Edep.....

Çagalaryň özboluşly dünýäsi, üýtgeşik häsiýetleri, ajaýyp arzuw-islegleri bolýar. Çaga ýüregi galplygy, aldawçylygy, nähak göwne degilmäni, sögünmäni halanok. Ol hoşniýetli, adalatly, ýüreginiň üstünden ýalaňaç ýöremegi başarýan belent adamkärçilikli adamlary gowy görýär. Körpe bilen iş salyşjagyň çynyň bolsa, onda olaryň içki dünýäsine hökman aralaşmagy, her bir zada çagalaryň gözi bilen seretmegi, çemeleşmegi olaryň hörpünden turmagy başarmaly.

Obanyň ýetginjekleri gijelerine topar-topar bolup, köçäniň çatryklarynda gybat edişip, çilim çekişip, nas atyşyp oturmagy çykardylar. Daşyndan synlasaň, özara söhbetdeşlik, dynç alyşlyk ýaly. Şol bir ýagdaý köp gaýtalansa, bir zadyň üstünden baryljakdygy belli. Soňabaka obada ownuk ogurlyklar, gijelerine ýakymsyz sesler edişip, gygyryşýanlar ýüze çykyp başlady. Birbada olaryň towugyna tok diýilýän tapylmasa-da, obada erbetlik köpeldigiçe gahar-gazaba münenler, birek-biregiň göwnüne degenler, ýakalaşanlar tapyldy. Netijede oglanlar barha gylaw aldylar.

Ahyry bu işe obanyň 3-4 sany atly-abraýly ýaşulusy goşuldy. Olar garaňkylykda çilim çekişip, nas atyşyp, bolar-bolmaz gybat edişip, oturan oglanlaryň ýanyna bardylar:

— Salam, oglanlar!

Olar biri-biriniň ýüzüne geň galyşyp seredişdiler-de:

— Salawmaleýkim — diýşip ýerli-ýerden salam berdiler. Ýaşulular olaryň salamyny alyp, ýeke-ýekeden elleşip çykdylar. Soňra ýaşulularyň biri mylaýymlyk bilen oglanlara ýüzlendi.

— Dynç alýaňyzmy? Dogry edýärsiňiz. Bizem ýaş wagtymyz gijelerine oturmagy, erteki aýdyşmagy, oýnamagy gowy görerdik. Siziň agzybirligiňizi, adamkärçiligiňizi görüp begendik. Bize-de siziň ýaly akylly, edepli oglanlar gerek. Habaryňyz bardyr, obamyzda ýaramaz ýagdaýlar, ogurlyklar ýüze çykyp başlady. Munuň soňunyň erbetlik bilen gutarmagy mümkin. Beýle ýagdaý biziň obamyzyň abraýyna däl. Gijelerine biwagt köçelerde oturmak, gezmek gelşiksiz. Obamyzyň asudalygy size bagly. Bize siziň kömegiňiz gerek. Gaýrat ediň, oglanlar! Obamyzyň abraýyny goralyň!

Oglanlar maslahaty baş atyşyp, duýgudaşlyk bilen diňlediler. Olar ýaşulularyň pikiri bilen ylalaşdylar. Olardan gaty-gaýrym görmediler, sebäbi ýaşulular oglanlara haýbat atmadylar, sögmediler, gödek gürleşmediler. Çagalaryň hoşniýetlilik bilen hörpünden turup, uguny ýekeläp, mylaýym, hoşamaý gürleşdiler. Ýaşulularyňam, oglanlaryňam keýpi bozulmady. Aslynda işiň netijesem oňat boldy.

Şu hasiyet gynansakda her bir masgaladaky oglanlarda bar....
5 лайков 132 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
16 ноя 2021, 23:33
+Hakyky bolyan zatlar yone beydip owut nesihat 1000 gezek aydanynda-da duzelmeyarler sebabi bir baslan endigini taslap bilenoklar.
"Çagany – ýaşdan, edebi – başdan" diyilsi yaly esasy terbiye ene-ata bagly, kop oglanlar bar agsam oyunden bahana bilen cykyp gityarler, ene-atanyn bolsa edyan zatlaryndan habarsyz, men ozumem yolda yzda goryan ka wagt "narkoman" oglanlary...ozlerine gelismejek hereketler edyarler...sonky wagtlar arassa oglan gaty seyrek...
yekeje
19 ноя 2021, 14:37
dogry yone norm gezip yoren oglanlaram barmykayyn diyyan