JENNET MELEGIM

Mähriban ejem sen jennet melegim,
Başym sypan elleriñde gudrat bar.
Altyndan hem has gymmatly ýüregiñ,
Aýagyñ astynda baky jennet bar.

Sen bar wagtyñ gelse gelsin dertlerim,
Käbäm ejem gujagyñda medet bar.
Bagta döner gussa batan gözlerim,
Ýylgyr sen ýüzüñde nurly jennet bar.

Garşy gelse bütindünýä üstüme,
Dogruçyl bolsañ-da ýalan töhmet bar.
Geljegimiñ bagtyn özünde jemläp,
Hüwdüleriñ owazynda jennet bar.

Gerek däl,
ejemjan sensiz baýlygym.
Bu dünýäde ýaşamagma sebäpkär.
Janyndan jan beren meniñ barlygym,
Mähri kalba siñen keşpde jennet bar.

Senden daşda, üzňe galan mahalym,
Göýä gursagymda goja boşluk bar.
Ejem barka ýaza döner jahanym,
Müñde kerem ak süýdüñe minnetdar.
Aýagyñ astynda baky jennet bar.

Awtory: Jemşit Hajymämmedow
1 лайков 401 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Edepli Gödek
22 мар 2023, 00:58
Ejeleriň aýagynyň astynda jennet bar diýlen jümlä nähili düşünýäňiz aýdyp berip bilermisiňiz?
Poems
Автор 22 мар 2023, 01:01
_Bayat,
Mukaddes Käbelermiziñ her basan yzynda Jennetiñ nury barmyka diyyan, sebabi shun dunyade her ynsanyñ omrune kalbyna in yaky ejelermizdir, yone yerden Mukaddes Käbä denelyan daldir. Bize yeke Jennet bagtyny bermegi basharyan ynsan
Edepli Gödek
22 мар 2023, 01:04
Jemsitpoet,
Bolýa jogabyňyz kanagatlanarly. Ýöne bu meňzetmäni sizden öňem ençeler ençeläp ýazypdyr siz başgarak meňzetme almaklyga ymtylsaňyz has gowy bolmazdymy? (Meň pikirmçä bolardy)
Pegas
22 мар 2023, 01:47
Ejeler gowy goşga mynasyp.
Aksary
22 мар 2023, 08:43
Men ejä bagyşlanyp ,ýüzlenip yazylan oñatgoşgyñ yekejesine gabat geldim ya basgasyna dusamok .olam Ogulnur Atayewañ"ejem eken " gosgusy bolmaly.
Poems
Автор 22 мар 2023, 09:59
Aksary.,
Oñaranyñ ogly bolsun
Kerbaba
22 мар 2023, 10:04
Менин,,Эже' хакында ин халан сетирлерим: -Öñūñde baş egýän,eý beýik alym. Beýik alym saña bar sowalym. Ýeriñ çekiş gūýjimi?,enäniñ mähri?Haýsysy gūýçlidir, etmezmiñ mälim? -Alym bolup kän kitaby sermedim. Şondan özge zada ūnsūm bölmedim. Çägin tapdyk ýeriñ çekiş gūýjiniñ, Enäniñ mähriniñ çägin tapmadym. Авторы Мамет Сейидов.
Aksary
22 мар 2023, 10:07
Jemsitpoet
Aksary.,
Oñaranyñ ogly bolsun

Jemşit, awtoryna garamazdan okan goşgyma pikirimi erkin görnüşde yazyan.gaytalap aytyan AWTORYNA GARAMAZDANdyr.

Sebabi gecinem goyunam öz ayagyndan asyarlar.ýöne atwet berip duran bolduñyzla
Aksary
22 мар 2023, 10:08

22 мар 2023, 10:10
Jemşit, awtoryna garamazdan okan goşgyma pikirimi erkin görnüşde yazyan.gaytalap aytyan AWTORYNA GARAMAZDANdyr.

Sebabi gecinem goyunam öz ayagyndan asyarlar.ýöne atwet berip duran bolduñyzla
Aksary
22 мар 2023, 10:21
Rigel
Aksary.,
Boldy köşeş dogan

Şagirt halypadan ozdurmasa kär yiter

Bu awtoryñ halypasyny bilmek gerek.sebabi hemmelere gaytargy beryar ahyry.pikir aytmak erkindirä.gowsak bolsa gowsaklygyny aytmagyñ ayby yokdura.ya men yaĺnysyanmy.sony boş öwgi bilen galkyndyrjak bolmagymyñ haýry nämede
Poems
Автор 22 мар 2023, 14:07
Aksary.,
Oran dogry aytyanyz, hic hili halypa yok. Halypasyz sheyle goshgylary yazyanda, bar bolsa has ussatlarca yazardym
Mümkin
22 мар 2023, 21:09
Aksary, Kakamyradyñ eje hakyndaky "Men soñ añdym" goşgusy gowy dälmi?
Edepli Gödek
22 мар 2023, 21:35
Jemsitpoet,
Jemsitpoet
Aksary.,
Oran dogry aytyanyz, hic hili halypa yok. Halypasyz sheyle goshgylary yazyanda, bar bolsa has ussatlarca yazardym

Halypañ bolsa ussatlarça ýazarmydyň ýazmazmydyň ony-ha bilemok. Ýöne bir zady bilýän halypaň bolaýanda şeýle goşgylaryňy okap berip o halypaňy ýere ýazjagyňy-a bilýän anyk.
Aksary
22 мар 2023, 21:40
Mümkin
Aksary, Kakamyradyñ eje hakyndaky "Men soñ añdym" goşgusy gowy dälmi?

Üns bermedik bolaymasam.Mendakilerde barmy şo goşgy?
Gerceknazar
22 мар 2023, 22:02
Aksary.
Men ejä bagyşlanyp ,ýüzlenip yazylan oñatgoşgyñ yekejesine gabat geldim ya basgasyna dusamok .olam Ogulnur Atayewañ"ejem eken " gosgusy bolmaly.

Ejä bagyşlanyp düzülen goşgylar juda kän. Kän kitap okamok diýde boýnyňa alaý
Gerceknazar
22 мар 2023, 22:04
_Bayat
Ejeleriň aýagynyň astynda jennet bar diýlen jümlä nähili düşünýäňiz aýdyp berip bilermisiňiz?

"Jennet ejeňiziň aýagynyň aşagyndadyr" diýipdir Muhammet pygambermiz. (s.a.w)
Venus
22 мар 2023, 22:50
Jemsitpoet,
Aksary.,
Oran dogry aytyanyz, hic hili halypa yok. Halypasyz sheyle goshgylary yazyanda, bar bolsa has ussatlarca yazardym

"Şeýle goşgulary" -? Hany goşgy? Nirde goşgy? Şeýle goşgy bolanda nähili goşgy?
Gowy goşgy ýazmak üçin Halypa gerekmi, eýsem?! Gaýrat et, muny ýazan-a sen, okanam biz bolaly. Başga ýerde diýmäweri...
Aksary
22 мар 2023, 23:14
Gerceknazar
Aksary.
Men ejä bagyşlanyp ,ýüzlenip yazylan oñatgoşgyñ yekejesine gabat geldim ya basgasyna dusamok .olam Ogulnur Atayewañ"ejem eken " gosgusy bolmaly.

Ejä bagyşlanyp düzülen goşgylar juda kän. Kän kitap okamok diýde boýnyňa alaý

Yokarkylary okañda azajyk seljerseñiz agam.

Eje hakynda gosgy kan.gowsy gerek gowsy