Hakyky soygi...


Owadan baharyň ajap möwsümi,
Daş-töwerek oglan bilen gyzlardy.
Maňa säwlik bilen sataşan oglan,
Bakyşlaňdan ýüzüm ot deý gyzardy.


Deň-duş joralamdan salgymy sorap,
Soňam ençe sapar idäpsiň meni.
Ýalňyş düşen bolup, belgime aýlap,
Bahanajyk tapyp aldapsyň meni.


Ýöränimde ogryn-ogryn seredip,
Gör, näçe saparlar synladyň, oglan?!
Ýüregime şugla saçyp keseden,
Asyl söýgiň özi senmidiň, oglan?!


Kalba hyruç berýär joşan duýgulam,
Menem seni jandan eziz söýüpdim.
Gözlem ýene söýýändigim duýdurar,
Gyza söýgüsini aýtmak aýypdyr.


Seniň päk söýgiňe sowuklyk bilen
Jogap berip, täleýimden sowsam-da.
Ýene hanjar deýin bagryňy dilip,
Yşkym joşup gursagyňy böwsende.


Sowgat edip, ýüregiňi getirdiň,
A, men boldum söýýäniňi duýmadyk.
Şahyr bolmasaňam, waspym ýetirdiň,
Söýgi siňen jümleleri aýnadyp...


Garşy çykarma-da seredip durman,
Bu gün güller bilen ýolumy kesdiň.
Ýüregmiň eýesi, eý, sada ýigit,
Seniň yşkyň bütin ömrüme besdir!


Ogulnur PIRJIKOWA.
11 лайков 278 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
12 ноя 2021, 15:22
Şahyr bolmasañam waspym ýetirdiñ.
Söýgi çopandanam şahyr ýasaýada berekella?
like+++++++++++++++++ brawo brawo brawo
Döwlet Şöhradow
12 ноя 2021, 15:27
Gowy goşgy eken brawo +
Ogulşirin Bayramowa
12 ноя 2021, 15:48
Gowy goşgy Like???
#mink-panda
12 ноя 2021, 16:03
like
Daýanç
12 ноя 2021, 16:19
A gorkiy vkus
Daýanç
12 ноя 2021, 16:20
10like menden. Dislike men basmandurn
Biohimik
12 ноя 2021, 18:23
Mbahhh kimkaray ol men barada yazylmandyr atuw
Aýnur
12 ноя 2021, 18:26
Hakyky soygi yok.Azara galyp otyrman soyup....
#динара.
Автор 12 ноя 2021, 18:47
pully Biohimik.,
#динара.
Автор 12 ноя 2021, 19:00
Belki yazandyr....Biohimik.,
Biohimik
12 ноя 2021, 19:07
Цитата: Miss_minnosh
Belki yazandyr....Biohimik.,

Yok basga yigit barada yazypdyra
Aýnur
12 ноя 2021, 19:09
Biohimik.,
Oç diyen sana
Biohimik
12 ноя 2021, 19:51
Цитата: Mona Songz
Biohimik.,
Oç diyen sana

Way tobaaaaaaa (oba ses berip gygyryan smaylik) atuw