konkurs üçin $4
Gadyr gijesi
C1RJ73PUMlM86BeX.jpgPreviousNext
Oraza aýynyň içinde sogaply gije hasaplanylýan gije Gadyr gijesi hasaplanylýar. Aýatlarda Gurhany Kerim Gadyr gijesinde inderilendigi, onuň müň aýdan haýyrlydygy, Jebraýyl perişdäniň we beýleki perişdeleriň Allatagallanyň rugsat bermegi bilen Ýere inýändigi we şol gije bereket, aman-esenlik, saglyk we salamatlyk boljakdygy barada aýdylýar.
Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam hadyslarynyň birinde Gadyr gijesi barada şeýle diýýär: “Kim ynanyp we sogabyny Alladan umyt edip Gadyr gijesinde ybadat etse, eden günäleri bagyşlanar”.
Gadyr gijesiniň haýsy gijedigi gizlindir, syrlydyr. Ony Oraza aýynda soňky 10 günüň gijelerinden gözlemelidigini barada Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam: “Gadyr gijesini Remezan aýynyň soňky on günleriniň täk gijelerinden gözläň” diýýär.
Gadyr gijesiniň gizlin saklanylmagynyň ähmiýeti, bu gijäni tagat-ybadat bilen geçirip, sogap gazanmakdyr. Ata-babalarymyz Gadyr gijesi barada aýdyp: “Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil” diýipdirler.
Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçýän gijesi, Gadyr gijesi hökmünde kabul edilip ykrar edilipdir. Gadyr gijesinde, kaza we nepil namazyny okamak sagaplydyr. Bu nepil namazyny iki rekagatdan başlap, isledigiňçe okamagyň sogaby uludyr. Gadyr gijesinde okaljak nepil namazyň her rekagatynda “Elhamdan” soň bir “Gadyr”, üç “Kulhuwalla” süreleri okalýar. “Gadyr” soň üç “Kulhuwalla” süresini okamaly.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.