SADAKA (manyly)

Gadym döwürlerde biz ýaly bir adam bolupdyr. Dogry ol bize
garanyňda has akyllydyr, ýöne edýän hereketleri biziňkä çalymdaş
bolansoň, özümiz ýaly biri göz öňüňe geläýýär. Ol ýiten-ýitiren zadyny, azaşan malyny her gezek Hudaýyň ýoluna sadaka aýdar eken.
Günler aşyp, nesibesi dartyp, ýene-de şol zadyny tapaýsa, gözüni
dikip oturan zady alnyna gelen ýaly guwana-guwana garbap alar eken.
Ana onsoň bir gün bu bendäniň kazasy dolýar. Perişdeler ony alyp
gidip, jennetiň gapysyndan jykladýarlar «Ine, şu jennet» diýip, onuň
bäri gyrasyndan bir künjüni görkezýärler. Ol adam jennetiň gyrasyny
görenine monça bolýar, tamakinlik bilen aňyrlaryna göz aýlaýar. Şol
pursat perişdeler ony dowzaha süýräp başlaýarlar. Ol bende rejäniň
gowy däldigini duýýar. «Saklanyň, meni nirä alyp barýaňyz? Men
Hudaýyň ýoluna günde-günaşa sadaka aýdýardym. Heý-de şolaryň
sogaby bilen jennetiň töründen orun tapyp bilmerinmi?» diýip
soraýar. Perişdeler oňa: «Hawa, sen öz ýitiren zadyňy, iýdiren hakyňy
Hudaýyň ýoluna sadaka aýdýardyň. Soňam, tapan wagtyň ony yzyna
alýardyň. Entegem Allatagala saňa geçirimlilik etdi. Şoňa görä-de
393
biz aýdan sadakalaryň üçin-ä jennetiň gapysyndan jyklatdyk, soňra
olary yzyna alandygyň üçin hem, seni yzyňa-dowzaha alyp barýarys»
diýipdirler.
3 лайков 118 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
NEMOO
27 ноя 2021, 22:20
senden ovrenere zat kan tuveleme