Mekdeplerimizde hereket edýän bilim ulgamy reforma zerurlyk duýýarmy?
Elbetde, her döwrüň öz mümkinçiliginiň, şertleriniň çägi deň däl. Bilim ulgamynyň bu topraklarda 1917-1920-nji ýyllardan başlap gelip ýeten ýerini nazara alsaň,şertler we mümkinçilikler babatda häzirki nesilleriň aşyklary alçy gopan. Emma muňa garamazdan, bilim ulgamynda göze iler ýaly derejede üstünlik boluberenok. Isle mekdeplerde, isle ýokary okuw jaýlarda, isle hünärmen iş ýerlerinde , körsowat ýaşlarymyzyň bilim hiliniň pesligi baran ýerimizde gözümize dürtülip dur. Gynansagam , gowy şertleriň ýeke özi okuw prossesiniň üstünlikli bolmagy üçin ýeterlik däl. Ýakyndan gyzyklanýanym üçin şu mesele bilen baglanyşykly käbir pikirlerimi beýan etmegi makul bildim. Mekdepler - bilim binýadynyň ilki tutulýan ýeri. Binýadyň başdan gowy tutulmagy soňlugy bilen ýokary okuw jaýlarynyň işini hem ýeňilleşdirer. Ikisiniň işi hem gowy netije bilen jebisleşen halatynda şahsyň özi üçin - gowy gelejek , döwlet üçin - gowy hünärmen gazandyrar diýmek. Bilim ulgamynyň hiliniň gowulanmagy –bu diňe bir nesliň däl, tutuş halkyň ýakyn gelejeginiň rahat durmuşynyň kepilidigine hemmäniň düşünmegi gerek. Şol sebäpden muny bilim edara işgäriniň, mugallymyň,ene-atanyň ýöne iň esasy okuwçynyň özüniň hem jogapkärçilik bilen duýmagy gerek . Syn edip görseň , dünýäde bilim bermekde üstünligi boýunça öňde diýip tanalýan ýurtlaryň alyp barýan bilim ulgamynyň aýratynlygy hem ünsüň iň esasy okuwça gönükdirilen bolmagynda .Gürrüňi getirjek bolýan ýerim, şeýle uly möçberde hereket edip duran bir ulgamyň iň wajyp böleginiň bizde asyl ünsden düşürilýän bolmagy. Meselä çözgüt tapmak üçin ilki näsazlyklaryň nirelerde, nähili ýüze çykýandygyny seljersek gowy bolar. 1. Okuwçy jogapkärçiligi: Iň uly kemçiliklerimiziň biri biziň mekdeplerimizde ýetişýän okuwçylaryň ne okuw,ne tertip-düzgün babatda jogapkärçiligi hiç hili öz üstünde duýman ulalmagy. Haçan-da A şahs B şahsyň üstünden, B şahs Ç şahsyň üstünden garamaly edilende, Ç şahsyň ýalňyşy üçin diňe A şahs bilen B şahsy jogapkär tutup, ähli görülýän çäreler Ç şahsy aýlanyp geçse, Ç şahs hiç haçan eden işiniň hatasyny duýmaz. Mekdeplerimizde okuwçy üçin doly düzgünleşdirilen (kanunlaşdyrylan) bir içerki düzgün-nyzamyň ýoklugy, talaby we jogapkärçiligi güýçlendirýän disiplinanyň ýoklugy häli şindi okuw işiniň bökdemegine getirýän sebäplerden biri. Mysal üçin, okuwçylardan biri düzgün-tertibi bozdy, başga bir okuwçyny suwa salma ýençdi diýeli. Şu ýagdaýdan soň nämeler ediler? Mekdebe okuwçynyň ene-atasy çagyrylar,(eger gelse) çagasynyň goýberen tertipsizligi arz ediler. Ene-atanyň meselä görkezýän çözgüdi “Indikide etme balam” bilen gutarar. Iň soňunda bolsa käýinç mugallyma berler. Indikide şol bir ýagdaýyň gaýtalanmazlyk ähtimallygy näçeräk? Öz hereketiniň jogapkärçiligini we netijesini ol okuwçy nämeden duýmaly? Hut şu ýagdaýyň netijesinde-de okuwçyny diňe haýbatyň güýji bilen kontrol etmäge dyrjaşýan awtoritar mugallym obrazlaryň döremegi biziň mekdeplerimize mahsus ýagdaý. Mugallymy şuňa iterýän sebäp näme? Okuwçy kontrolyny beýle gowşak usullar bilen saklamak mümkin däldigem , ýalňyşdygam hemmä mälim. Mugallymyň boýnuna tertip-düzgün üçin jogapkärçilik ýüklenen, ýöne eline hiç hili ygtyýar berilmedik. Gynansak-da öwüt-nesihatlar okuwçyda öz hereketi üçin jogapkärçilik duýgusyny oýaranok. Şol sebäpden häzirki döwürde mekdeplerde tertip-düzgüni saklamakda birgiden problemalar ýaşalýar. Mekdepler üçin gowy oýlanyşykly düzülen, kanuny usulda hereket edýän içerki düzgün-nyzamyň bolmagy zerur.Diýmek, mekdebe göwün islän wagtynda gelip, göwün islän wagtynda çykyp gidýän, okuwdan sebäpsiz galyp nirelerdedir bir ýerlerde başga ýaramaz pişeleri tapynýan,mekdep çäginde uruş-dawalary gurnaýan, mugallymy, mekdep müdirini hiç hili äsgermeýän...we ş.m okuwçylarda jogapkärçiligi oýarmaga, aýdylanynda-da gulagynyň düýbünden geçirip goýberjek duýduryşlary berip durmakdan has güýçlüräk bir sebäp gerek. Hemme ene-atanam çaganyň meselesi bilen gyzyklanmaga çekip bolmazlygam aýry mesele. Okuw işini äsgermezlik diňe çagada däl, ene-atalarynda-da şeýledigi görülýär. Mekdepde ene-atalar ýygnagy geçirilende,çagasynyň mugallymyna “görnüp gaýtmaga” haýsydyr bir ýoly düşen goňşusyny, şofýoryny iberýän, mekdebiň gapysyndan ädiminem ädip görmedik, çagasynyň haýsy synpda okaýandygynam bilmeýän ene-atalaryň häli şindi duş gelýän bolmagy diýseň gynandyryjy ýagdaý. Beýle ýagdaý okuw işini ene-atasy äsgermeýän bolsa çagadan köp zada garaşybam oturmaly däl diýdirýär.
2. Okadylyş usuly :
Okadylyş usuly, bahalandyryş usuly bizde soýuz döwründen bäri diýen ýaly şol bir görnüşde amala aşyrylyp gelinýär. Sapagyň dowamlylygy 45 minut , şol berlen müddetiň içinde guramaçylyk döwri, öý iş soramak , täze temany düşündirmek we berkitmek üçin şularyň hersiniň öz kesgitlenen minudy bar . 30-34 okuwçylyk synpda şol 45 minudyň 15 minudynyň dowamynda ortaça alanda 8-10 okuwçy bahalandyryp bolýar. Bahalandyryşam adatça şol bir usulda : dilden tema gürrüň berdirmek, ýat tutdurmak, birki soragnama jogaplatmak, öý işini tagtada işletmek, kitapdan täze mesele çözdürmek, tagtada gönükme ýa mysal işletmek... Synp žurnalyna baha goýmak hökmany bolup durýar. Žurnala baha birtekiz düşmegi üçin bolsa her sapakda synpdaky okuwçylar gezekleşdirilmeli bolýar. Şonda her okuwça bir çärýegiň dowamynda ortaça 7-8 baha düşýär, passiw ýalta okuwçylarda bu görkeziji 3-4 baha bilen çäklenýär. Şol bahalar okuwçynyň çärýeklik bahasyny kesgitleýär. Çärýegiň dowamynda adatça bir barlag işi/ amaly iş alynýar. Pikirimçe,okuwçynyň bilim derejesini kesgitlemek üçin bu usul netijeli däl, ýeterlik däl. Nogsanlyklar nämede? Birinjiden, ýat tutma usuly bilen tema aýdyp bermek. Her tagta çykan okuwça bir-iki minutdan artyk wagt sarplap bolmaýar. Okuwçylar kitapdaky maglumatlary ýüzleý,diňe şol bir-iki minut üçin niýetläp ýatlap çykýar. Hiç hili aň ýetirme, çuňňur logiki pikirlenme amala aşyrmanam maglumaty 5 minutlyk ýatkeşlik bilen ýatlap çykmak aňsat. Köplenç şol okuwçydan ýat tutan ýerini üç -dört hepdeden gaýta soranda ol şol aýdanyny gaýtalap berip bilmez. Logiki pikir ýörediş,analizleme, netijelendirme ukyby umuman okuwçylarymyzda pes. Ýat tutan maglumatyny aýdyp durka aýdyp duran zadynyň yzygiderligini bozanymyzda ýa-da aýdyp duran temasyna garşy pikiri öňe sürenimizde okuwçy çolaşyp galýar. Hatda tema hakda özi aýdyp durandygyna garamazdan, mugallymyň ýalňyşdyrmak üçin bilgeşleýin ýalňyş beren düzedişinem tassyklap goýberibilýär. Bu öwrenilýän maglumatyň ýüzleý kabul edilýänliginden nyşan. Temanyň esas özeni kabul edilmän, diňe kitap sözlemleri ýat tutulýar we okuwçy şol kitap sözlemleriniň daşyna çykyp bilenok. Iň bärkisi ,meselem getirmek üçin ulanjak sözlemlerini hem kitabyň meselem getiren sözlemlerini aýdyp başyndan sowýar. Ikinjiden, köp okuwçyly synpda diňe belli bir bölegiň temany öwrenenligi barlanylýar. Mugallymlaryň işjeň usul diýýänlerinde-de birki soragyň,gysga ýumşuň üsti bilen okuwçynyň nä derejede özleşdirenligini anyklamaklyk kyn. Ähli okuwçynyň şol temanyň nä derejede özleşdirenligini welin, 10-15 minudyň dowamynda barlap çykmak mümkin däl. Üçünjiden, baha goýluş usuly, meseläniň iň çylşyrymly bölegi. Çärýeklik baha çykarmak üçin synp žurnalyna azyndan dört baha düşen bolmagy gerek. Mekdeplerimizde hereket edip duran okuw ulgamynyň iň erbet ýeri bilýäňizmi näme, ýaltalar üçin ikilik almagyň “ýeňil eşreti” , näçe isleseň şonça-da ikilik alyp oturybermeli. Tema taýýar bolman gelmek we ikilik almak okuwçy üçin hiç hili kynçylyk döredenok. Ynanaýyň, gaýta arrygyny gynaman ikilik almak okuwçy üçin hemmetaraplaýyn amatly görünýär. Ýagdaýa has gowy düşünmek üçin, okuwçy bolup pikirlenip göreliň: “Ikilik baha maňa nähili kynçylyk döredip biler? Hmm, mekdepden –ä kowulmaryn, synpda-da galmaryn. Çärýekligim we ýyllygym ikilik çykmaz. Bardygeldi mugallym hemmesini ikilik çykarjak bolaýsa (şu ýerde“ikiligi men alamok, mugallym goýýar” düşünjesiniň okuwçylarda giň ýaýrandygynam göz öňünde tutmak gerek) meni synpdan synpa geçirmeli däl bolar. Aý beýdäýse-de muň üçinem mugallymy kösärler. Oňam kösenesi gelmez , şoň üçin menem synpda galdyrmaz “. Bilýäňizmi şu meselelerde nogsanlyklaryň birini tapsaň, edil dokalan dokmanyň bir ujuny çözläp başlanyňda beýleki ýerleriniň hem sökülip başlandygyny görmek ýaly bir zat bolýar, nogsanlyklar zynjyr ýaly sepleşip biriniň ardyndan beýlekisi çykyp başlaýar. Okuwçylaryň aglabasy okuwa höwessiz gelýär . Belki muň sebäbini seljerseň arkasyndan belli bir derejede maşgala täsiri çykar, okuw işiniň gyzyksyzlygy, mugallym tejribesizligi çykar. Köp maşgalalarda çagalar okuwa, okuwyň üsti bilen gelejege höweslendirilmeýär. (Elbetde bu meseläniň özüni aýry tema edip açybermeli) Meseläniň soňuna ýetsek okuwçylarda ýaltalygy güýçlendirýän, has dogrusy ýaltalyga iterýän ýene özümiz bolup çykýarys. Okuw okamagy özüniň gelejegi üçin bir maksat edip goýmaýan çaga bahalaryna garşy äwmezek bolýar. Gowy bahanyň oňa hiç zat gazandyrmajagyna ynanýan çaga pes bahanyň hem oňa hiç zat ýitirtmejegini bilýär.Birinjiden, ikilik düşäýen ýagdaýynda-da baryýogy birki sany bäşlik –dörtlük baha bilen ýaňky ikilikleriň çärýege çenli düzedilip bilinýänliginde. Bu bolsa okuwçyny arkaýynlaşdyrýar. Ikinjiden , ikiligiň çärýege goýulmaýanlygynda, has dogrusy goýulmajagynda. Elbetde bu ýagdaý üçin mugallymy günäkär hasaplamak bolar, emma sebäpleri iň başdan gowy seljerseň muňa iterýän başga bir nogsanlygy görmek bolýar. Islendik okuwçynyň pes ýetişigi üçin diňe mugallym arz edilýändigi üçin, çärýeklikleri ikilik çykaraýsa ol ; käýinç eşitmeli bolar, düşündiriş ýazmaly bolar, ýazuw -çyzuw ýöretmeli iş kagyzlary köpeler, dert-aladasy köpeler, kanikul dowamynda okuwçyny mekdebe gatnatmaly bolar, kanikulda-da okuwçy mekdebe gatnamaz , öýünde tapdyrmaz, ene-ata garşylyklaryna duçar bolmaly bolar ... we ýene-ýeneler... Ýitgi diňe mugallym tarapa düşjegi üçin hem ol nämä ýüz urar - bu kemçiligi elinden geldigiçe gizlemek islär. Bir zada dogry düşünmegimiz gerek,okuwçynyň pes ýetişigi “diňe” mugallymyň günäsi diýip pikir etmeklik ýalňyş bolar. Elbetde,mugallymyň iş tejribesi hem okuwçynyň ýetişigine täsir edýän faktorlaryň arasynda , emma ýeke ol däl. Bu ýerde ene-atanyň täsiri, dogry höweslendirilme, okuwçynyň öz islegi, maksada okgunlylygy, gowy hereket edip duran okuw sistemasy, dogry gurşaw -jemgyýet.... ýaly birgiden sebäplerem öz täsirini ýetirip dur. Diýmek, haýsydyr bir tarapy aýby gizlemäge itermäge derek ortalykda ikisinem herekete getirjek bir sistema gerek; hem mugallymdan talaby, hem okuwçydan . Üçünjiden, synpdan synpa geçiş ýagdaýy. Ýylyň dowamynda okuwçy hiç hili gaýrat görkezmedik halatynda, tertip-düzgün babatynda çägi näçe gezek aşan halatynda-da, synpyň iň pes ýetişýäni bolsa hem ol synpdan –synpa geçiriler. Synpynda galdyrma ýagdaýyna hiç kim ýüz uranok. Geň ýeri , nirä garasaň sowatsyzlyk bolupdyr dyz boýy, emma hiç ýerde synpynda galýan okuwçy ýok. Munuň üçinem ýene okuwçynyň özünden başga birnäçe adamyň kellesi agyrdyljagy üçin ýagdaý düýeguşuň kellesini guma sokup özüni gizlemek isleýşi ýaly bir zat bolar. Görşümiz ýaly, meseläniň özeni ulgamda iň wajyp bölek okuwçydygyna garamazdan, ähli zat ondan sowa geçýär, iň esasy herekete getirilmeli güýç şoldugyna garamazdan, ony okamaga itermeli halatyna, arrygyny gynaman ýatyp geçirýän halata getirýän hem özümiz bolup galýan ekenik.
3. Mugallymlardan talap:
Bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň aglabasynyň öz ugrundan bisowatlygyna duş gelip, olary kadr hökmünde işe alanda bilim hilini barlap görmek ýaly aýratynlyklara üns berilmeýändigine gynanýan. Bilim tarapdan görkezijileri ýokary bolan mugallymlarda sapak geçirilişini galyba salmaga gerek galanok.Aslynda sapak geçişi mugallymyň erkin çäginde bolmaly diýip hasap edýärin. Ýagny bu meselede her mugallym öz metodikasy bilen iş ýöredip biler. Eger netije gowy bolýan bolsa, sapagyň görkezilen 7 punktdan daşary çykanynyň zyýany ýok. Şol sapagyň şonsuzam çäkli 45 minudyny öý iş soramak, berkitmek, jemlemek... ýaly galyplara salmagyňam geregi ýok. Bilim edaralaryň mugallymyň üstünden kontroly güýçlendirmek isleýişleri elbetde gowy zat. Ýöne munuň üçin çözgüt diýip ýalňyş usullardan “peýdalanýanlary” welin gynandyryjy. Mugallymyň ýöretmeli iş kagyzlarynyň sanyny (öz üstünde işlemek ... ) köpeldibildigiňçe köpeltmek, diňe şol boýunça işine baha bermek işiň hili üçin iň täsirsiz, biderek usul diýip hasaplaýaryn. Işini şonsuzam gowy oňarýan işleýän mugallym üçin ol biderek wagt ýitgisi we goşmaça ýadawlyk. Işlemejek adam üçin bolsa ol kagyzlary doldurmak has dogrusy doldurtmak we dogrulatmak hiç hili mesele döretmez. Ol birgiden dokumentasiýa işleriniň gelýän barlaýjylaryň jübüsini galňatmakdan başga bitirýän işi ýok. Maksat mugallymyň işiniň hilini, biliminiň hilini ýokarlandyrmak bolsa ony kagyz ýüzünde amala aşyrjak bolmak bidereklik. Säwlikleri seljeren bolsak, indi nähili üýtgeşmeleriň amala aşyryp boljakdygy hakda pikir ýöretsegem bolar.
107комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.