Dünýädäki iň belent şaglawuk Anhel şaglawugydyr. Ol Wenesuelada ýerleşýär. Şaglawugy Anhel atly uçarman açypdyr. Şonuň üçin şaglawuk Anheliň adyny göterýär. Anhel şaglawugynyň umumy beýikligi 979 metr, suwuň ine-gana şaglap gaýdýan beýikligi bolsa 807 metr.
Gimalaý dagy Aziýa yklymynda ýerleşýär. Ol dünýäniň iň beýik dagy hasaplanýar. Gimalaý dagynyň iň beýik depesi Ewerest diýlip atlandyrylýar. Onuň beýikligi 8848 metr. Gimalaý sözi türkmen dilinde "Garyň öýi " diýen manyny berýär. Daglaryň ösýäni we peselýäni bolýar .Gimalaý dagy ösýän daglara degişli. Daglar näçe ösdügiçe, depesi şonça-da sowuk bolýar.
Alýaskada höwürtgeleýän Risanka atly guş Ýuwaş ummanynyň üstünden gonman 3200 kilometr aralygy geçip bilýär. * * * Afrika düýeguşunyň penjesiniň zarby at toýnagynyň güýjünden has elhençdir. Ýöne weli, düýeguş saňa hüjüm edeninde, taýagyň başyna telpegiňi gysdyr-da galdyraý, ol zut gaçmak bilen bolar. Sebäbi düýeguş diňe özünden boýy pes jandara hüjüm edýär. * * * Baltika deňziniň iň çuň ýeri 460
Piller segsen ýaşdan ýüz ýaşa çenli ýaşaýarlar.Olar ýedi ýaşyna ýetende guzlaýar. Ýabany piller has hem köp ýaşaýarlar. * * * Ýolbarslar duşmançylygy üçin ynsana hüjüm etmeýärler .Olar aç bolanlarynda iýmit üçin ynsana topulýarlar. Eger ýolbars dok bolsa, ýanyndan geçseň hem topulmaýar. * * * Bars iň köp uklaýan haýwanlaryň biridir .Ol üç günläp uklaýar. Itiň ukusy bolsa örän azdyr, ol elmydama
Balyň her damjasynda ynsan bedeni üçin iňňän zerur-jana derman jisimleriň ýetmişden gowragy bar. * * * Medisinanyň atasy saýylýan Gippokrat:"Özümiň bir ýüz on bir ýaşamagymyň esasy sebäbi, tutuş ömrüme bal iýendigim üçin "-diýip, muny has aýdyň düşündirýär. * * * Ibn Sina keselleriň köpüsini bejermekde ary baly bilen mumy ulanypdyr. Ol:"Saglygyňy saklamak üçin ýazyna hem gyşyna üç
Polşada Täze ýyl saçagy üçin 12 dürli tagam taýýarlaýarlar, olaryň ýekejesi etli tagam bolmaly. Ol hem balykdan taýýarlanylýar. Bu tagam bagtlylygyň hem-de abadançylygyň nyşany hasaplanýan zagara barlygyndan taýýarlanylýar. Mundan başga-da kömelek ýa-da kelem çorbasy, garaly kişdesi atylan arpa şülesi, süýjülik üçin bolsa şokolad torty baýramçylyk saçagyny bezeýär. Rumyniýada Täze ýyl gutabyny
Gündogaryň käbir ýurtlarynda täze ýyl baýramçylygy aý kalendarynyň hasaby boýunça bellenilýär. Bu diýildigi Täze ýyl 31-nji dekabrda däl-de, ýanwar aýynyň aýaklarynda ýa-da fewralyň ilkinji günlerinde bellenilýär diýildigidir. Hytaýlar,Wýetnamlarda, Ýaponlarda we Koreýlerde Täze ýyl baýramçylygy aý kalendary boýunça ilkinji aýyň täze Aýynyň dogmagy bilen bellenilýär. Bu bolsa baharyň gelendigini
"Titanik" gämisi geçen asyryň iň äpet gämisidi. Ony "White Star "kompaniýasynyň dolandyryjylary Brýus Ismeý we Jeýms Pirri gurmagy maksat edinýärler. Şeýlelikde, 1909-njy ýylyň mart aýynda bu kaşaň we ýokary tizlikli gäminiň gurluşygyna girişilýär hem-de gysga wagtyň içinde gurulýar. 1911-nji ýylda "Titanigiň "suwa goýberiliş dabarasy bolup geçýär. "Titanik
Gyşyna agaçlar ösmeýärler. * * * Grafiki multiplikasiýanyň başyny başlaýjy fransiýaly suratçy Emil Kol hasaplanýar. 1908-nji ýylyň 17-nji awgustynda Parižiň "Jimnaz" teatrynda ilkinji gezek onuň multifilmi görkezilýär. * * * Fransuz alymy Amper heniz on üç ýaşyndaka matematika boýunça özüniň ilkinji işini Lion akademiýasyna tabşyrýar. * * * Dünýäniň iň beýik gerişleriniň 25-si Gimalaý
Laçyndyr bürgüt 2 kilometrden-de belentlikden ýerde ýöräp barýan syçanjygy saýgarýar. * * * Žiraf düz meýdanda ýörände 2 kilometrlikdäki zady aýyl-saýyl saýgaryp bilýär. * * * Dünýäde öý itleriniň 400 görnüşi bar. * * * Günorta Afrikada 20 müňden gowrak pil ýaşaýar. * * * Dinozawrlar, takmynan, 225 million ýyl mundan ozal ýaşap geçipdirler. * * * Bathyz döwlet goraghanasynda 1000 töweregi