ITLERE MAHSUS HÄSIÝET(bähh...)

Adamlaryň biri tanymal akyldary, abraýly piri öýüne zyýapata çagyrypdyr. Akyldar olaryň gapysyna ýetiberende, öý eýesi daş
çykypdyr-da: «Hormatly pirimiz, bu gün sizi hezzetläre hiç ýüzümiz
ýokdur! Soň bir gün gaýtadan çakylyk ýollarys» diýipdir. Pir hiç zat
bolmadyk ýaly yzyna dolanypdyr. Öýüne gelip ornaşan badyna ýaňky
adam piri ýene öýüne çagyrypdyr. Naharyň taýyn bolandygyny, gelibermelidigini aýdypdyr. Pir bu gezegem onuň haýyşyny bitiripdir,
zyýapata ugrapdyr, ýöne ýene-de öňki ýagdaý gaýtalanypdyr. Her
gezek çagyrylan öýe ýetiberende, öý eýesi heniz taýyn däldigini
mälim edip, akyldary yzyna gaýtaryp durupdyr. Bu ýagdaý dört gezek
gaýtalanypdyr. Pir bolsa öýüne gidip, çagyrylsa, gelip durupdyr. Ahyry öý eýesi pire ýüzlenip: «Hormatly pir, aperin saňa, şeýtmek bilen
seniň sabyr-takatyňy hem-de öz häsiýetleriňe durnuklydygyňy synamak isledim. Tüweleme, siz örän beýik adam ekeniňiz» diýip, ilki
ötünç sorapdyr, soňra bolsa piri öwmäge durupdyr. Pir bu sözlere gabagyny galdyrman, ýerden nazaryny sowman durşuna: «Itlere mahsus
häsiýetiň barlygy üçin meni öwüp oturmaň. Çagyrylanda gelip, kowlanda gitmek itlere laýyk gylykdyr, adama mahsus däldir» diýipdir.
2 лайков 120 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
NEMOO
27 ноя 2021, 22:18
bah bugunler vagt tapanok diyan belin tymsalar durler dunyasini okapsyn oytyan