Melekleriñ pysyrdysy--Hydyr ata

Ozalyýetinde durmuş şeýle gurnalan eken: nämä garaşsaň, nämäni gözleseň, nähili pikirlere hemra bolsaň, öňüňden şol çykýar. Bir maksady ýüregiňe düwüp, mümkin boldugyndan ugrunda yhlas etseň, ýüze çykýan sebäplere, pursatlara we mümkinçiliklere daýansaň, hökman arzuwyňa gowuşjakdygyň nygtalýar. Çünki dünýäni görmek islegindäki Zülkarneýn hem şeýle sebäplere ýapyşyp, yzyna eýerip, zeminiň iki künjüne ýetmegi başarypdyr. Arzuwlara çäklendirme girizmeli däl. Näçe köp gazanasymyz gelse, şol mukdarda haýyrly, bol we beýik isleglere ýapyşmaly.

Adamyň ömür boýy ýanyndan aýrylmaýan arzuwlarynyň biri — Hydyr atany görmek. Çagalykdan aňymyza ornan düşünjeler haýyr paýlaýan we ak pata berýän Hydyr ataly kyssalara şeýle bir höwrügipdir, ömrüň haýsy menzilinden barýandygyňa garamazdan, ol elmydama şol arzyly islegligine hem saklanýar. Ýöne, täsin ýeri biz Hydyr ata, aglaba wagt, diňe gadyr gijesinde garaşýarys. Hawa, şol gadyr gijesinde asmandan inýän lek-lek perişdelere ýa-da Hydyr ata duşmak islegi we mümkinçiligi örän ýokary. Olaryň arzuwynda uzyn gijäni ukusyz oturýanymyz we garaşyp ötürýänimiz az däl. Onsoňam, göräýsegem, bu wakany hiç kime aýtmaýarys ahyry, sebäbi beýle zatlary aýdyp ýörmeli dälmişin diýen sözlerden gulaklarymyz ganypdyr. Ýöne, geň ýeri aýdylmaly däl şeýle hakykatlaryň kyssasy hemmä mälim. Taryhy çeşmelerde, gadymy eserlerde melekleriň ýa-da hut Hydyr atanyň ynsanlara edýän kömekleri dogrusynda müňlerçe kelam bar. Olaryň dürli sypatda, dürli şekilde, ýada-oýa düşmeýän, hyýala gelmeýän keşpde peýda bolýandygy ýaňzydylýar. Ýol salgy berşi, ak pata berşi, kömek ýa-da halas edişi… sanardan kän. Eýsem, Hydyr ata haçan gelýär? Ýogsamam, siz ömrüňizde şeýle meleklere ýa-da Hydyr ata duşduňyzmy? Ýanyňyzda peýda bolandygyny, hut siziň diňlemeli sözleriňizi size ýetirendigini duýduňyzmy? Siz olar nähili keşpde peýda bolar öýtdüňiz? Siz şeýle meleklere, Hydyr ata hökman duşansyňyz, bu anyk, ýöne bu hakykatlary hiç kime aýtmajak bolup, içiňizde saklap ýören bolmaly.
3 лайков 342 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
17 ноя 2021, 14:57
Yene 7 yyldan aydarn #diyen bolayynmy)
ESSALAMUNALEÝKUM
17 ноя 2021, 21:04
hydr atany görendrn öýdemok ýöne göresim gelýä