- Dani
07 июн 2022, 23:35
“Her mowzuga teswir ýazyp çykýaň. Ýaltanaňokmy?”

kime diýdiň şuny?
Harmony
08 июн 2022, 02:02
Şilkikligemä şilkiklikdir weli, käbir gyzlar-a hytyrlyk, ýaňsylamak ýaly hem düşünýäler. Liçno men-ä sözümi ýumşatmak üçin ulanýan. Özüm gödek ýazamsoň, köplenç öýkeleýäler ýa-da şoňa meňzeş bir zat.
Harmony
08 июн 2022, 02:07
Her kim özüne görä kabul edýä. Kabuledijilik barada eşdensiňiz. "Ogram özüne, orramsam" diýýände goýaýýan öz ýanymdan.
Şoň şanyna al ondo mendenem bir "şilkiklik" ysmaýyljygy :)
Smaýl-ulybka-ýylgyryş... türkmençesi şilkiklik.
Ahmet
08 июн 2022, 07:14
Özä gyzykly mowzuga meňzeýär. Elim degdiginden okaryn entek. Gyzykly mowzuga meňzedenim üçinem like goýjak:)
Ahmet
08 июн 2022, 07:16
Şu häsiýetim galman geçjek-dä. Başyndan 3 setir, soňundan 3 setir okap baha berip göýberäýýän:)
Nury
08 июн 2022, 09:18
Essalamualeýkum oňatmy jan saglyklaryňyz.

Şuwagt bar işimi taşlap şul temaňy okadymaý yzynam ýaz okaly
- Dani
08 июн 2022, 09:21
Ahmedik_97
Özä gyzykly mowzuga meňzeýär. Elim degdiginden okaryn entek. Gyzykly mowzuga meňzedenim üçinem like goýjak:)



hahaha 3 setir okaýan diýýämiň? pfff goýsana SEN HAKDA ( ýagny öziň hakynda) ýazyan TEMANY sen DOLY OKAMAÝAN diýjek bolýamyň? kimi sokjak bolýaňaý?

OKANSYŇLA, PROSTO @NIRWANA JOGAP BERIP BILMÄNE GEP TAPMANLYGYŇ SEBÄPLI " OKAMOK, TIPA ELIM BOŞANSOŇ" OKARYN DIÝEN BOLÝAŇ hehehe
Durmush
08 июн 2022, 09:26
Garaşýas yzyna