Meni Jennet sary äkit Ýoldaşym!

Meni jennet sary äkitgin begim.
Bagtyma söz tapman, dymsyn hüýrler hem.
Iki dünýe söýüñ, agyrtman kalbym,
Şükür bilen öwsün perişdelerem.

Meni Jennet sary äkit Ýoldaşym!
Dünýe üçin namaz bolmasyn kaza.
Öwrediň Kurany, kalbym nurlansyn,
Hergiz jähennemde almaýyn jeza..

Maña Jennet hakda aýtgyn Ýoldaşym!
Kynçylygy ýeňip, bile her daýym,
Allaha sygynyp, egip bu başym
Mydam señ yzyñdan sejdä duraýyn.


Meni dowzah ýoldan sakla Soltanym,
Ýok, ýok gowrulmasyn otda bu tenim.
Mydam Allah üçin söýüñ bu kalbym,
Bizi Alla söýsün, şol meniñ bagtym.


Meni Jennetde hem çalyşmañ asla,
Hiç hili owadan- gözel gyzlaryna.
Çünki men hem asla çalyşman sizi
Geçiji dünýäniñ gyzgalaňyna.


Bizi Allah Jennet bilen ýalkasyn...
Galsyn yzymyzda salyh perzentler,
Öwrediñ olara namaz, Kurany
Çünki ahyretiñ rehmeti olar.


Meni Jennet sary äkit ýanyňda,
Hiç duýmaýyn aýralygyň ynjysyn.
Begim iki dünýe meň bilen galgyn
Goý, ýüregim seniň bilen dynç alsyn.

A.R.
8 лайков 205 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
16 сен 2022, 03:03
Gowy gosgy no comment
Rabiya
Автор 16 сен 2022, 14:28
Hemedany,
Ämin ejmagyn