Sadaka hakynda.

Sadaka 70derwezeden gelýän belany beklär. Sadaka 4 görnüşdir; 1-nji görnüş sadaka-birine 10sogap bar bolan sadaka. 2-nji görnüş sadaka-birine 700sogap bar bolan sadaka. 3- nji görnüş sadaka-birine 900sogap bar bolan sadaka. 4-nji görnüş sadaka-birine 7000sogap bar bolan sadaka. Bu görnüş sadakalaryň birinjisi garyplara berlen sadaka, ikinjisi garyp garyndaşlara berlen sadaka, üçünjisi doganlaryna berlen sadaka, dördülenjisi alyma we ylym talybyna berlen sadaka.
Pygamber aleýhissalam şeýle diýipdir:"Men Magraja baramda Jennetiň derwezesine ýazylan şeýle haty gördüm "Sadaka berseň, birine on sogap berler we karz berseň, birine on sekiz sogap berler"
9 лайков 188 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Suleyman
18 фев 2022, 16:48
Herne berseň eliň bilen,
Olam gider seniň bilen.
Suleyman
18 фев 2022, 16:53
Pygamber aleýhissalam şeýle diýipdir:"Men Magraja baramda Jennetiň derwezesine ýazylan şeýle haty gördüm "Sadaka berseň, birine on sogap berler we karz berseň, birine on sekiz sogap berler"



Alymlar şuny şeýle teswirleýär:
Sadaka her kime gitmegi mümkin, emma karz hakykatdanam mätäç adama gidýär. Şonuň üçin karz berýäniň adamyň sogaby ýokary bolýar.
Karz beren adam tää karzy yzyna gelýänçä her gün şol mukdarda sadaka bereniň sogabyny alýar.

Ymam Ahmet doga edende "Allahym men derejeli, döwletli adam et. Çünki dileg salyp gelýäleri boş göýbermäne şeýlebir utanýan" diýer ekeni..
Maksat
Автор 18 фев 2022, 17:41
Pygamber aleýhissalam:"Bir adam sag wagty bir teňňe sadaka berse özüne ölenden soň ýüz tylla berenlerinden ýagşydyr" diýipdir.
Mechta
18 фев 2022, 18:47
Allah razy bolsun sagbolun paylasanynyza
Gulicka
19 фев 2022, 13:13
6Nyju layk menden Gowy sogap gazandym Karz berip