Adam

Täzeçe bir many aldy köp zatlar,
Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy.
Bir ömürde meniň gören gudratym:
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.

Adam adama dost diýlen sözlere
Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi,
Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly,
Ýöne welin, adam çylşyrymlaşdy.

Dogry, şindem onuň şol öňki ady,
Dogry, şindem onuň şol öňki keşbi.
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.

Ol juda kän zada akyl ýetirip,
Öz-özünden başga bir syry açdy...
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.

Baýaky aý, ýyllar sogup barşyna
Zamana täze bir akyma geçdi.
Bähbitlisi bolsun — aýdylyşy ýaly —
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.

3 лайков 105 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ESSALAMUNALEÝKUM
20 ноя 2021, 10:15
gowy goşgy eken like