Dost agyr gunuñde gerek......

Hakyky dost adama gamly günde ýardam berip, eseldip biler, ýasama dost hyýanat edip, peseldip biler. Ýakyn adamyň her bir ýerlikli sözi melhem bolup, gamly ýüregi köşeşdirýär. Beýik şahyr Magtymguly öz döredijiliginiň belli bir bölegini ynsan gatnaşygy baradaky tema bagyşlapdyr. Hoş günüňde hoşlaşyban gezmäge, Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy. Gamly günüň, galmagalyň üstünde Gardaş ýagşy, dogan ýagşy, zat ýagşy. Dostluk diňe kyn günde däl, ol adaty günlerde hem halypa hökmünde seni terbiýeleýär. Adam öz häsiýetindäki, aň-düşünjesindäki ýetmez ýerlerini dostundan alan görüm göreldesi bilen doldurýar. «Gawun gawundan reňk alar» diýlişi ýaly, dost dostuň häsiýetiniň üstüni ýetirýär. Çeper edebiýatda, kino sungatynda dostluk meselesi eseriň esasy özenini düzýär. Hiç wagt könelmejek dostluk temasy bütin şygryýetimiziň, kyssa eserlerimiziňbezegi bolup, ol okyjyda ýoldaşyňa wepaly bolmak, onuň gadyryny bilmek ýaly oňat häsiýetleri oýarýar. Adam durmuşda bilip ýa-da bilmän ýalňyşlyk goýberýär. Şonda ýalňyşyňy, aýbyňy ýüzüňe aýdyp bilen dostuňdan gaty görmän, gaýtam, ony hakyky dost hasaplamaly.

Il arasynda «Dost dostuň aýbyny ýüzüne aýdar» diýen pähimiň bardygyny ýatlap durmaly. Ol seniň göwnüňe degmezlik üçin, ýalňyşyňy aýtmanam biler, emma wagtynda biri duýdurmasa, onda-da janköýer dostuň bu barada dymsa, ol ýalňyşy seniň ýene-de gaýtalamagyň mümkin. Soň ol ýalňyşlyklar endige öwrülip, uzagyndan hukuk jenaýatlaryna ýazmagy-da daş däldir. Ynha, synpda algebra dersinden barlag işi geçirilýär. Sen meseläni derrew işläp bolýarsyň, emma dostuň bolup oturyşyny göreniňde, onuň kynçylyk çekýändigini görýärsiň. Ol senden goldaw isleýär. Bu ýagdaýda sen nähili hereket etmeli. Dostuňa «kömek» edip, oňa meseläni işläp bermelimi ýa-da öz güýjüňe daýan diýmelimi? Kömek etmeseň, dostuň gaty görjek, göçürtseň, dostuň galp baha aljak. Geljekde-detaýýar aşyň eýesi bolup, elmydama süýrege mätäç bolup galmagy mümkin. Diýmek, iki çykgyt hem oňlanylýan netije däl. Bu ýerde üçünji ýol gerek. Ol bolsa, dostlugyň hakyky bolsa, oňa öz wagtynda meseläni işlemegiň düzgünlerini öwrenmäge kömek etmeli. Şu soňky ýoly saýlan dostlar hakyky dostlardyr.[quote][/quote]
2 лайков 209 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Merjen
16 ноя 2021, 21:16
like mom manada hakyky dost gerek yone tapamok
Aýnur
Автор 16 ноя 2021, 21:23
Medine_Atayeva,
Men bara gulum....
sapaly
16 ноя 2021, 22:06
na dost ine agyr gununde gerekmi begencli gunde dost gerekdal haa
Merjen
16 ноя 2021, 22:50
Mona Songz,
sen men momyma
Döwlet Şöhradow
16 ноя 2021, 23:21
Dogry zatlar...su temany menem gurrun beripdim+
Dost arasyny söz bozar,
ýer-ýurdy – suw.