JENNET GUŞUNYŇ “ÝYLGYRYŞY”

Awstraliýada ýaşaýan jennet guşlary özüniň owadanlygy, täsinligi, özüneçekijiligi bilen tapawutlanyp, görenleri haýran edýär. Täze Gwineýa adasynda duşýan ajaýyp jennet guşunyň jübütleşmek hadysasy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ol jübütleşmek üçin tokaýda ilki ýer saýlaýar, ol ýerde ene guşlara garaşýar, wagtal-wagtal “çakylyk” seslerini edýär.

Ene guş peýda bolanda üýtgeşik herekete geçýär, ganatlaryny bukýar, öň tarapdaky ýeleklerini bolsa ýaýýar, dodagynyň ýokarsyndaky iki sany monjuk şekilli reňkli ýelek bolsa, öň tarapdan seredeniňde özboluşly gözi emele getirýär. Netijede, ol asla guş ýaly hem görünmeýär, özboluşly “ýylgyryşy” ýada salýan keşbe eýe bolýär. Ýagny, olaryň döşünde metal ýalpyldyly reňkli gaty ýelekleri bolup, olar açylan wagty jennet guşuna özboluşly keşbi berýär. Bu täsin guşuň birnäçe sekunduň dowamynda beýle özgerişe nädip eýe bolýandygy örän gyzykly hem-de täsirli ýagdaýdyr.

Ilkinji gezek tebigatda ajaýyp jennet guşunyň jübütleşme hadysasyny 1988-nji ýylda ýazylyp beýan edildi. Ajaýyp jennet guşunyň başga-da birnäçe görnüşleri bolup, olaryň bu jübütleşme hadysasyndaky emele getirýän özboluşly keşbi olaryň häsiýetli aýratynlygynyň hem-de täsinliginiň diňe biridir.
13 лайков 114 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perishdejik
16 авг 2021, 10:24
like